sahet_ashyrov
21.10.2022 10:50
Zehin bäsleşigi.

Toý gutlagy.

Gujagyñyz dolsun oguldan gyzdan
Hic hacan yatmasyn sallancak bady
Toruñizde dursun bereketli sacak
Mydam egsilmesin onuñ nygmaty.

Awtory: Sähet Aşyrow
16
166
sahet_ashyrov
07.10.2022 15:42
Gürläniňde goýberilen ýalňyşlygy şolbada
düzedip bolar. Emma durmuşda goýberilen säwligi düzetmek kyndyr
14
112
sahet_ashyrov
05.10.2022 09:12
Ir bilen oýanýan. Öýüň ýerbe-ýer.
Keýpiň kök, janyň sag, hudaýa şükür,
Goňşyňdan bir dertliň nalasy gelýär,
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Öýüňdäki ajap sapa hakdamy?
Ýa şol dertlä gerek şypa hakdamy?

Ynha bir edara. Başlygy – dostuň,
Ikimiz içerde «kikirde-kikir».
Gapyda kyrk adam garaşyp otyr.
Şonda näme kakda edersiň pikir –

Dostlukdaky täsin gudrat hakdamy?
Ýa-da işikdäki nobat hakdamy?

Saklandy gapyňda kerpiçli maşyn,
Maşynyň şofýory – bir ogry-mekir.
«Ýarpy bahasyna al şuny!» diýýär.
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Jübiňe bähbitli arzan hakdamy?
Ýa kellä bähbitli wyždan hakdamy?

Ynha et dükany. Satyjy goňşyň.
Saýlap-seçip saňa bir budy çeker.
Yzyňdaka bolsa – gaty oňurga.
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Özüňe edilen hezzet hakdamy?
Ýa ili çürkeýän ülpet hakdamy?

Barýar köçe bilen maýyp weteran.
Diňe maýybam däl, bir gözem sokur.
Sen bolsa «Wolgaly»
dazlap barýarsyň.
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Öz ornuň, öz nyrhyň,
«Wolgaň» hakdamy?
Ýa «Wolga» ýetiren
pälwan hakdamy?
8
113
sahet_ashyrov
04.10.2022 13:08
Ertekimi, rowaýatmy bilemok,
Bir wakany gürrüň berjek, ýaranlar.
Kemine, Nowaýy, Firdöwsi, Haýýam
Neşirýatyň kassasyna baranlar.

«Şygrymyzyň muzdy näçeräk borka?
Köpüräk bolaýsa, etmezdi zyýan.»
Geniler öz ýandan için gepleden,
Guranmyşyn hersi bir süýji hyýal.

Ýalňyşmandyr çokga sakgal Firdöwsi,
Alan gonorary geçipdir çakdan.
Haýýama göz gypyp, gyzyl ýüzlükden.
Goja goşa torbasyny dolduran.

Bary-ýogy üç rubagy çap eden,
Haýýam näçe alarkam diýp çaklaýar.
Ahyr pulun alyp, şaýlanýar ýola,
Ýollar bolsa, meýhanada saklanýar.

Meýhana gyzypdyr tamdyr mysaly.
Çekipdir özüne adam ählini.
Ýerden, suwdan, günden dörän şerapdan
Haýýam gandyrypdyr teşne mährini.

Al şerapdan berhiz tutýar Firdöwsi,
Bir tümenem karz bermedi pahyr.
«Zyýany ýok, men şeýle bir ýazaryn,
Menem şahyr ahyr, ullakan şahyr.

Ýene wasp ederin gyzyl şeraby,
Kitaba salaryn uly döwrümi.
Onsoňam bir oňa seredip görüň.
«Şanama» üç esse bolar göwrümi.»

Soňky käsä ýetmän galan puluny
Jübä salyp, Haýýam gaýdan öýüne.
Hem ýazyp başlapdyr, ýazyp başlapdyr,
Şöhrat aýdyp ýeriň gyzyl meýine.

Daň sazyna çenli ýazypdyr Haýýam,
Daňam saz berende, batypdyr uka.
Birhaýukdan turup, okan ýazanny
Hem diýen: «Eý hudaý, näm boldugyka?»

Uzyn gije ýazan ýüzlerçe bendin
Haýýam terslin-oňlyn edenden soň syn,
Näçe köpeltjegem bolsa, paşmandyr,
Dört setir tapanmyş rubagy üçin.

G.Ezizow
10
111
sahet_ashyrov
sahet_ashyrov
26.09.2022 13:29
Eje maña sensiz ýetim diýäler
sahet_ashyrov
22.09.2022 14:48
Stenada asylgy, wagty ölçäp duran sagady saklap bolýarmy?
6
190
sahet_ashyrov
sahet_ashyrov
21.09.2022 09:15
Täsin guş bolan kiwi guşunyň watany Täze Zelandiýa bolup, ol özüniň daşky görnüşi boýunça süýdemdirijä çalym edýär. Ol hiç hili uçmaýar, diňe ýerde hereket edýär. Häzirki wagtda onuň ýer ýüzünde 5
sahet_ashyrov
20.09.2022 15:07
Guşlar maşgalasyna degişli bolan emma ganaty bolmadyk ýeke täk guşuñ ady näme?
6
312
sahet_ashyrov
17.09.2022 10:00
Rotanyň komandiri starşina ýüzlenýär:
- Esger Gandymowyň kakasy ýogaldy. Özüne usullyrak habar ediň.
Starşina:
- Rota, düzüliň. Kimleriň kakalary diri bolsa üç ädim öňe ädimläň!
Gandymow blýat, sen nirä ädimlän bolýaň?
10
308
sahet_ashyrov
16.09.2022 09:58
"Adamyñ durmuşy - bu gowy mata we erbet iññe"

- William Şekspir
9
109