Ertekimi, rowaýatmy bilemok,
Bir wakany gürrüň berjek, ýaranlar.
Kemine, Nowaýy, Firdöwsi, Haýýam
Neşirýatyň kassasyna baranlar.
«Şygrymyzyň muzdy näçeräk borka?
Köpüräk bolaýsa, etmezdi zyýan.»
Geniler öz ýandan için gepleden,
Guranmyşyn hersi bir süýji hyýal.
Ýalňyşmandyr çokga sakgal Firdöwsi,
Alan gonorary geçipdir çakdan.
Haýýama göz gypyp, gyzyl ýüzlükden.
Goja goşa torbasyny dolduran.
Bary-ýogy üç rubagy çap eden,
Haýýam näçe alarkam diýp çaklaýar.
Ahyr pulun alyp, şaýlanýar ýola,
Ýollar bolsa, meýhanada saklanýar.
Meýhana gyzypdyr tamdyr mysaly.
Çekipdir özüne adam ählini.
Ýerden, suwdan, günden dörän şerapdan
Haýýam gandyrypdyr teşne mährini.
Al şerapdan berhiz tutýar Firdöwsi,
Bir tümenem karz bermedi pahyr.
«Zyýany ýok, men şeýle bir ýazaryn,
Menem şahyr ahyr, ullakan şahyr.
Ýene wasp ederin gyzyl şeraby,
Kitaba salaryn uly döwrümi.
Onsoňam bir oňa seredip görüň.
«Şanama» üç esse bolar göwrümi.»
Soňky käsä ýetmän galan puluny
Jübä salyp, Haýýam gaýdan öýüne.
Hem ýazyp başlapdyr, ýazyp başlapdyr,
Şöhrat aýdyp ýeriň gyzyl meýine.
Daň sazyna çenli ýazypdyr Haýýam,
Daňam saz berende, batypdyr uka.
Birhaýukdan turup, okan ýazanny
Hem diýen: «Eý hudaý, näm boldugyka?»
Uzyn gije ýazan ýüzlerçe bendin
Haýýam terslin-oňlyn edenden soň syn,
Näçe köpeltjegem bolsa, paşmandyr,
Dört setir tapanmyş rubagy üçin.
G.Ezizow