sadajaaa_
15.08.2024 12:26

Şuwagt saňa ynanmaýan adamlar,

Bir gün seni tanadyklary üçin öwünerler.

11
66
sadajaaa_
15.08.2024 01:36

Bu dünýäniň gussalarna çolaşdym,
Saýa boldy ýalňyzlygyň kölgesi.
Dözmelimi yşk derdiniň jebrine,
Gutarýança demiň gidip-gelmesi.

Aňladym men perwanalaň ýazgydyn,
Söýýän diýip oda atýar ömrüni.
Ýazylmadyk hakykaty dünýäniň,
Söýýänlermiz jebir berýär...
Dogrumy?!

2015 ý.

©️Allanur Çaryýew - Bathyz

9
23
sadajaaa_
14.08.2024 19:14

Ýalňyşmakdan gorkam, bir ýalňyşy iki gezek gaýtalamakdan gork.

Käbir kişi bir zady dogry edýär welin, öwünýär:"
"men hiçem ýalňyşmaryn" diýip, emma onuň habary ýok eýýäm, şol sözi diýip ýalňyşanyndan.

Bir işde ýalňyşdyňmy, edip bilmerin diýip ruhdan düşmede, soňuna çenli göreşe dowam et. Çünki her üstünligiň içinde hökman ýalňyşlyk bolýandyr.

Ýalňyşlygyň 3 görnüşi bar:
1-nji bilip ýalňyşmak;
2-nji bilmän ýalňyşmak;
3-nji mejbur ýalňyşmak;

©️Begli Hangeldiýew

18
199
sadajaaa_
14.08.2024 01:34

Bir ökde suratkeşiň şägirdi okuwyny tamamlapdyr. Suratkeş şägirdini ugradanda suratlaryny şäheriň iň bir köplük ýerinde ýerleşdirmesini we ýanynda-da bir gyzyl ruçka goýup, halkdan halamadyk ýerine X goýmalary üçin ýazgy taslamasyny buýrupdyr. Okuwçy birnäçe günden soň, X-lardan doludygyny görüpdir. Muňa bozulyp halypasynyň ýanyna gidipdir. Suratkeş darykmamasyny we täzeden işini dowan etdirmekligini aýdypdyr. Şägirt suratyny täzeden çekipdir. Ussat surat ýene şäheriň iň gelim-gidimli ýerine goýmagyny aýdypdyr. Ýene bu gezek her dürli reňkler bilen birnäçe çotga goýup, ýanyna hem adamlardan halamadyk ýerlerini düzetmeleri üçin ýazgy taslamasyny isläpdir. Okuwçy aýdylanlary edipdir. Birnäçe günden soň görse, suratyna hiç el degmändir. Begenip halypasynyň ýanyna barypdyr. Halypasy şeýle diýipdir:
-Birinjiňde ömründe surat çekip görmedik adamlaram seniň suratyňy garalady. Ikinjide sen olardan dörediji bolmaklaryny islediň, dörediji bolmak üçin türgenleşmek gerekdir. Hiç kimiň bilmeýän zadyny üýtgetmäge gaýraty çatmady-diýipdir.


Bellik: Hekaýa göwnüňize ýaran bolsa like goýmagy unutmaň!

23
53
sadajaaa_
13.08.2024 20:50

Her syrtyňy sypalaýana dost diýme,

Belki pyçaklar ýaly ýer gözleýändir.

18
55
sadajaaa_
13.08.2024 17:35

Elmydama ýagşy niýetde bol,
Köp zat adamyň niýetine görä bolýandyr..!

17
42
sadajaaa_
13.08.2024 01:10

Söz çygryna sygyşmadyk duýgulam,
Ahmyr bolup gözlerimden damyp dur.
Şol gözeliň söýgi hakda wadasy,
Ýüpsüz gelip salgymyna daňypdyr.

Goradym men şol gözeli sowukdan,
Gorapdym-a aňzagyndan jahanyň.
Alyp gitdim kükregimde gujaklap,
Iň owadan ýerlerine baharyň.

Doga etdim gursagymdan adyny,
Şol gyz boldy zyýarata saparym.
Mährim gitse, sözlem bilen ezizläp,
Dymyp ýeňdim gelen çagy gaharym.

Özgeleriň garaýşyndan goradym,
Goradym men gussasyndan älemiň.
...Bu gün bolsa gözlerime ynanman,
Ýazgydyna garşy bolýan täleýiň.

Çäre tapman, kimden haraý gözlejek,
Söýenmese umyt atly tärimiň.
Haky boldy çekilmedik gussalar,
Däli deýin aşyk bolan kärimiň.

Arzuwlarmyň kölegesin gujaklap,
Sözem ýokdy köşeşmäge, diýere.
Duýgularma ynandymmy çaga deý,
Ýokdy aahyr ýeke sebäp köýere!

...Ýalan dünýä, neçün gülýän üstümden,
Günä dälmi dil ýetirmek söýene?!


©️Allanur Çaryýew - Bathyz

24
58
sadajaaa_
12.08.2024 23:48
Durmuşda iň gymmatly suwuklyk gözýaşdyr:

Onuň 1%-i suw, 99%-i duýgudyr. Şonuň üçin birini ynjytmazdan ozal pikirleniň.
23
56
sadajaaa_
12.08.2024 20:14

On teňňä, hiç zat duşenok diýme
Bir teňňedenem, arzan adamlar barka..!

20
45
sadajaaa_
12.08.2024 01:58

Ol gyz meni, goý, söýmese-söýmesin,
Çagyrmasa-çagyrmasyn ýanyna.
A men bolsa arzuwlarma aldanyp,
Ýene goşgy ýazaryn şoň şanyna.

Gamgyn bolmaz ol goşgulaň biri hem,
Okan wagty meni ýatlap güler ol.
Kä gamlanyp, bir meni däl, ýene-de,
Köp zatlary söýmänini biler ol.

Gussalarym ýüregime syganok,
Arzuwlarym şygyrlarma döküler.
Meniň goşgularmy okanda ol gyz,
Şonda meni söýmänine öküner...


(Ogultäç Oraztaganowanyň äheňinde)

©️Allanur Çaryýew - Bathyz

18
39