RUBAGYLAR
Şahyr şahyr däldir arz edip ýörse,
Erkek erkek däldir karz edip ýörse,
Halk başyna towkudyr ol hökümdar
Akmagyň işini dürs edip ýörse.
Özümizi özümiz kän aldadyk,
Melulmydyk ýa-da serhoş haldadyk?
Düşünmedim çarhy pelek oýnuna,
Gülmeli ýerinde çyndan agladyk.
Bu ne döwür, ne ahwalat, ne jebir?!
Ýaňralar serçe deý jibir-de-jibir.
Tokaý otlap, at gazanan kişi kän,
Gyzgan bitýä indi, tokaýdy nebir!
Dostuň gaplaň çyksa, wah, armanym ýok!
Ýylan bolup çaksa, wah, dermanyň ýok!
Tomus güni serçäni dost tutundym,
Döwek döwüp goýan, wah, harmanym ýok!
Pederin ynjydan zürýat ne derkar,
Ganhoryň ýasynda perýät ne derkar.
Ýakama tüýkürdim bir gün aýlawda,
Eşek ýaryşynda bedew ne derkar?
Akar suwuň bulananyn gördüm men,
Döwranlaryň dolananyn gördüm men.
Erem bagyn wada berip dilinde,
“Pygamberleň” gomalanyn gördüm men.
Allaýar ÇÜRIÝEW.
“Sowet Türkmenistany” 20.10.1989 ý.