sabyrly
14.03.2024 13:32
Ýol ugrunda başy açyk, aýak ýalaň bir pukara kişi oturan ekeni. Gün jazyrdadyp onuň tenini-başyny ýaksa, siňekler ýüzüne-bedenine çozupdyr. Ol siňekleriň derdinden nalap, dadyperýat edipdir.
Şol wagt onuň gapdalyndan ýany birtopar janpenaly bir baý adam paýtunly geçip barýan ekeni. Gedaýy gören baý aýak çeken. Oňa nebsi agyrypdyr. Ol gedemlik bilen şeýle diýen:
— Şu gün keýpim kök meniň. Elimem açyldy. Islän zadyňy sora, derrew berjaý edeýin! Dünýäde bar zada erkim ýetýär! Bar kişi menden gorkýandyr!Ýürege düşgünç siňeklerden hem jöwzadan ejir çekýän pukara şeýle diýipdir:
— Allanyň haky üçin meni siňeklerden dyndyrsana! Olara bu ýerden git diýip buýruk ber! Ýogsa janymy aljag-a olar! — diýen.Ulumsy baý egnini gysypdyr-da:
— Ýok! Siňekler maňa tabyn däl! Men siňekleri kowup bilemok! — diýipdir.
Baý giden dessine gedaýyň ýanyna çar tarapdan ylgaşlap gelen adamlar:
— Bagty geleniň biri! Belki, baý saňa mal-mülk, baýlyk berendir! — diýşipdirler.Pukara bende ýüzüni-gaşyny bürüşdirip:
— Men ýaňky baý adamyň beýle güýçsüzdigini bilmändirin! Ol meni hatda siňeklerdenem dyndaryp bilmedi! Ýogsa dünýäde siňekden ejiz jandar ýog-a! — diýipdir.
ÖKÜZ HEM ENE ARSLAN
Öküz uklap ýatan şir çagasyny görüpdir, onsoň ony süsüp öldüripdir, soňam gaçyp gidipdir. Çagasynyň ölendigini gören urkaçy şir, ahy-nala edipdir, nagra dartyp, öküzi näletläpdir.Ony gören ýekegapan şeýle diýen.
— Eger çagaň ulalyp, ýolbars çykansoň beýleki haýwanlary öldürse, iýse, näçe enäniň sen ýaly jebir çekjekdigi barada oýlandyňmy beri?
26
48
sabyrly
13.03.2024 19:13
Birleşse ýürekler ilki oňlajak,
Ýaşlaryň ejesi-dädesi bolsun.
Saýlaň, päk söýgini ýokdur geňlejek,
Saýlanyňyz ynsan sadasy bolsun.
Ömür ýoluňyzda ýagşa sataşyp,
Geziň bir-birege ýag deý gatyşyp.
Kalbyňyzda ýansyn yşkyň ataşy,
Goluňyzda bagtyň badasy bolsun.
Goýuň munda bir zat, ýitmäň dereksiz,
Özüňizi hergiz duýmaň gereksiz,
Dünýä umman bolsa uçsuz-gyraksyz,
Ojagyňyz bagtyň adasy bolsun.
Içine goşulyp ýagşy illeriň,
Ýarany boluň siz ýagşy pälleriň.
Menzile ýetirjek uly ýollaryň,
Iň ilkinji inçe ýodasy bolsun.
Oňuna bolanda her bir ädimiň,
Günleriň süýjüsi bolar dadanyň,
Bereket isleýän her bir adamyň,
Ilki kanagatly mädesi bolsun.
Hemra bolsun size abraýlar, atlar,
Nusga alsyn sizden ýakynlar, ýatlar.
Bir bakyşda dörär dörejek zatlar,
Gözüňizde yşkyň jadysy bolsun.
Göreji boluň siz yşkyň gözüniň,
Haýadan tuwagy boluň ýüzüniň.
Bäş harpdan ybarat «söýgi» sözüniň,
«Bagt» atly sazlaşan notasy bolsun.
Jänegül Gurbanowa
30
46
sabyrly
12.03.2024 14:36
Dolap ýene çagalygma,
Maňa jaň etsene, eje!
Beled-ä sen meň gylygma,
Maňa jaň etsene, eje!
«Sag-amanmy senem?» diýip,
«Mydar edýän menem» diýip,
«Okuwlaryň neneň?» diýip,
Maňa jaň etsene, eje!
Durmuşyň kän eken a:ly,
Çylşyrymly mysal ýaly.
Okuwdan soň giçlik, häli,
Maňa jaň etsene, eje!
Käýe, gyzsa gyzsyn çetim,
Ýeke çapmaz ýaly atym.
Berip dünýäň nesihatyn,
Maňa jaň etsene, eje!
Şol tanyşja sözleň aýdyp,
Öz dünýäňe getir gaýdyp,
Talyp ogluň çaga öýdüp,
Maňa jaň etsene, eje!
Iýdiribän iýmedigim,
Geýdiribän geýmedigim,
«Oka!» diýip goýmadygym,
Maňa jaň etsene, eje!
Sensiz ýalňyzlygym syzyp,
Kindiwanja öýkäm ýazyp,
Arzuwlaň tertibin düzüp,
Maňa jaň etsene, eje!
Ynanjaň ogluňy goldap,
Öz ýanyňdan bir gyz belläp,
Owadan suratyn ýollap,
Maňa jaň etsene, eje!
Duýgudan gözüm gamaşyp,
Gitmezim ýaly azaşyp,
Göwünlik berip azajyk,
Maňa jaň etsene, eje!
Aňyma ýagşyny guýup,
«Ýamandan gaça dur!» diýip,
«Hak hossar ejedir» diýip,
Maňa jaň etsene, eje!
Kakama-da aýt salammy,
Jany sag, başy amanmy?
Kowup başymyň dumanny,
Maňa jaň etsene, eje!
Saparmuhammedow YLÝASOW
34
32
sabyrly
11.03.2024 18:29
Durmuşyň iň esasy iki güni: doglan günüňiz we onuň sebäbine düşünen günüňizdir.
Eger hakykaty aýtsaňyz, hiç bir zady ýatda saklamak gerek bolmaz.
Her kim Aýa meňzeşdir, hiç kime görkezmeýän garaňky ýüzi bardyr.
Arzuwlaryňyzy kiçeldýän adamlara üns bermäň, pes adamlaryň häsiýeti şeýle. Ýöne, hakykatdanam, beýik kişiler siziňem beýik bolup biljekdigiňizi ynandyrarlar.
Adamlar özlerini söýdürmek üçin köp zat ederler, özgelere gabandyrmak üçin bolsa hemme zat ederler.
Men bir garry adam, köp keselleri bilýän, ýöne bulaň köpüsini görmedim.
Mertlik dert bilen söweşmekdir, dertleriň ýoklugy däldir.
Her gün etmek islemeýän zatlaryňyzy ediň, bu siziň jogapkärçiligiňizi aňsatlyk bilen ýerine ýetirmäge kömek edip biler.
Sowatsyz sowatsyzdan beýik bolup bilmez.
Bagyşlamak gülleriň özüni basan aýaklara berýän ysydyr.
Şatlygyň manysyna düşünmek üçin ony paýlaşmaga adam gerek.
Adamyň ýekeje ýaragy bardyr, olam gülki.
Akylsyzlar bilen dawalaşmaň, töwerekdäkiler tapawudyňyzy saýgarmazlar.
Goh hiç zadyň subutnamasy däldir, ýumurtga guzlaýan towuk hem hamala astroid guzlaýan ýaly gygyrar.
Dogruçyllyk ýiten sungatlaryň iň beýgidir.
Täze pikirli adam pikirini subut edýänçä samsykdyr.
Dostlaryňyz sizi ýaş görünýäňiz diýip öwýän bolsa, onda siz garransyňyz.
Mark TWEN
28
86
sabyrly
10.03.2024 12:55
Gaýgy-gussa aslyşyp dur ruhumdan,
Ýat boldy kalbyma şatlyk şowhunda,
Azaşdymla dünýäñ ala gohunda,
Çekýän jebri-jepa günähim nedir,
Allahym ýa ýaşat, ýa gözüm ýumdur!
Hassalyk ýykýandyr ýigdiñ merdinde,
Öz-özümden daşlaşýaryn her demde,
Ýük ýükläre ýer galmady gerdende,
Zerre sahawatyñ derdime emdir!
Allahym ýa ýaşat ýa gözüm ýumdur!
Çäresiz men, el aýagym güýlenip,
Ökünýän ýalñyşlam hakda oýlanyp,
Señ gapyña geldim ýene aýlanyp,
Bendäñe rehm eýle agymy diñdir,
Allahym ýa ýaşat ýa gözüm ýumdur!
Her günde müñ ýola direlýän ölüp,
Acylan ter güldüm galdymla solup,
Oýanýan, özgeriş göräýjek bolup,
Eden tobalarym belkide kemdir,
Allahym ýa ýaşat ýa gözüm ýumdur!
Diş gysdym agyryñ beren gynagna,
Sabr etdim dört ýyllap salan synagña,
Saglygyma gowşur menem sylagla,
Her bir geçen günüm aý, ýyla deñdir,
Allahym ýa ýaşat ýa gözüm ýumdur!
Aşagynda galdymmy ýa gargyşyñ,
Bu halymda parhy näme ýaz gyşyñ,
Başgalara ýük etmäwer haýyşym,
Mähir muhabbetiñ kalbyma siñdir,
Allahym ýa ýaşat ýa gözüm ýumdur
Men bir ajyz bendäñ hak eýäm sensiñ,
Beren rysgyñ bilen ekleýän sensiñ,
Bela beterlerden saklaýan sensiñ,
Kerem keramatyñ üstüme ýagdyr
Allahym ýa ýaşat ýa gözüm ýumdur!
Süleýman Tekäýew
Goşgy real durmuşdan alnyp haýyşt boýunça ýazyldy.
32
112
sabyrly
09.03.2024 11:51
Ençeme ýyl mundan ozal bir şäherde örän pähimdar kişi ýaşapdyr. Onuň ýanyna adamlar ýygy-ýygydan maslahata gelipdirler. Ol her gelene gowudan-gowy maslahat bermäge çalşypdyr. Akyldaryň şöhraty çar tarapa ýaýrapdyr.Bir gezek bu pähimdar adam hakdaky gürrüň şol töwerekde ýaşaýan başga bir tanalýan dana kişä baryp ýetipdir. Bu dana hem öz maslahatlary bilen adamlara kömek edýän ekeni. Oňa özüniň pähimdar saýylmagy, sözüne gulak asylmagy ýaraýan ekeni. Haçanda ol özünden başga ýene bir akyldaryň barlygyny eşidende meşhurlygyny ýitirerin öýdüp gaharlanypdyr. Şeýlelikde, ol beýleki adamlara özüniň oňa garanda has pähimdardygyny subut etmegiň kül-külüne düşüpdir.Uzak wagt pikirlenip, şeýle karara gelipdir: «Bir kebelegi tutaýyn-da ony elimiň aýasynda gizläýin. Hemmeleriň gözüniň alnynda: «Aýt, meniň elimde näme bar?» diýip soraýyn. Ol, elbetde, beýik akyldar, şonuň üçinem ol muny biler: «Seniň eliňde kebelek bar» diýip aýdar. Şonda men ondan: «Nähili kebelek, janlymy ýa jansyz?» diýip soraryn. Eger «diri» diýse, onda men aýamy çalaja gysaryn, elimi açanymda hemmeler kebelegiň jansyzdygyny
görerler. Eger ol «jansyz» diýse, men aýamy açaryn-da, kebelegi uçuryp goýbererin. Şondan soňra hemmeler onuň ýalňyşandygyna göz ýetirerler. Ol şeýle hem edipdir. Bir kebelek tutupdyr-da, dana kişiniň ýanyna baryp:
— Hany, aýt, meniň elimde näme bar? — diýip sorapdyr. Akyldar:
— Seniň eliňde kebelek bar — diýip jogap beripdir.
— Onda aýt, ol janlymy ýa jansyz?
Akyldar onuň gözüniň içine seredipdir-de, şeýle diýipdir:
— Ähli zat seniň eliňde!
32
63
sabyrly
08.03.2024 11:53
Käbir adamlara düşünemok hiç,
Ýalandan öwäýseñ serpaý ýaparlar.
Müñ ýagşylyk edäý ýene iru giç,
Seni ýazgarmaga sebäp taparlar.
Ýalñyşlyklar bilen kämillär adam,
Salyh amallaryñ beýgelder adyñ,
Her kim görer görmek isleýän zadyn,
Seni ýazgarmaga sebäp taparlar.
Gepdir gybatlara döz geljek bolup,
Aldanma il üçin özgerjek bolup,
Süýde siñe bakyp gan görjek bolup,
Seni ýazgarmaga sebäp taparlar.
Ýakynlap gelýärmi ýa ahyr zaman,
Bilmedim gözlerin örtdümi duman,
Ynamyñ ýerini eýeläp guman,
Seni ýazgarmaga sebäp taparlar.
Hakykat gezip ýör bilini büküp,
Ýamanyñ sözlärler ýagşyñy bukup,
Meñki dogry diýe döşüne kakyp,
Seni ýazgarmaga sebäp taparlar.
Sen kalbyñy diñle ýüwürtme göwün,
Öz wagty gelende çözüler düwün,
Akja jüýje bolaý günlerde bir gün,
Seni ýazgarmaga sebäp taparlar.
Iblise el berip adamlar a:zdy,
Bwýik Alla beren wadasyn pozdy,
Süleýmanam gören, eşdenin ýazdy,
Menem ýazgarmaga sebäp taparlar.
Süleýman TEKÄÝEW
31
68
sabyrly
07.03.2024 22:53
Bu gün ajaýyp gün sekizinji mart,
Gelin gyzlar baýramyñyz mübärek.
Sizden uzak bolsun, gaýgy-gussa dert,
Gelin gyzlar baýramyñyz mübärek.
Gözleri mähirli kalby türkana,
Siziñ bilen tutuş barlyk görkana,
Ýüzüñiz solmasyn ýaşañ erkana,
Gelin gyzlar baýramyñyz mübärek.
Dilleri şekerdir elleri çeper,
Duýgulary tämiz, göwnüñi tapar,
Ýüreklerñiz, söýgi küýsäp at çapar,
Gelin gyzlar baýramyñyz mübärek.
Durmuşyñyz bolsun süýjiden süýji,
Galan zatlañ tapylar bir eläji,
Maşgalañ diregi başlaryñ täji,
Gelin gyzlar baýramyñyz mübärek.
Ezizdir, aýagnyñ aşagy jennet,
Mähribän ene siz wepaly perzent,
Başyñyz dik bolsun ruhuñyz belent,
Gelin gyzlar baýramyñyz mübärek.
Bu gün bir agyzdan bütin ýer ýüzi,
Sowgat serpaý bilen garşylar sizi,
Kabul ediñ menden şu gutlag sözi,
Gelin gyzlar baýramyñyz mübärek.
Süleýman Tekäýew
26
52
sabyrly
07.03.2024 14:15
IKI GARJAGAZ
Gar ýagýardy. Ýelsiz-şemalsyz howada mymyk garjagazlar emaý bilen haýal pyrlanyşyp, Ýere sary tans oýnap, pessaýlap gelýärdi.Ýanaşyk gaýyp gelýän garjagazlar söhbete girdiler. Olar bir-birinden aýrylmajak bolup, gol tutuşdylar, biri şadyýanja jedirdedi:
— Uçmagyň lezzetini diýsene, gaýmalamak ne ajap!
— Biz uçamzok, aşak gaçýarys — diýip, beýlekisi gussaly jogap berýär.
— Tizara biz Ýere gowşarys–da, oňa ap-akja mymyjak ýapynja (begres) bolarys!
— Ýok, biz ajalymyza tarap uçup bar-ýas, Ýer üstünde bizi depelärler.
— Biz çeşme bolarys–da, ümzügimiz öňe — deňze sary bolar. Biz baky ýaşarys!
— diýip, garjagazlaryň birinjisi begenipdir.
— Ýok, biz eräris–de, ömrümiz kül bolar
— diýip, ikinjisi oňa garşy çykypdyr.
Ahyrsoňy dawa olaryň ýüregine düşüpdir. Olar bir-biriniň ellerini goýberipdirler-de, hersi öz saýlan ykbalyna garşy gaýyp gidipdir.
BAGTYÑ SYRY
Täjirleriň biri bagtyň syryny biljek bolup, ogluny adamlardan iň danasynyň ýanyna ugradypdyr. Ýigit kyrk gün çölbbeýewandan gidipdir, ahyrsoňy belent dagyň depesinde gurlan owadan gala ýetipdir. Onuň gözleýän danasy şol ýerde
ýaşaýan ekeni.Ol danany göreýin diýip, jaýa girse, o taýy misli bazar diýýär: söwdagärler girip-çykyp ýörmüş, birtopar adamam ja-ýyň bir künjeginde gep otaryp otyrmyş, kiçeňräk orkestr hoş owazly sazlary çalsa, desterhan bu ýerde bitýän nygmatlardan doly ekeni. Her hili adamlar özara
söhbet gurup dur ekeni, ýetginjek öz nobaty ýetinçä iki sagat töweregi garaşmaly bolupdyr.
Dana kişi ýigidiň näme maksat bilen gelendigini dykgatly diňläpdir, ýöne oňa bagtyň syryny açmaga häzir wagtynyň ýoklugyny aýdyp, köşge aýlanyp, ýene iki sagatdan gelmegini haýyş edipdir. Dana ýigide bir çemçejik beripdir, oňa-da ikije damja ýag damdyryp, şeýle diýen:
— Ýöne senden bir zat haýyş etmekçi.
Gezip ýören wagtyň şundaky ýagy dökmejek bolaweri.Ýigit köşk basgançaklaryndan gözüni çemçejikden aýyrman, ýokary galyp, aşak düşüpdir. Iki sagatdan soň ýene dananyň ýanyna gelipdir. Ol:
— Nähili? Sen meniň nahar edinýän
otagymdaky ajap halylary gördüňmi? Baş bagbanyň on ýylda kemala getiren bagy
saňa ýaradymy? Kitaphanamdaky kitaplar neneň? — diýip sorapdyr.Ýigit ýygrylyp, hiç zat görmändigini boýun almaly bolupdyr. Ol diňe dananyň çemçä damdyran iki damja ýagyny dökmezligiň pikirini edip gezen ekeni.
— Bolýa-da, indi täzeden aýlan-da, köşgümiň gözelliklerine syn et — diýip, dana oňa ýene tabşyryk beripdir.Köşeşen ýigit içi ýagly çemçejigi alypdyr-da, ýene köşge aýlanyp ugrapdyr, bu gezek welin, köşgüň diwarlaryndandyr depeliginde asylyp goýlan sungat eserlerinem gözden salmandyr. Ol daşyny dag gallap duran baglara, nepis güllere syn edipdir, her bir sungat eseriniň hut öz ýerinde asylandygyna üns beripdir. Soňra ol dana gören zatlarynyň ählisini jikme-jik gürrüň beripdir.
Dana:
— Hany, çemçäňdäki iki damja ýagy nätdiň? — diýip sorapdyr.Ýigit görse, ýag dökülen ekeni.Şonda dana:
— Indi saňa berjek ýeke maslahatym: bagtyň syry dünýäniň bar gözelligine baksaň-da, çemçejikdäki iki damja ýagy ýatdan çykarmazlykdadyr — diýipdir.
33
59
sabyrly
06.03.2024 23:04
GALAM
Galam ussasy ony gabyna salmazdan
ozal gapdala goýdy. Soňra maslahat bermäge
başlady:
— Dünýäde seniň bilmeli 5 zadyň bardyr.
Men seni dünýä bermänkäm olary pugta belle
we ýatdan çykarma. Şonda sen dünýädäki iň
gowy galam bolup bilersiň.
Birinjisi: eger kimdir birine özüňi elinde tutmaga mümkinçilik berseň, gaty uly işleri edip
bilersiň.
Ikinjisi: her bir sapar seni ýiteldenlerinde
ejir çekersiň. Emma ol seniň iň gowy galam
bolmagyň üçin zerurdyr.
Üçünjisi: sen öz goýberen kemçilikleriňi
düzetmäge ukyplysyň.
Dördünjisi: seniň iň möhüm bölegiň içiňde
ýerleşýändir.
Bäşinjisi: seni nirede ulanýanam bolsalar,
hemişe öz yzyňy galdyrmalysyň. Nähili ýagdaýda bolsaňam, ýazmagyňy dowam etmelisiň.
ADAM WE GARYNJA
Bir adam garynjalary synlap, olaryň
zähmetsöýerligine üns beripdir. Olaryň haýyr heläk bolup öý gurýandygyny, işleriň diýseň
depginli dowam edýändigini görüp, haýran galypdyr. Garynjalar agzybirlik bilen işleýärdiler.
Olaryň biri sypal daşasa, beýlekisi onuň ýoluny
arçapdyr. Üçünji biri suw getirse, dördünjisi iý-
mit tapypdyr. Bäşinjisi bolsa öý gurmak bilen
meşgullanypdyr. Ýaňky adam bu ýagdaýa guwanyp:
— Garynjalar, siz nähili agzybir we işeňňir
— diýip, garynjalary alkyşlapdyr.
Garynja:
— Biz ony bilýäris. Seniň özüň kim? — di-
ýip, oňa sowal bilen ýüzlenipdir.
Adam:
— Men ynsan. Bize akyl-paýhas berlipdir
— diýip, jogap beripdir.
Onda garynja:
— Siz bize meňzeşmi? — diýip sorapdyr.
— Biraz meňzeşlik bar. Biz tebigatyň kanunlaryny özleşdirdik. Ummanlaryň düýbüne ýetdik. Aýa aýak basdyk. Jaýlary, hatda uly şäherleri gurýarys — diýip, adam guwanyp
gürläpdir.
— Onda sizem alkyş aýdylmagyna mynasyp — diýip, garynja dillenipdir. Soňra bolsa ol şeýle diýipdir:
— Sen, öz aýdyşyň ýaly, akylly-paýhasly
bolýan bolsaň, bu ýerde garynjalar bilen gürleşip oturman, haýyrly iş bilen meşgullanmaly ekeniň.
28
48