sadajaaa_
12.08.2024 01:58

Ol gyz meni, goý, söýmese-söýmesin,
Çagyrmasa-çagyrmasyn ýanyna.
A men bolsa arzuwlarma aldanyp,
Ýene goşgy ýazaryn şoň şanyna.

Gamgyn bolmaz ol goşgulaň biri hem,
Okan wagty meni ýatlap güler ol.
Kä gamlanyp, bir meni däl, ýene-de,
Köp zatlary söýmänini biler ol.

Gussalarym ýüregime syganok,
Arzuwlarym şygyrlarma döküler.
Meniň goşgularmy okanda ol gyz,
Şonda meni söýmänine öküner...


(Ogultäç Oraztaganowanyň äheňinde)

©️Allanur Çaryýew - Bathyz

18
39
ATOMIC
12 Awgust 2024
⚜️👍👍🏻🌟👍👍🏻⚜️ gowy goşgy ýöne ökünmese näme birden:)
wolf
12 Awgust 2024
Şu goşgyny çyndanam haladym 👍🏻🔥👌🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.