sahet_ashyrov
15.04.2021 11:22
Merdiwan
Her kim öz durmuşynyň bagbany. Bagbanyň ekine, baglara ideg edişi ýaly, biz hem özümizi taplamaly. Durmuş – bir gämi, ony saga ýa-da çepe öwürmek öz elimizde. Durmuşda gowy zatlara ýetmek bolsa şol gämä — durmuşyňa erk edişiňe bagly. Durmuşda kynçylyk hem köp. Kynçylyk — bu täze bir mümkinçilik diýmekdir. Islendik zadyň hökman bir gowy tarapynyň bardygyny unutmaly däl. Kyn bolup görnen her bir zatda hem many çykaryp we peýdalanyp boljak örän köp oňyn pikirler gizlenip ýatandyr.
Şol düşünje hem bizi has öňe iterýär. Kyn ýagdaýlarda kimdir birinden maslahat soramalydyrys. Öz işlerimiz bilen başagaý bolup, köpden bäri gatnaşyklarymyz seýreklän gapylara täzeden barmalydyrys. Täze gatnaşyklary açmalydyrys. Käbir gylyk-häsiýetlerimizi gaýtadan gözden geçirmelidiris. Iň bärkisi, akylymyzyň kämilleşmegi üçin hem zähmet çekmek gerek. Eger edýän işimiz birbada başa barmaýan bolsa, onda biz şu ýagdaýymyzda az-kem başgaça pikirlenip, onuň dürli ýollaryny, usullaryny saldarlap görmegimiz gerek. Üstünlik gazanmak üçin haýsydyr bir hal-ýagdaýlaryň, şertleriň gowy bolmagy esasy şert däldir. Şowsuzlyk saňa ýazylan gutarnykly çözgüt hem däldir, ol diňe has tijenmegiň üçin ýatlatmadyr. Bu durmuş ýollarda mert bolalyň, ýan bermäliň, ejizlemäliň, zeýrenmäliň.
Ähli durmuş ýagdaýlaryny hemişe asuda köňül, giň göwün bilen kabul edeliň. Durmuşyň nämeler gizläp, ýygşyryp goýandygyna ýada nämeleri görkezendigine garamazdan, ony diňe ýagşy umyt, güler ýüz bilen garşy alalyň. Akyl kompasynyň diljagazy bahanalara däl-de, çözgütlere tarap bakyp durmalydyr. Şeýle bir söz bar: “Üstünlik bu bir merdiwandyr. Iki eliňi jübüňe sokup otursaň, merdiwandan aslyşyp bilmersiň”.
Danalardan
17
217
5
sahet_ashyrov
14.04.2021 08:53
Atañdan ulydyr gelende myhman,
Turup törüñden ýer, bergil diydiler.
Saçak ýazyp, çörek berip hezzetläp,
Myhman töwirini görgül diydiler.
Sähet Aşyrow.
10
158
2
sahet_ashyrov
13.04.2021 11:35
Geliň azajyk hem bolsa degişeliň. Gülmek ömürden. Kim gülse şonuň ýaşy 1 ýyl uzarmyş, şonuň üçin hem güleliň.
Toýda tamada gürleýär:
-"Gadyrly toýa gelen aç myhmanlar!
Durmuşa çykýan gyzymyzyň öňki söýgülisiniň klasdaşlarynyň islegi boýunça lezginke tans sazlary bilen toýumyzy dowam edýäris".
12
424
8
sahet_ashyrov
12.04.2021 11:23
Gözel gijeleriň Aýyna garap,
Ýatlaýan ezizim bu gün men seni,
Baharyň al elwan güllerine garap,
Ýatlaýan ezizim, bu gün men seni.
Keç geldi ykballar, aýryldyk bu gün.
Sen o ýana, men bu ýana gitmeli.
Näme üçindir meniň ynjalygym ýok,
Zalym pelek bize duzak gurdumy?
Ederdik bileje süýji arzuwlar,
Aý astynda gujaklaşyp gijeler,
Seni menden nähili güýç aýyrdy,
Duşman boldy bize nurly dideler.
Sen gitdiň men galdym yzyndan garap,
Ylgajakdym sakladylar gujaklap.
Indi dolanmarsyň sen maňa tarap,
Şu goşgyny ýazdym söýgimi ýatlap
Awtory: özüm
Şäher Aşyrow.
11
163
4
sahet_ashyrov
10.04.2021 12:19
NEJMEDDIN KUBRA
XII-XIII asyrlar türkmenleriñ we umumy yslam dünýäsiniñ ylymda medeniýetde, syýasatda we dini ugurlarda ösüşlere gadam basan döwrüdir. Bu döwürde Ymam Gazaly, Muhiddin ibn Araby, Seýit Ahmet Rifaýy, Ebul Hasan Şazyly, Ebun Nejibi Suhrawerdi, Jelaleddin Rumy, Sadreddin Konýewi, Ferideddin Attar, Hoja Ahmet Ýasawy, Hoja Ýusup Hemedany ýaly tasawwuf we taryhat pirleri ösüp ýetişipdir. Nejmeddin Kubra hem hut şu döwürde yaşap geçen beýik pirleriñ biridir. Geliñ, Nejmeddin Kubra barada öñ bize mälim bolan we mälim bolmadyk birnäçe gyzykly maglumatlary bilmäge çalyşalyñ.
■ Nejmeddin Kubra kim bolupdyr?
Nejmeddin Kubra 540/1145-nji ýylda Hywada dünýä inýär we 618/1221-nji ýylda bolsa mongollara garşy bolan söweşde Ürgenç şäherinde şehit bolýar. Asyl ady Ebul Jennab Ahmet ibn Omar bolupdyr. Nejmeddin ady oña Kubra lakamy bilen birlikde ýaşlygyndan ýiti zehini, we girişen her bir ylmy jedellerden ýeñiji bolup çykýandygy üçin halypasy tarapyndan berilýär. Altmyşa golaý müridi welilik derejesine çenli ýetmäge eden uly hyzmatlary üçin oña "welileriñ şeýhi" derejesi berilipdir. Söwda bilen meşgullanmak bilen birlikde dini bilimleri öwrenmeklige ähmiýet beren maşgalada kemala gelen Nejmeddin Kubra ýaşlyk ýyllaryny Horezmde geçireninden soñra ylymyny çuñlaşdyrmak üçin öz döwrüniñ möhüm ylym merkezlerine syýahat edýär. Nişapur, Hemedan, Yspyhan, Mekke, Aleksandriýa ýaly şäherlerde döwrüniñ meşhur halypalaryndan hadys öwrenen Nejmeddin Kubra Aleksandriýada wagty düýşünde Pygamberimiz Muhammet Sallallahy Aleýhi Wesselämiň özüne "Ebul-Jennab" ýagny, "dünýäniñ özüne çekiji gözelliklerinden we ahyretde ryswa bolmakdan çekinen" manysynda at berýär we oña hadys ylmy bilen has-da meşgullanmaga hem-de gijelerine hasam köp "Gurhan" okamagy nesihat edipdir. 35 ýaşyna çenli hadys ylmy bilen meşgullanan Nejmeddin Kubra soñra tasawwuf ylmy bilen içgin gyzyklanyp başlaýar. Zahyry ylymlary ýeterlik öwrenenden soñra ruhy taýdan kämillik derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen kämil mürşidiñ gözlegine çykýar. Şol wagtlar Dizful şäherindekä hassalaýar we şäheriñ tanymal şeýhlerinden Ysmaýyl Kasrynyñ dergähinde myhmançylykda bolýar. Zahyry ylymlardaky alan garaýşynyñ ony tekepbirlige uçratmak ähtimallygynyñ bolaýmagyndan çekinen Ysmaýyl Kasry ony terbiýelemek we irşad üçin Ebun-Nejibi Suhrawerdiniñ halypasy Ammar Ýasir el-Bitlisiniñ ýanyna iberýär. Bitlisiniñ ýanynda hem sowukganlylygyny saklap bilmändigi üçin Bitlisi Nejmeddin Kubrany Kairdäki Kazerunly Ruzbihan el-Wezzan el-Müsriniñ ýanyna ugradýar. Aýtmaklaryna görä, Nejmeddin Kubra Şeýh Ruzbihanyñ ýanyndaka örän ujypsyz mukdardaky suw bilen täret alyp durandygyny görýär we şol wagt şeýh onuñ üstüne birnaçe damja suwy serpýär, Nejmeddin Kubra gulagynda bat bilen urulan ýumrugyñ urgysy ýaly urgy duýýar. Şeýlelikde onuñ içindäki men-menlik duýgusy ullakan zarba görýär, şeýdip onuñ ol ýerik ugradylmaghnyñ asyl maksady orta çykýar. Ol ýerde şeýhiñ terbiýesinden geçip we onuñ gyzy bilen nikalaşandan soñra gaýtadan Şeýh Ammar Ýasyryñ ýanyna gelip ylym almagyny dowam etdirýär. Müsüre gaýdyp barýarka, Şeýh Ruzbihan Şeýh Ammara bermek üçin bir hat berýär. Ol hatda "Sende näçe mis bolsa ugrat, men olaryñ hemmesini sap altyna öwreýin" Bu söz arkaly Nejmeddiniñ kämillige ýetendigine yşarat edýärdi. Rowaýatlara görä, Nejmeddin Kubranyñ tasawwuf ylmyna gönükmeginiñ sebabi Töwrizde ylym öwrenip ýörkä, Baba Fereç Töwrizli atly bir derwüşe sataşanlygyndadyr. Bu derwüş oña zahyry ylymlardan daşlaşdyryp, Nejmeddin Kubra köne derwüş hyrkasyny geýdirmegi başarýar.
Dört ýyl geçenden soñra dogdyk depesi Horezme dolanan Nejmeddin Kubra şondan soñra müridlerini irşad etmäge gönükdirýär. Wepat bolan wagtyna çenli 38 ýylllyk döwürde ençeme adam onuñ ylym mejlislerine gatnaşmak bagtyna eýe bolupdyr. Olardan Radyýuddin Aly Lala, Sadeddin Hammuýe, Seýfuddin Baherzi, Baba Kemal Jendi, Jemaleddin Jili, Nejmeddin Daýe ýaly pirler hut Nejmeddin Kubranyñ elinden çykan beýik pirlerden birnäçesidir. Jelaleddin Rumynyñ kakasy Bahaweddin Weled hem onuñ müritlerinden bolupdyr. Şeýle hem meşhur pir Ferideddin Attaryñ hem onuñ müridi bolandygy aýdylýar. Ol taglymatlary we eserleri hem-de ýetişdiren pirleri arkaly Horasandan başlap Orta Aziýa, Ýakyn Gündogara, Hind okeanyñ kenarlaryna we Anadolyda tasawwuf medeniýetiniñ ýaýylmagynda möhüm orun eýelän beýik şahsyýetdir. XV asyrda Bursada ýaşan we Osmanly Soltany Ýyldyrym Baýezidiñ giýewi Emir Şemseddin Buharynyñ (Emir Soltan) hem kubrawy tarykatynyñ derwüşi bolandygyny aýtmak gerekdir. Nejmeddin Kubra Horezmde irşad hereketlerini amala aşyryp ýörkä, mongollar Horezmi basyp alýar we halky köpçülikleýin gyrgynçylyga salýarlar. Nejmeddin Kubra ýanyndaky 600-e golaý müridini toplaýar we olara halas bolmaklary üçin şäheri terk etmeklerini, her kimiñ öz ýurduna dolanyp Allanyñ ýolunda gullyk etmeklerini emredýär. Özi bolsa gojalyp tapdan düşenligine garamazdan watanyny goramak üçin duşmana garşy söweşmäge karar berýär. Horezmiñ paýtagty bolan Ürgenjiñ (häzirki Köneürgenç) goranyşynda ýanynda galan birnäçe müridi bien birlikde şehit düşýär. Şeýlelikde oña nebisine we şeýtana garşy ömürboýy alyp baran "ruhy jihad" bilen birlikde "suri jihad" diýilen daşarky duşmanlara garşy watan goragynda hem bolmak bilen şehitlik derejesinde Allatagalanyñ huzuryna çykmak nesip edýär. Rowaýata görä, bir mongolyñ saçyndan berk tutup duran ýagdaýda wepat bolýar, emma ol saçy ölenden soñra hem aýyrmandygy üçin duşmanyñ saçyny kesmäge mejbur bolupdyrlar. Möwlana Jelaleddin Rumy muny öz setirlerinde şeýle beýan edipdir:
"Bir elde noş kylyp iman şerabyn,
Bir elde kapyryñ saçyn tutarlar".
Nejmeddin Kubranyñ kümmeti ýurdumyzyñ Daşoguz welaýatynyñ Köneürgenç etrabynda ýerleşýär we halkymyz bilen bir hatarda daşary ýurtlylaryñ hem iñ köp zyýarata gelýän ýeridir.
■ Nejmeddin Kubranyñ döreden eserleri:
1)."Usuly Aşere";
2)."Haimilhaif risalasy";
3)."Fewaýyhulhemal";
4). "Tasawwufda 10 esas".
■ Nejmeddin Kubra hakynda ýazylan kitaplar:
1). Süleýman Gökbulut "Nejmeddin Kubra"
■ Nejmeddin Kubra çeper edebiýatda:
1). Aşyrmät Garly "Jenneti gapy ýapylmasyn" / hekaýa;
2). Hemra Şirow "Nejmeddiniñ ýyldyzy" / hekaýa.
10
110
1
sahet_ashyrov
09.04.2021 10:27
A MENDE KINE ÝOK..
Uzadan ýerime ýetenok elim,
Göwnüm bolsa Kap dagyna çykypdyr.
Gelip syrtmak salyp boýnumdan telim,
Meni hatalarym dara çekipdir.
Arylar bal guýup berdiler bada,
Soňam zerzaw edip sokdy neşderin.
Ertir bagta ýetip ýylgyrsyň ýa-da,
Uzaklardan horkuldyňy eşderin.
Bilbil bolup ýetişmedik joşgunym,
Gezýärmikä özge bagda käkeläp.
Aýdyň ahyr, nirä gitdi ýaşlygym,
Meni ýeke taşlap, menden öýkeläp.
A mende kine ýok, kalbym bolsa boş,
Sähra bahar ýazan wagty halysyn.
Arzuw edýän umman gözli Ýaşylbaş,
Gelýä seniň gözleriňde galasym.
Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA.
8
159
2
sahet_ashyrov
08.04.2021 10:47
GÜNDOGAR TYMSALLARY
■ Haýsy kär wajyp?
Bir gezek bir gaýykçy il içinde hormatlanylýan bir gojany derýanyň o kenaryndan bu kenara geçirmeli bolupdyr. Derýanyň ortasyna ýetiberenlerinde, goja ätiýaçlygy elden berip, gaýygyň gyrasyndan eglip, aşak suwa seredende ýykylýar we gark bolup başlaýar. Muny gören gaýykçy bada-bat özüni suwa oklap, gojany halas edýär. Goja şonda:
– Eger sen ýetişmedik bolsaň, onda men suwda gark bolardym. Bu kömegiň üçin men saňa minnetdar – diýip, oňa öz hoşallygyny bildiripdir.
Gaýykçy gojanyň nirä barýanlygy bilen gyzyklanypdyr.
– Men pylan hanyň ýanyna barýan – diýip, goja jojap berýär. Gaýykçynyň bilesigelijiligi has artyp, oňa ýene sowal berýär:
– Näme üçin siz hanyň ýanyna barýaňyz?
– Han bir meselede menden maslahat soramakçy. Şonuň üçinem onuň ýanyna barýan.
Bu jogaby eşiden gaýykçy öz ýanyndan kemsinip:
– Haý, bu dünýäniň gurluşyny diýsene. Adalat hiç wagt boljak däl-ow. Siz hana maslahat berer ýaly, suwda-da bir ýüzüp bileňzog-a. Men bolsa suwda balyk ýaly ýüzýän. Näme üçin han menden däl-de, sizden maslahat soramaly – diýipdir.
Gojanyň muňa gahary gelmändir. Ol muňa şeýle diýipdir:
– Siziň käriňiz gaýykçy. Şonuň üçinem siz esasy iş suwda ýüzmekdir diýip düşünýäňiz. Daýhan bugdaý ekmegi, awçy wagşy haýwanlardan üstün çykmagy, mergen bolsa dogry nyşana almagy esasy iş diýip düşünýär. Hakykatda bolsa, beýle däldir. Elbetde, adamlaryň bir topary suwda gowy ýüzmegi başarmalydyr, daýhan bugdaý ýetişdirmelidir, awçy awçylygyny, mergen mergenligini etmelidir. Şeýle bolanda her obanyň, her ýurduň kuwwaty egsilmez. Sen bolsa şu hakykata doly göz ýetirip bileňok. Şoň üçinem sen – gaýykçy. Men gartaşyp, ýaşym bir çene baran goja-da bolsam, suwda ýüzüp bilmesemem, hanyň maslahatçysy. Göwnemakul maslahaty hemme kişi berip bilmez – diýip, goja düşündiripdir.
■ Ynsan ogly dagdan güýçli
Uly dagyň eteginde ýerleşýän küren obanyň adamlary hemişe zeýrenipdirler. Çünki, goňşy obalar bilen gatnaşyk saklamaga bu uly dag päsgelçilik beripdir. Aýda-ýylda baryş-geliş edeýin diýse-de, ýa o dagyň daşyndan aýlanyp geçmeli ýa-da janyňa howp salyp daga dyrmaşyp, üstünden aşmaly bolupdyrlar. Aý, garaz, gaty kyn-da! Nätmeli? Obanyň kethudasy öz daşyna obadaşlaryny ýygnap:
– Bu dag biziň ýaşamagymyza päsgel berýär. Geliň, nähili kynam bolsa, ony başga ýere göçüreliň – diýip sala salýar.
Adamlaram: «Bolýa-da, bolýa» diýşip bu döwletli maslahaty goldap, işe başlaýarlar. Kimiň elinde kätmen, kimiň elinde kerki, kimsiniň elinde sebet...
Şondan bir ýyl geçýär. Dag egsiler ýaly däl. Şol öňki durşy ýaly diýýär. Şonda kethuda gojanyň bir sakgaldaşy gülüp:
– Saňa akyly çaşan garry diýerler. Ýaşyňam togsandan geçen. Dagy göçürmek-hä beýlede dursun, bir oty ýerden çekip çykarmaga-da güýjüň ýetenog-a.
Goja ýüzüniň derini syryp:
– Seň aýdanyň dogry bolmagam ähtimal. Indi meniň bilimden kuwwatym gaçdy. Ýöne muňa garamazdan men bu dagdan özümi güýçli hasaplaýan – diýipdir.
– O nähili güýçli?
– Sebäbi dag diýeniň toprak, daşdandyr. Eger meniň çagalarym, meniň neberelerim, meniň bütin neslim günde hiç bolmanda bir sebet toprak göçürseler, ir-u-giç dagy göçürerler. Ine, şonda maňa, meniň çagalaryma, meniň neberäme hemmeler taňryýalkasyn aýdarlar. Şoňa görä-de men gojalygyma garamazdan, zähmet çekýärin. Indem sen bu çylkasyz gürrüňiňiň bilen bize päsgel berme.
Goja şeýle diýip, toprakdan doly sebedini ýerden galdyrypdyr.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 26.09.2003 ý.
■ «KYÝAMAT GÜNI GOŇŞUDAN»
Bir gezek Tsy atly han Lu hana şeýle diýipdir:
– Biz ikimizem goňşy. «Kyýamat güni goňşudan» diýip, bir pähim bar. Gel, ikimizem bir-birege kömek edip ýaşaly. Eger siziň topragyňyza ýagy çozsa, onda men haý diýmän kömege geleýin. Eger-de biziň üstümize ýagy çozsa, siz kömege ýetişiň.
Lu han bu gürrüňe ähmiýet bermändir-de, şeýle diýipdir:
– Her kim öz deňini tapsa ýagşy. Maňa kömek eder ýaly siziň özüňizem uly bir zat däl-ä. Çynyň günbatarsynda Tin atly han ýaşaýar. Tüýkürse tüýküligi ýere gaçanok. Güýçli han. Ine, men şonuň bilen gatnaşyk etjek – diýipdir.
Tsy:
– Onuň soraýan hanlygy näçe günlük ýol bolmaly? – diýip sorapdyr.
– Ýyndam ata münüp gitseň ýigrimi günlük ýol.
Tsy şonda şeýle diýýär:
– Eger siz biziň ilimize gelip derýa gark bolsaňyz, şonda Tiniň iň ökde ýüzüjileri gelip sizi halas etmäge ýetişermi? Elbetde, olar gelýänçä siziň boljagyňyz bolar. Eger-de siziň saraýyňyza ot düşse, adamlar ony söndürmek üçin suwa ylgarlar. Şonda adamlar suw diýip, dagyň arkasyndaky ýerleşýän deňze tarap ylgarlarmy ýa-da iki ädimdäki ýalpak kölçelere? Elbetde, deňziň suwy boldur, ýöne ondan suw getirýänçäň ýanýan saraýyňdan nam-nyşan galmaz.
Muny diňlän Lu han:
– Siz akylly söz aýtdyňyz – diýip, söhbetdeşi bilen razylaşypdyr.
– Kimde-kim öz goňşusy bilen süýjülikde gatnaşyk etmese, birek-biregiň kömegine bil baglamasa, onda uzaklarda ýaşaýan dostundanam oňly haýyr ýokdur – diýip, Tsy han sözüniň üstüni ýetiripdir.
■ DIRÄ KÖMEK BER
Alim Çžuantszy ýeňi ýoluk garypdy. Bir gün ir bilen oýanyp görse, saçagynda iýmäge bir döwüm nan hem galmandyr. Ol gaýgy-gama batyp, öz mülkdar goňşusynyň ýanyna gelip bir ýuan kümüş pul sorapdyr. Mülkdar goňşy gysganç eken. Garyba karzyna pul bermek islemändir. Ony başyndan sowmak üçin bahana gözläpdir.
– Bir ýuan pul bilen siz dok bolmarsyňyz. Şonuň üçinem ýene bir aýdan gelseňiz, men size otuz ýuan bereýin. Siz bu pul bilen birnäçe wagtlap horlanman ýaşap bilersiňiz. Görýäňizmi, men nähili jomart adam, siz bir ýuan soraýaňyz, men bolsa otuz ýuan bermäge razy.
Çžuantszy onuň gürrüňini diňläp, oňa şeýle jogap beripdir:
– Men siziň ýanyňyza gelýärkäm ýolda gurap galan bir ýapjagazda iki ýana çyrpynýan balyga duş geldim. Ol janhowluna özüni halas etmegi menden haýyş etdi. Menem oňa ýüregim awap iki-üç bedre suw alyp, onuň üstüne dökdüm. Soňam balyga şeýle diýdim:
– Saňa iki-üç bedre suw näme bolar. Bir hepde garaş, meni mirap saýlajaklar, ine, şonda bu ýapdan hemişe suw akar ýaly ederin – diýdim.
Balyk dil açyp, maňa şeýle diýdi:
– Häzir meni seniň iki-üç bedre suwuň halas etdi. Bir hepdeden meni bir deňziň suwy hem halas edip bilmez!
Mülkdar:
– Muny sen näme üçin aýdýaň? – diýip soraýar.
Alim:
– Wah, goňşy jan, siz bir gepe düşünýän adam. Kömege öli däl, diri mätäç, diri – diýipdir.
■ «ÝAGŞYLYK»
Gadym zamanlarda Çynma-Çynda guşlary gowy görýän bir imperator ýaşap geçipdir. Ol çagalaryň gögerçinleri daş atyp, öldürýändiklerini bilip:
– Kimde-kim saraýa bir diri guş tutup getirse, onuň bir owuç pul sylagy bar – diýip, öz raýatyndakylara mälim edipdir.
Muny eşidip, çagalar gögerçinlere daş zyňmagy bes edipdirler. Tor gurup, olary diri tutup başlapdyrlar. Tutulan guşlardan ýaňa ullakan saraýda ýer ýokmuş.
Bir ýola imperatoryň ýurduna goňşy ilden dana bir goja sapara gelipdir. Imperator oňa gögerçinden doly saraýyny görkezipdir. Goja muny synlap:
– Munça guş size nämä gerek? – diýip sorapdyr.
– Ýüregim dözümsiz bolany üçin çagalardan guşlary goramak isledim – diýip, bolan wakany goja gürrüň beripdir:
– Munyň gowy, ýöne guşlaryň çagalaryna indi kim sereder, kim iýmläp, kim suw berer? – diýip, goja sorapdyr.
Imperator:
– Haýsy guş çagalaryny? – diýip, düşünmän soraga sorag bilen jogap beripdir.
– Saraýdaky guşlaryň yzlarynda çagalary galandyr-a. Olary kim iýmlemeli-dä?
– Bu hakda weli oýlanmandyryn – diýip, imperator boýnuna alypdyr.
Goja sözüni dowam edipdir:
– Siziň elbetde, ýüregiňiz ýukadyr. Siz guşlary gowy görýäňiz. Şondan soň hiç kim guşlaryň ömrüne howpam salmandyr. Ýöne indi diri guşlardan öli guşlar köpelendir. Eger siz bäş ýüz guşy halas eden bolsaňyz, şondan bäş esse guşuňam ömrüne zyýan edipsiňiz.
Gama batan imperator:
– Bä, ýagşylyk etmek çetin iş eken-ow – diýip, uludan dem alypdyr.
■ KIM GADYRLY
Talyp öz mugallymyndan sorapdyr:
– Köp gepleýän adam gadyrlymy ýa-da az gepleýän?
Mugallym jogap beripdir:
– Gurbagalar ir säherden giç agşama çenli saz edýärler. Hiç kes olara ähmiýet hem berýän däldir. Horaz weli daň saz berende gygyranda ukuda ýatan adamlar turmak bilen bolýandyr, aýaga galyp, işlemek bilen bolýandyrlar.
■ KIMIŇ SÖÝGÜSI GÜÝÇLI
Hökümdar Çžounyň Çu we Şe atly iki sany weziri bardy. Bir gezek hökümdar Çeýe garap:
– Seniň maňa sarpa goýşuň bolanok – diýipdir.
– Siz näme üçin beýle diýýäňiz. Meniň size sarpam uly, hormat-sylagym ýürekden – diýip, Çe aýdypdyr.
Hökümdar aýdypdyr:
– Şeniň maňa goýýan gadyr-gymmaty seňkiden artyk.
– Muny näme üçin beýle diýýäňiz – diýip, Çe ýene ondan sorapdyr.
– Çünki Şe hiç wagt meniň nogsanlyklarym hakynda aýdanok. Sen bolsa meniň nogsanlygymy ýüzüme aýdýaň. Eger sen meni sarpalaýan bolsaň, meniň nogsanlyklaryma hiç hili ähmiýet bermezdiň.
Çu oňa şeýle jogap beripdir:
– Kim öz dostunyň kemçiligini görüp, ony oňa aýtmasa, onda öz dostunyň kemçiliginiň artmagyna hemaýat berer.
Kim öz dostunyň kemçiligini ýüzüne aýtsa, onda ol kemçilikleriň bolmazlygyna sebäp bolar. Eý, hökümdar, indi özüňiz pikir edip görüň, size gadyr goýýan menmi ýa-da Şe?
Toplan: Allaýar ÇÜRIÝEW.
Paýlaşan: Sähet Aşyrow
10
276
9
sahet_ashyrov
07.04.2021 09:19
RUBAGYLAR
Şahyr şahyr däldir arz edip ýörse,
Erkek erkek däldir karz edip ýörse,
Halk başyna towkudyr ol hökümdar
Akmagyň işini dürs edip ýörse.
Özümizi özümiz kän aldadyk,
Melulmydyk ýa-da serhoş haldadyk?
Düşünmedim çarhy pelek oýnuna,
Gülmeli ýerinde çyndan agladyk.
Bu ne döwür, ne ahwalat, ne jebir?!
Ýaňralar serçe deý jibir-de-jibir.
Tokaý otlap, at gazanan kişi kän,
Gyzgan bitýä indi, tokaýdy nebir!
Dostuň gaplaň çyksa, wah, armanym ýok!
Ýylan bolup çaksa, wah, dermanyň ýok!
Tomus güni serçäni dost tutundym,
Döwek döwüp goýan, wah, harmanym ýok!
Pederin ynjydan zürýat ne derkar,
Ganhoryň ýasynda perýät ne derkar.
Ýakama tüýkürdim bir gün aýlawda,
Eşek ýaryşynda bedew ne derkar?
Akar suwuň bulananyn gördüm men,
Döwranlaryň dolananyn gördüm men.
Erem bagyn wada berip dilinde,
“Pygamberleň” gomalanyn gördüm men.
Allaýar ÇÜRIÝEW.
“Sowet Türkmenistany” 20.10.1989 ý.
6
171
8
sahet_ashyrov
06.04.2021 10:17
Gayrat eday
15
79
3
sahet_ashyrov
05.04.2021 10:46
Sowuga iň çydamly haýwanlar
17
95
3
Yene yükle