«DAŞ DAŞA DEGDI»
Şahyr Şaly Kekilowa otuz ýedinji ýylda nähak töhmet atyl-
ýar. Ol «halk duşmany» hökmünde türmä basylýar. Onuň
şo wagt bary-ýogy 31 ýaşy bardy. Şahyryň ömrüniň şo döwri hakda Türkmen sowet enlopediýasynda şeýle setirler
ýazylypdyr:... «1936-njy ýyldan tä Beýik Watançylyk urşunyň başlanan gününe çenli «Sowet edebiýaty» žurnalynyň
we «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaksiýalarynda jogapkär wezipelerde işledi»...
Gynansak-da, bu jümle onuň ömür ýoly hakda okyjylara
anyk we doly düşünje berip bilenok. Şonuň üçinem biz
şahyryň aýaly, 77 ýaşly Bibi Kekilowa bilen duşuşmagy,
onuň bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. Bibi eje biziň
bilen söhbetdeş bolmaga göwünjeňlik bilen razylyk berdi.
* * *
— Bibi eje, gürrüňi başdan başlaýalyň. Şaly Kekil bilen
haçan, näwagt durmuş gurduňyz?
— Başdan başlasak, onda şeýle jigim. Kakamyz Seýitli,
oňa obadaşlary Serdar hem diýerdiler, raýispolkomyň baş-
lygy bolup işledi. Şalam şo döwürde Arçmanda mugallym
bolup işleýän eken. Kakam ejeme zada-da geňeşmän meni ol oglana durmuşa çykardy goýberdi. Kakam «Gyzym şondan rahat tapar. Şol oglan bihal oglan bolmaz» diýdi. Ejem
kän gynandy şoňa. 29-njy ýylda Şaly meni Köşä getirdi.
Obadan ýerem bir aldy. Aman, Çary, Gara tehnikumdady
şo wagt. Okaýardylar.
— Kim olar?
— Aman Kekil, Çary Aşyr, Gara Seýitli. Gara meniň
süýtdeş doganym. Ol menden iki ýaş kiçidi.
— Şeýdip ýaşap ýörüs, 37-nji ýylam ýetip geldi. Tutha-
-tutluk başlandy. Oraz Täçnazar gitdi. Yzyndan Hojanepes
Çaryny äkitdiler.
37-nji ýylyň haýsy günüdigi ýadyma düşenok, ýöne Hojanepes tutulandan bäş gün geçensoň, onam äkitdiler.
Üç gün möhlet berdiler. «Çykmasaň, özümiz çykararys» diýdiler. Ýalňyşmasam, şo wagt Ýazyjylar soýuzynyň
başlygyna Mätjanow diýýärdiler. Soň o-da tutulypdyr. Soň
Kemal Işan boldy. Tä Şaly çykyp gelinçä soýuza başlyk
boldy. Ol maňa kän hossar bolandyr. Baý, gelneje diýip
gowy görerdi. Olar teke bazary töwereginde, bizem orus
bazary töwereginde ýaşaýardyk. Gatnaşýardym. Gelniniň
adamkärçiligi gowudy. Ýekeje gyzjagazy gujagynda, ýer
titrände wepat boldular. Meni gören ýerinde durup «Çagalar nähili?» diýip, ýekän-ýekän soraşdyrýardy. Ýöne başga
adamlaň hemmesi bu köçeden gelýän bolsa, o köçä sowulyp
geçýärdiler.
Dowamy bar...