sahyrlar_we_men
16.12.2022 22:02
ZAMANY DIÑLE!

Diñlemäge mysh köpeldi jahanda,
Myshy däl dañ turup, azany diñle.
Dili duzsuz adam mydam gapanda,
Sözi geljegmize UZANY DIÑLE!

Bu ömür kerwendir gelerde, geçer,
Gün kimin dogarda, kül kimin öçer.
Geçilen menzilleñ sogabyn ölçer,
Özgäni diñleyän YZANY DIÑLE!

Görkezip dostuna nädogry ugry,
Durmushdan iydirdi undulmaz urgy.
Payhassyz gardashyñ derdinden görgi,
Görenden, payhasly YYLANY DIÑLE!

Mertler öz agrysyn duymayan eken,
Mertler lebisizden dänmeyän eken.
Olar ölse dasham aglayan eken,
Pederlerden galan GALANY DIÑLE!

Erkek murtuny däl, syrtyn towlady,
Adam bilen bile, aydym ownady.
Hernä dutar doly yüzün sowmady,
Sungat görseñ KADYR AMANY DIÑLE!

Boyag çaldy, Kirpik dakdy, gash dakdy,
Kanagaty yetmän döshe dösh dakdy.
Durmush gurdy ol törde kän dish dakdy,
Bagtyñ üçin näzli ZYBANY DIÑLE!

Her telpekli akylly däl, alym däl,
Baylañ bary rehimsize däl, zalym däl,
Geñeshli gerçekde hijem ashmaz päl,
Babany, käbäni, obany DIÑLE!

Dünyäni düñderyär ynsanyñ päli,
Bigünäler ölyär, ölmeyän yaly.
Türkmen sen bir duyma beyle gowgany,
BAGTYYAR BAGTLY ZAMANY DIÑLE!

KERIM HALLYYEW
13
98
Maýa06
16 Dekabr 2022
sahyrlar_we_men,uly ýedilik ýadyňa düşýämi ABŞ Germaniýa Ýaponiýa Italiýa Kanada Fransiýa we Beýik Britaniýa ösen döwletleriňem baş toparçasy bolmaly
Maýa06
16 Dekabr 2022
Sosialistik bolanda şolaryň hijisinede girmeýän döwletler bolmaly taryh kitabyndada sosialistik döwletler öňki SSR iň düzüminde bolup henizem şoň ykdysadyýetini dowam etdirýän döwletler diýilýär
sahyrlar_we_men
16 Dekabr 2022
Maýa06, bolmaly okap gogerin 🙂
Maýa06
16 Dekabr 2022
sahyrlar_we_men,9-laryň geografiýasynda barda ösen ösýän geçiş ykdysadyýetli döwletler ýadyňa düşýämi
sahyrlar_we_men
16 Dekabr 2022
Maýa06,sag bol, sosialistik dowlet bolanda name bolya?
Maýa06
16 Dekabr 2022
Bolýa HHR(hytaý halk respublikasy) LHDR(Laos halk demokratik respublikasy), KHDR(Koreýa halk demokratik respublikasy, dg koreýa), Wýetnam we Kuba
sahyrlar_we_men
16 Dekabr 2022
Maýa06,haysylardygyny bilemok ozun ayday
Maýa06
16 Dekabr 2022
Birini aýdaýynmy Hytaýam şolara degişli 5 sany bar
sahyrlar_we_men
16 Dekabr 2022
Maýa06,ayy yok bilemok.
Maýa06
16 Dekabr 2022
Sosialistik döwletleri bilýäňmi kän däl
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.