Dolap ýene çagalygma,
Maňa jaň etsene, eje!
Beled-ä sen meň gylygma,
Maňa jaň etsene, eje!
«Sag-amanmy senem?» diýip,
«Mydar edýän menem» diýip,
«Okuwlaryň neneň?» diýip,
Maňa jaň etsene, eje!
Durmuşyň kän eken a:ly,
Çylşyrymly mysal ýaly.
Okuwdan soň giçlik, häli,
Maňa jaň etsene, eje!
Käýe, gyzsa gyzsyn çetim,
Ýeke çapmaz ýaly atym.
Berip dünýäň nesihatyn,
Maňa jaň etsene, eje!
Şol tanyşja sözleň aýdyp,
Öz dünýäňe getir gaýdyp,
Talyp ogluň çaga öýdüp,
Maňa jaň etsene, eje!
Iýdiribän iýmedigim,
Geýdiribän geýmedigim,
«Oka!» diýip goýmadygym,
Maňa jaň etsene, eje!
Sensiz ýalňyzlygym syzyp,
Kindiwanja öýkäm ýazyp,
Arzuwlaň tertibin düzüp,
Maňa jaň etsene, eje!
Ynanjaň ogluňy goldap,
Öz ýanyňdan bir gyz belläp,
Owadan suratyn ýollap,
Maňa jaň etsene, eje!
Duýgudan gözüm gamaşyp,
Gitmezim ýaly azaşyp,
Göwünlik berip azajyk,
Maňa jaň etsene, eje!
Aňyma ýagşyny guýup,
«Ýamandan gaça dur!» diýip,
«Hak hossar ejedir» diýip,
Maňa jaň etsene, eje!
Kakama-da aýt salammy,
Jany sag, başy amanmy?
Kowup başymyň dumanny,
Maňa jaň etsene, eje!
Saparmuhammedow YLÝASOW