sahyrlar_we_men
16.12.2022 22:02
ZAMANY DIÑLE!

Diñlemäge mysh köpeldi jahanda,
Myshy däl dañ turup, azany diñle.
Dili duzsuz adam mydam gapanda,
Sözi geljegmize UZANY DIÑLE!

Bu ömür kerwendir gelerde, geçer,
Gün kimin dogarda, kül kimin öçer.
Geçilen menzilleñ sogabyn ölçer,
Özgäni diñleyän YZANY DIÑLE!

Görkezip dostuna nädogry ugry,
Durmushdan iydirdi undulmaz urgy.
Payhassyz gardashyñ derdinden görgi,
Görenden, payhasly YYLANY DIÑLE!

Mertler öz agrysyn duymayan eken,
Mertler lebisizden dänmeyän eken.
Olar ölse dasham aglayan eken,
Pederlerden galan GALANY DIÑLE!

Erkek murtuny däl, syrtyn towlady,
Adam bilen bile, aydym ownady.
Hernä dutar doly yüzün sowmady,
Sungat görseñ KADYR AMANY DIÑLE!

Boyag çaldy, Kirpik dakdy, gash dakdy,
Kanagaty yetmän döshe dösh dakdy.
Durmush gurdy ol törde kän dish dakdy,
Bagtyñ üçin näzli ZYBANY DIÑLE!

Her telpekli akylly däl, alym däl,
Baylañ bary rehimsize däl, zalym däl,
Geñeshli gerçekde hijem ashmaz päl,
Babany, käbäni, obany DIÑLE!

Dünyäni düñderyär ynsanyñ päli,
Bigünäler ölyär, ölmeyän yaly.
Türkmen sen bir duyma beyle gowgany,
BAGTYYAR BAGTLY ZAMANY DIÑLE!

KERIM HALLYYEW
13
98
sahyrlar_we_men
15.12.2022 21:35
Gözümiñ gögi ayrylan badyna yene Maysa hakda gosgy paylasmagy makul bildim (oñarypdyrynmy?😁😂🤓)

EJE MAÑA MAYSA GYZY ALYP BER!

Oba gyzlaryndan bir shony söydüm,
Eje maña Maysa gyzy alyp ber?!
Oña "Hökman seni alaryn" diydim,
Eje maña Maysa gyzy alyp ber?!

Seret eje ondan tapmarsyñ kemi,
Uzyn saç, gara göz, ap-akja teni.
Beyhush etdi meni shonuñ edebi,
Eje maña Maysa gyzy alyp ber?!

Göwnüme yaranok seniñ saylanyñ,
Shol yeñil gyzymy Meñli dayzanyñ?
(Men suwun islämok, döwük küyzäniñ)
Eje maña Maysa gyzy alyp ber?!

Indem yapyshdyñ sen dükançy gyza,
Öñem çökerdi ol köp yigdi dyza.
Bujagaz bet pälden dolanyp yza,
Eje maña Maysa gyzy alyp ber?!

Arçynyñ gyzyna guda bolupsyñ,
Jinsyda yörenin özüñ görüpsiñ.
Meñ saylan gyzyma göwün berip sen,
Eje maña Maysa gyzy alyp ber?!

Söz gatypsyñ korateys gyz Zülfiya,
Salam diyseñ olam diyipdir "Kia"
Ony alsam hanlyk eder how öye,
Eje maña Maysa gyzy alyp ber?!

Gyzlaryñ shasydyr saylap söyenim,
Iki diydirenok yeke diyenim.
Özi dikyä göräy, ähli geyenin,
Eje maña Maysa gyzy alyp ber?!

Söymedigni alyp, yanyp yör Hommat,
Heleyinden oña yetenok hormat.
Senem bu zatlary añyña ornat,
Eje maña Maysa gyzy alyp ber?!

Eje maña seret, ana güldüñä,
Alyp beryäñ gerek,
Ine bildimä.
Men saña yalbaryp goshgy düzdümä,
"EJE MAÑA MAYSA GYZY ALYP BER?!"

2013

Kerim Hallyyew
16
139
sahyrlar_we_men
14.12.2022 19:35
GÖRE$ ARENASYNDA

Döshünde medaly, baydaga bakyp,
Pyshyrdap, gimnini aydyp dur pälwan.
Äpet göwresinde, agras serinde,
Tüys türkmene mahsus, kiçijek päl bar.

Yok, ol gygyranok, "men deñsiz" diyip,
Yogsa taysyz boldy, öz agramyndan.
Gözün yasha gaplap, gimn aydyp dur,
Dolup dur buysanjy oñ damagynda.

Diyyärler "Aglamaz hiç haçan erkek!"
Diyyärler "Aglamak gelishmez merde"
Yöne nämüçindir has mert görkezyär,
Göz yashy pälwany, edil shu yerde.

Kerim Hallyyew

14
46
sahyrlar_we_men
13.12.2022 21:32
TABYT

Geñ yeri uçaram, raketa-da däl,
Mersedesem däl sen,
Däl sen Hyundayam.
Emma deñ hukukly münüp, düsherler,
Ömür deñleshmedik garybam, bayam.

Deñlesher mashynly, pyyada bary,
Giderler üstüñde, gitmän bilmezler.
Bilerler deñligiñ ajap zatdygyn,
Soñ, bu nä deñ dünyä gaydyp gelmezler.

Kerim Hallyyew
13
57
sahyrlar_we_men
12.12.2022 21:40
TOYDA

(DEGISME)

Maysa seni ilki toyda görüpdim,
Edil tüweley dey hyzmat edyârdiñ.
Alçaklygyñ bilen gözelligiñe,
Ähli yigitleriñ gözi gidyärdi.

Men bolsa bir çetde gabanyp seni,
"Besdir indi Maysa!" diyäyjek bolyan.
Saña ashyklaryñ dayawja biri,
Gözi bilen meni iyäyjek bolya.

Bir garyshdan yogyn däldirem biliñ,
Göz öñüme geldi guçup duranym.
Gyrmyzy dodakdan mylayym ogshap,
Ganatly asmana uçup duranym.

Arzuwlardan meni oyardy dostlam:
-çykyp tost aytmaly Kerimjan oyan!
Mikrofony alyp bilmänem galdym,
Diyenimi:
"Maysa men seni söyyän"

Gutlag sözün söygi sözüne çalshyp,
Gögeren gözlerim açyldy öyde.
Emma ajap yeri indiki boljak,
Toyuñ biçimjigi biçildi toyda.

2015

Kerim Hallyyew
21
105
sahyrlar_we_men
11.12.2022 21:23
Rubagylar (POST 2)

Yamandan, yagshyny döredip bolmaz,
Alymam garany, ak edip bilmez!
Dünyäniñ yüzünde bir hakykat bar,
Eshek bolup doglan, at bolup ölmez.

***

Jakgyldap gülüshiñ bilbiliñ heñi,
Görküñ artykmaç däl, ter gülüñ deñi.
Hush bolup bilmesem, düyshüñ bolayyn,
Gijeler oyanman görgüniñ meni.

***

Per-yeleksiz bormy, gushuñ zynaty,
Açyk ten görklärmi gyzyñ syratyn?
Musulmançylygy goramak gerek,
Yewropa neyledi modañ halatyñ...

***

Yaz yash shahyr hayda, galamyñ yiti,
Yazmak öwrenilyän kär däl ahbetin...
Ylhamyñ galam dek, yitelen çagy,
Bolyan däldir kütelmeklik möhleti...

Kerim Hallyyew
14
41
sahyrlar_we_men
10.12.2022 22:20
Rubagylar (POST 1)

Bashyma gonanda ylham humary,
Kelleden ayyryp derdi, dumany.
Käsesinden sherap dadyp Hayyamyñ,
"Gel yazyp göreyin" diydim rubagy.

***

Dagdan bir dash alsañ, asla peselmez,
Daga bir dash goysañ, asla eselmez.
Dünyä geleninde ryskly geleniñ,
Tä mundan gityänçä rysky kesilmez.

***

Bashyma uranda yshkyñ heseri,
Aydym aytdym, düzdüm yüzläp eseri.
Hatda janymyda dözdüm,
Yeke zat,
Diñe ayralyga dözmedim seni.

***

Çyn dost soñuña däl, bashyña geler,
Çyn dost tomsuña däl, gyshyña geler.
Saña däl baylygña baglanan "dostlar",
Ishiñe däl,belki ashyña geler.

Kerim Hallyyew
18
40
sahyrlar_we_men
09.12.2022 21:38
Ömür hakda pikirlerim

✓ Gudraty güyçli enelerimizi sheyle bir tämiz yaradypdyrki, olaryñ dogran çagasyndan yeke tegmil tapmak mümkin däl. Emma ynsan balasy öz hapalan dünyäsiniñ kirsheñine garylyandygy üçinem, yuwulyp ugradylmaga mejbur bolyar...

✓ Bizde müçenama ynançlaryna görä "syçan" yylynda doglanlarda syçanyñ, "doñuz" yylynda doglanlarda doñuzyñ, "goyun" yylynda doglanlarda goyunyñ häsiyetini görüp bolyandygyny aytyalar.
Eger-de bu ynançlar hakykat bolyan bolsa, käte bize "adam" yylynyñ kemlik edyäni duyulyar.

✓ Ayal-gyzlarmyzy shöhrat üçin yazylyp, hayadan dashrakda döredilen templi aydym-sazlardan gorañ! Çünki aydymyñ beyhushlylyk täsirliligi beyleki- leriñkiden has tapawutlydyr...

✓ Bu dünyäde hemme ogrudyr! "Men ogurlyk etmedim" diyip özüñ aklajak bolma! Ejeñ näçe gijelik ukusyny ogurlanyñ hakynda kipir edip gördüñmi?

Kerim Hallyyew
21
95
sahyrlar_we_men
08.12.2022 20:58
MUZEYDE

Könelishen gyzgylt reñkli keteni,
Bir burçundan ornun tapan, muzeyiñ.
Döwrümizden altmysh, yetmish yyl ozal,
Uyalaryñ aybyn yapan bu geyim.

Eçilenmish gözelligiñ boluny,
Habar berip, gursakdaky hayadan.
Ne alkyma, ne yaka göz dikilen,
Dash bolanmysh, erkekler bet hayyaldan.

Indi welin yyllar alyp gururyn,
Muzeyde bir ayna guta yerläpdir.
Bu zamanam bakylyk däl, geçip dur,
Könelmegem ömre mahsus bir däpdir.

Geçenden soñ yene altmysh, yetmish yyl,
Jinsi durar dereginde keteniñ.
A ondan soñ näme geyim moda bor,
Wahh utanyan...
(Yazmalam däl ekenim)

Kerim Hallyyew
13
59
sahyrlar_we_men
07.12.2022 21:58
AGLAP OTYR

Ayna bakyp darap otyr zülpüni,
Yogsa darak derkaram däl saçyna.
Nagyshly yakasyn ezipdir göz yash,
Nätsin derdi sygmasa oñ içine.

Jülpüldäp-jülpüldäp gaydyan göz yashda,
Biwepa söyginiñ gyzgyny bardyr.
Söygi yakandan soñ onuñ yzynda,
Agy atly ajy düzgüni bardyr.

Ol düzgünden çykan erkek yok entek,
Ayal hak-da gürrüñ edip biljek däl.
Yash söygüsi yada düshse, düzgüniñ,
Segsen yashlam hötdesinden geljek däl.

Shonuñ üçin aglap otyr gözel gyz,
Utulupdyr "söygi" atly hilede.
"Gerek bolsa ömrüm berjek men" diyip,
Wada beren erkeksumak nirede???

Kerim Hallyyew


16
50