sahet_ashyrov
09.07.2020 09:28
Dowamy... (5)

Menem aljyrap, gyzlary yzyma tirkäp, obadaşymyz Annaguly Mämmetgulyýewiň howlusyna göçüp barýan. Şo ýerden gatnap işledim. Uly oglum ýaraly boldy. Daşkentde ýatyp geldi. Şondan soň ýykylan jaýymyzy görmek üçin bardym weli, ermeni goňşularym käýäp «Nämüçin beýtdiň,
obadan dagy gelip, bir zatjagaz edip beräýseler. Ömür goňşy bolduk. Bile ýaşaly» diýip başladylar. Onsoň oglanlaryň ýanyna baryp: «Tagta kän, maňa-da bir zat ediberiň» diýdim. Tä Kalinin köçesine göçürýänçäler, Engelsde ýaşadyk.
Berdi aga-da «Göçmeli boljak. Bu taýyny dileýärler» diýdi. Görülmedik gün ýokdur, jigi. Meň başymdan geçeni, her bir musulmana salmasyn. Dogry, Aman hor etmedi. Seretdi. Gowam gördi. Ýöne türme bir başga boldy-da.
— Şaly basylansoň, elbetde, size ýeňil düşen däldir. Olaram iýdirmeli, geýdirmeli. «Halk duşmanynyň» maşgalasyna işe ýerleşmegem ýeňil bolan däl bolsa gerek.
— Şaly basylansoň, eýdip-beýdip fabrige işe ýerleşdim. Işdeş ýoldaşlarymam kileň alili aýallar. Olar «Gyzym, sen bir ýaş gelin. Saňa näm boldy? Bu taýyk işe girdiň?» diýip
soraýarlar, «Aý, adamym prowodnik. Aýlygymyz ýetmän giräýdim» diýip gülerdim-dä. Işläp ýörün. Hiç kime «Men Şaly Kekiliň aýalam» diýemok. Zarýadnik bolup otuz alty maşyny işledýän. Direktorymyza Muhy Mämmedow diýerdiler. Nohurly. Men bir ýyl şotaýda işledim weli, bir gün ol
meni ýanyna çagyrdy. Bilenok kimiň aýalydygymy.
— Size gorodokdan jaý berjek — diýdi. Oňa-da Saparmuhammedowa diýip orunbasarymyz bardy, şol aýdypdyr.
— Ýok, men göçjek däl. Birtopar türkmeniň arasynda otyryn. Şo taýda oturaýjak — diýdim.
— Onda özüňiz biliň — diýdi.
Soň ol Şaly türmeden çykyp gelensoň oňa «Wah, men seň aýalyňdygyny soň bildim» diýipdir. Şalam «Ol aýtmaz»
diýipdir. Şeýdip gülşüpdirler.
— Şaly Kekil kimlere aýratyn sarpa goýýardy. Dost-ýarlary kimlerdi?
— Muň ýaly dostlaryny gowy göregen ýokdy. Ol Oraz Täçnazar bilen gaty gowy dostdy. Ol öýmüze ýygy-ýygydan
gelerdi. Öýmüzde gowy bufedimiz bardy. Oraz her gelende «Bufediňi maňa sataý» diýip, degişerdi.
Kemal işan maňa gaty köp kömek edendir-ä. Ýüregi awady-da maňa, neressäň. Ýazyjylar soýuzynyň başlygy
bolubam işledi.
Beki Seýtäkow gyzyl ýaly adamdy. Maňa dagy «Köplüge barma. Ýazyjylaň jaýyna höwes etme. Ikimize şuň
ýalak çola ýer gowudyr. Şalyň howlusyny giderme» diýip,
kän aýdandyr. «Men dostlugymdan aýdýan muny» diýerdi, pahyr.
Ýöne, Şaly tutulmanka bir ýazyjyň üstünde Beki bilen gaharlaşdam... Bekä käýäpdir. Men Şala şonda «muny
oňarmansyň» diýip, aýtdym.

Dowamy bar...
5
614
sahet_ashyrov
08.07.2020 16:12
Dostlar bähbit gözläp gitdi tirkeşip,
Sag gitsin de aman bolsun goý, olar.
Barybir günlerim garañkyramaz,
Gijelerin altyn şöhlä boýalar.

Heniz gynanamok meniñ adymdan,
Öz peýdasy üçin geplänlerine.
Men gaýta: "Hormatdan nyşandyr" diýýän.
Naharyma zäher sepmänlerine.

Bähbit bolsun, doslar gitdi terk edip,
Sähel zat üstinde bolduk agzala.
Her kim her zatlara deñeselerem,
Durmuş diýlen meñzeş eken wokzala.

Aýlygynam telim sanap alardy,
Olar biçak zordy hasap hesibe.
Gel gowsy goýaýyn bu gürriñi,
Adam gider çeken bolsa nesibe.

Ýok olar ýalñyşjak adamlar däldi,
Hökman ýedi ölçäp bir kesendirler.
Belki, çyn bahamy añlamak üçin
Şunça ýyl bialaç tirkeşendirler.

Dostlar gitdi, bulaşypdyr hasaby,
Emma dünýäm altyn şöhlä boýalar.
Tabagyma zäher sepmäni üçin,
Sag gitsinde aman bolsun, goý, olar!..

Çary ÝEGENMYRAT
6
534
sahet_ashyrov
08.07.2020 14:17
Dowamy... (4)

— Şalyň tutulan güni ýadyňyzdamy?
— Hojanepesi tutup äkitdiler. Şondan bäş gün dagy ge-
çensoň Şaly işden gelip «Çaý içeli» diýdi. Işleýän otagynda
tok çäýnegi bardy. Şony oturtdy. Çaý içdik. Şol wagtlar ol
täzeje kostýum tikdiripdi. Çaý içip bolduk weli, ol maňa
«Şuny geýip, Lenin bagyna aýlanyp geleýin. Çagalary äkitmäýin, ýöne özüm aýlanyp geleýin» diýdi. Pikir edýär-de.
Gitdi. Şaly gitdem weli, Ata Gowşut geldi. «Hä, sag-aman
otyrmysyň?» diýdi. «Hany, Şaly?» diýdi. «Şaly şu taýlaryk
bir gezelenç edip geljek diýdi» diýdim. «Aý, göräýjekdim.
Ata geldi diýde aýdaý» diýdi. Ol gaty aladaly görünýärdi.
Geldi weli, «Ata geldi». diýdim. «Kim Ata?» diýdi. «Dostuň-
-da, Ata Gowşut» diýdim. «Bä, o nähili geläýdikä?» diýdi,
görgüli. Elbet, ýüregi syzýandyr-da, birnäçe wagt geçensoň
«Meni gelip äkidäýseler, çagalary oýarmagyn. Görmesinler»
diýdi. Sagadam näçedigini bilemok, o tamda ýatdam weli,
gapymyz kakyldy. Näm bar? Stoluny çekdiler. Öýümizde
hiç zat ýok. Öý bilen işleri ýok olaň. Şeýtdiler-de, ýazanja
zatlaryny alyp, aldylar-da ötäýitdiler.
— Türmeden boşap gelensoň öz başdan geçirenleri hakda näme gürrüň berýärdi?
— Gören görgüleri hakda hiç gürrüň etmezdi. Ýöne bir
gezek şeý diýdi. Fronta gitjek uçurlarydy. Baba Baýramow
diýip goňşymyz hem otyrdy (soň ol ministrem boldy) şonda «Endamymdan toguň awusy gitmäkä, gitmeli boldum»
diýdi. Hawwa. Amanam otyr. Ýene kim bardy, gyz. Aman
şonda: «Şaly, hiç yzyňy gaýgy etme. Meň çagalam näme
iýse, olaram şony iýer, meň çagalam näme geýse, geýerler»
diýdi. «Meň janym sag bolsa, pikir etme» diýdi... Şalam:
«Aý, Aman, şol oturana bor näme bolsa» diýip maňa ümledi.
Meň horlanjagymy bilýä-de ol. Amanam «sag-aman gel
dogan. Nädeli. Uruş-da. Belki, menem ertir giderin» diýdi.
Her hatynda «Aman bamy? Gara bamy? Şolar saglykmy?» diýip ýazardy.
Berdi Kerbaba-da, ony frontda görüpdir-ä. Ol «Türkmen
oglanlaryndan kim bar?» diýip sorapdyr. «Şaly Kekil bar»
diýipdirler. Görşüpdirler. Şonda Şaly meni sorapdyr. Berdi
aga-da «Alada etme yzyňy, hemmesi mes-gurgun» diýipdir.
Soň Berdi aga gülen bolup, muny maňa-da gürrüň berdi.
«Soldat eşigem baý gowy gelişýän eken» diýdi.
— Frontdan iberen hatlary barmy?
— «Gulagymyň ýeňsesinden birazajyk ýaraly boldum
weli, gospitala salmadylar» diýip, bir haty geldi. Onsoňam
«Toýa ugraýas» diýipdir. Şo toýa ugraýşy boldy. Şo hatlar
ýok mende. Men o hatlary ýer titremesinde ýitirdim. Ýer
yrananda biziň jaýymyzy gazmadylaram. Tapjagam bolmadylar. Özümiz çykdyk. Goňşymyz Baýramowyň ähli çagasy
ýeriň aşagynda galdy. Ýekeje emdirýänje çagasy bilen galdy.
Baýramowyň özi kurortdady. Aýalam Mara gidipdi. Artelde
işleýärdim. Başlygymyz «Artelimiz harby gospitalyň ýanyna göçjek. Arteliň zatlaryny ýerden gazyp almasaňyz, hiç kimi hiç ýere goýberjek däl» diýdi.

Dowamy bar...
6
315
sahet_ashyrov
08.07.2020 14:16
Şkafy eşikden doly bolsada geýmäne zadym ýok diýýän jandara gyz diýilýär.
13
948
sahet_ashyrov
08.07.2020 11:01
Dowamy... (3)

Awtoryň döwür hakda oýlanmasy

Şo wagtlar «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaktory şahyr Oraz Täçnazarow «halk duşmany» hökmünde basylandan soň döredijilik işgärleriniň hem bir toparynyň daşyna
geçip ugraýarlar. Ata Nyýazow, Şaly Kekilow, Hojapepes Çaryýew, Allaberdi Geldiýew, Anna Muhadow... Bu spisogy ýene-de uzatsa bolardy. Elbetde, döwür galagopludy. Her kim birek-birege müňkürlik duýgusy bilen garamaga başlapdy. Men şo döwrüň «Sowet Türkmenistany» gazetiniň sahypalaryny agdaryp otyrkam «Halkyň duşmanlaryny ahyryna çenli paş etmeli» diýen ýazgyda gözüm saklandy. Bu ýazgy şo döwrüň ýüzüni hiç bir düşündirişsiz mälim
edýär: «...Şeýle duşmanlardan ýene biriniň Täçnazarowyň ýakyn dosty we onuň pikirdeşi çüýrük liberal Şaly Kekilowyň hem üstüni açdy.
Şaly Kekilow, Täçnazarowyň bütin antisowet işleri bilen tanyş bolsa-da, onuň bütin hyýanatçylyklaryny bilse-de, ony öz wagtynda paş etmändir we bu-da onuň Täçnazarow bilen pikirdeş bolandygyny tassyk edýär. Şaly Kekilow üsti açylan troskist Ata Nyýazow we Çaryýewler bilen dyngysyz arak içip, pýan bolup we her hili ýaramazçylyklar edipdir.
Ol haramzadalar bilen birigip, biziň ýoldaşlarymyz hakynda hapa sözler aýdyp gelipdirler.
Köçeden geçip barýan ýaragly gyzyl esgerleri görkezip, Şaly Kekilow özüniň ýanynda bolan bir adama «şu ýaraglary görýärmiň, bu ýaraglar adam öldürmek üçin öndürilýärler»... diýip, antisowet gürrüň aýdypdyr.
Sowet Soýuzynda ýarag goranmak maksady üçin ýasalýar. Biz adam öldürmek maksady bilen ýarag ýasamaýarys diýip gaýtawul berilse hem ol ýene-de bu pikiriniň üstünde
durupdyr... Biz mundan buýana hüşgär bolmak bilen, her bir ýere burnuny sokup, girip galan duşmanlary we olaryň lagerine geçip, biziň watanymyza hyýanatçylyk edýän haramzadalary ahyryna çenli paş etmelidiris»...
Şeýle paş etmeler sowet halkyna ýeňil düşmedi. Millionlarça günäsiz adamlar türmelerde çüýredi, olaryň köpüsiniň mazary hem belli bolman galdy.

Dowamy bar...
9
295
sahet_ashyrov
07.07.2020 11:52
Dowamy...(2)

Şalyň kakasynyň doganyna Işan aga diýýärdiler. Şol maňa ilki Köşüde ýaşamaga ýer berdi. Sygyr ýatagy. Daş--daşa degdi. Eltim brigadire baryp şeý diýipdir: «Men şo gelni getirjek weli, nädip getirjegimi bilemok» diýse, brigadir «gelneje, şo gelne dört sany pyrgun bererin» diýipdir. «Al-da gaýdyber» diýipdir. Göçüp geldik. Sygyr ýatagynyň ortasyndan peçjagaz gurduk. Ölen gyzym Suraý ýadyma
düşýä şu wagt. Şu ikijigi oturandyr, o ýanda biri, bu ýanda biri. Gije Şalyň agasy gelip «Nähilek gelin, Şala peredaçy berip bildiňmi?» diýip giderdi. Raýondan peredaçy bermek aňsadrakdy. Men zol Ata Nyýazyň aýaly Maýsaň yzyna düşüp giderdim. Bir gezek on bäş gün ýatdyk gaýraky türmäň gapysynda. Bir saparam görkezmediler. Diňe sudda görkezdiler.
— Sudy nirede etdiler?!
— Lenin bagynyň içinde sud bardy. Şonda sud etdiler. On bäş-ä soldat, on bäş sanam it, sud edilenlerem
Musa Ysmaýyl, Ýakup Nasyrly, Ruhy Aly, Şaly, Ata Nyýaz. Hemmesine şo taýda sud etdiler. Şala on ýyl-a tussag, bäş ýylam hukuksyz bolmaly diýip, ýyl kesdiler. Itlerine-de biziň atan zatlarymyzy berdirenokdylar. Sud on bäş gün dagy dowam etdi. Ýyl kesjek bolanlarynda «hany, aýallary
gelsin, görüşsinler» diýip maşgalalaryny goýberdiler şo ta-
ýyk, şonda meň gyzym bilen Maradyň (Ata Nyýazyň ogly) aglap «papam», «atam» diýip gygyryşlary ýadymda. Olary türmä çenli ugratdyk.
— Esasy ýöňkelýän günä näme?
— Tersçil diýip sudda aýtdylar. Şaly iki ýyldan soň boşap geldi. Sibirden birje gezek hatyny aldyk. «Posylka iber» diýip ýazypdyr. «Içine suhary hemem sarymsak sal» diýipdir. Iberdim. Başga hat gelenokdy. Iki ýyl dagy geçensoň ilki Musa Ysmaýyl geldi. Soň Ruhy Aly, Ýakup Nasyrly, Ata Nyýaz, Şaly çykdy. Şaly tutulmanka Engels köçesinde oturardyk. NKWD-äň jaýyna golaý ýerde. Soň Şaly «Çagalammyň hem sesi çykanok, olaram ýok edendirler» diýip pikir etdim» diýerdi.
Hojanepes Çary bilenem bir kamerada oturypdyr. Bileje bir çilim çekip. Biz oň bilen ýöne-möne goňşy bolan
däldiris. Alty Garly, Aman Gulmämmet, ýazyjylar, terjimeçiler, hemmesi öýümizde bir goýun iýip giderdiler. Şaly tutulandan soň hemmesem ýüz sowdy: «Nähilisiň?» diýen adam
bolmady. Döwür şeýle boldy-da!

Dowamy bar...
7
282
sahet_ashyrov
07.07.2020 11:19
«DAŞ DAŞA DEGDI»

Şahyr Şaly Kekilowa otuz ýedinji ýylda nähak töhmet atyl-
ýar. Ol «halk duşmany» hökmünde türmä basylýar. Onuň
şo wagt bary-ýogy 31 ýaşy bardy. Şahyryň ömrüniň şo döwri hakda Türkmen sowet enlopediýasynda şeýle setirler
ýazylypdyr:... «1936-njy ýyldan tä Beýik Watançylyk urşunyň başlanan gününe çenli «Sowet edebiýaty» žurnalynyň
we «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaksiýalarynda jogapkär wezipelerde işledi»...
Gynansak-da, bu jümle onuň ömür ýoly hakda okyjylara
anyk we doly düşünje berip bilenok. Şonuň üçinem biz
şahyryň aýaly, 77 ýaşly Bibi Kekilowa bilen duşuşmagy,
onuň bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. Bibi eje biziň
bilen söhbetdeş bolmaga göwünjeňlik bilen razylyk berdi.
* * *
— Bibi eje, gürrüňi başdan başlaýalyň. Şaly Kekil bilen
haçan, näwagt durmuş gurduňyz?
— Başdan başlasak, onda şeýle jigim. Kakamyz Seýitli,
oňa obadaşlary Serdar hem diýerdiler, raýispolkomyň baş-
lygy bolup işledi. Şalam şo döwürde Arçmanda mugallym
bolup işleýän eken. Kakam ejeme zada-da geňeşmän meni ol oglana durmuşa çykardy goýberdi. Kakam «Gyzym şondan rahat tapar. Şol oglan bihal oglan bolmaz» diýdi. Ejem
kän gynandy şoňa. 29-njy ýylda Şaly meni Köşä getirdi.
Obadan ýerem bir aldy. Aman, Çary, Gara tehnikumdady
şo wagt. Okaýardylar.
— Kim olar?
— Aman Kekil, Çary Aşyr, Gara Seýitli. Gara meniň
süýtdeş doganym. Ol menden iki ýaş kiçidi.
— Şeýdip ýaşap ýörüs, 37-nji ýylam ýetip geldi. Tutha-
-tutluk başlandy. Oraz Täçnazar gitdi. Yzyndan Hojanepes
Çaryny äkitdiler.
37-nji ýylyň haýsy günüdigi ýadyma düşenok, ýöne Hojanepes tutulandan bäş gün geçensoň, onam äkitdiler.
Üç gün möhlet berdiler. «Çykmasaň, özümiz çykararys» diýdiler. Ýalňyşmasam, şo wagt Ýazyjylar soýuzynyň
başlygyna Mätjanow diýýärdiler. Soň o-da tutulypdyr. Soň
Kemal Işan boldy. Tä Şaly çykyp gelinçä soýuza başlyk
boldy. Ol maňa kän hossar bolandyr. Baý, gelneje diýip
gowy görerdi. Olar teke bazary töwereginde, bizem orus
bazary töwereginde ýaşaýardyk. Gatnaşýardym. Gelniniň
adamkärçiligi gowudy. Ýekeje gyzjagazy gujagynda, ýer
titrände wepat boldular. Meni gören ýerinde durup «Çagalar nähili?» diýip, ýekän-ýekän soraşdyrýardy. Ýöne başga
adamlaň hemmesi bu köçeden gelýän bolsa, o köçä sowulyp
geçýärdiler.

Dowamy bar...
10
379
sahet_ashyrov
03.07.2020 11:53
Gel köňlüm men saňa nesihat kylaý,
Öwrenmelin taşlap gidiji bolma.
Imoda gowudyr düşünýän oňa,
Sonuň üçin ony, terk ediji bolma.

Özüm.
4
449
sahet_ashyrov
03.07.2020 11:05
Söýgi - bu iki sany samsygyň üçünjä garaşmagydyr.
6
724
sahet_ashyrov
sahet_ashyrov
01.07.2020 10:54
Malades Atabaý.