pylan
01.05.2024 07:24
Firmanyň eýesi garry bir adam hassa bolupdy. Indi günleriniň salgydygyny duýýardy. Garry adamyň üç ogly bardy. Ogullaryny ýanyna çagyrdy. Olara indi garrylygyndan işiň başynda durmagyna päsgel berýändiginden aýtdy. Geljek bilen baglanyşykly ogullaryna öwüt-ündew berdi. “Üçüňizde meniň çagalarym, ogullarymsyňyz. ” diýdi. “Içiňizden haýsyňyzyň firmamyzyň başyna geçmeli, muňa karar bermek örän kyn. Men ölemden soň hem gatnaşygyňyzyň bulaşmagany islämok. Şol sebäpden siziň haýsyňyzyň işe mynsypdygyňyzy bilmek üçin sizi synaga salmaga karar berdim. Üçüňizide 100 manat berjek. Häzir gidip diňe şu ýüz manat bilen şeýle bir zat alyň, agşam öýe geleňizde bu otagy bir burçdan beýleki burça çenli doldurmaly. Bu diýenimi kim edip bilse, işleriň başynda durar ” Çagalar kakalarynyň ýanyndan gaýtdylar we her biri dürli ýola çykyp kakalarynyň islegini durmuşa geçirmäge başladylar. Agşam yzyna gelenlerinde kakalary “Balalarym, ýüz manat bilen näme aldyňyz?” diýip sorady. Uly ogly: “Bir dosdumyň ekin ýerine gitdim. Ýüz manat berdim we ondan iki top saman aldym.” diýip jogap berdi. Soňundan hem otagdan daşary çykyp getiren samanlary içerik saldy we haltany açanda, samany howa zyňyp başlady. Otagyň hemme ýeri saman boldy. Ýöne azyjyk wagtdan soňra samanlaryň hemmesi ýere düşüp, uly ogly kakasynyň islegini kanagatlandyrmadygy görüldi. Garry adam ondan soňra ortanjy ogluna seredip, “Onsaň oglum, sen puluň bilen näme etdiň?” diýip sorady. Ortanjy ogly: “Ýorgan tikýäniň ýanyna bardym. Ondan ýüz manatlyk guş ýelegini aldym.” diýip jogap berdi. Yzyndan haltasyny içerik salyp içindäki hemme ýelekleri howa ýaýradyp başlady. Bir-iki minutlyk otagyň hemme ýeri ýelekden doldy, emma saman ýaly ýeleklerem ýuwaş-ýuwaşdan ýere gaçdy we şeýlelik bilen bu çaga hem otagyň içini doldurup bilmedi. Gezek körpe çaga gelipdi. Ýarawsuz ýagdaýda ýatan ýerinden ýuwaşlyk bilen galdy-da, “Sen balam, puluňy näme etdiň?” diýip sorady. Körpe ogul: “Ilki bilen kiçi bir dükana gitdim. Ýüz dükanyň eýesine berip, ondan puly bölmegini isledim. Soňra elli manady haýyr-sahawat toparynyň gutusyna atdym, kyrk manat bilen ýolda gören iki mätäje iýer-içer ýaly zat aldym, galan on manat bilen iki zat aldym.” Körpe ogul muny diýip-diýmän elini jübüsine sokup bir çakmak we bir şem çykardy. Otagyň çyrasyny öçürip, şemi ýakanda otagyň içi şemi ýagtylygy bilen doldy. Ýüz manatlyk saman we ýelek otagy dolduryp bilmedi, emma on manatlyk şem we çakmak tutuş otagy bir çetden beýleki çete nur bilen dolupdy. Garry adam kanagatlanarly ýüz keşbi bilen “Diýseň gowy oglum!” diýdi. “Menden soň işleriň başynda sen bolarsyň. Sebäbi durmuşa degişli gaty möhüm bir zady nuruňy saçmagy öwrenipsiň” diýip ak pata berdi.
19
55
pylan
30.04.2024 12:35
1.Eger adamyn gözi bir kamera bolsady onda 576 mega piksel bolardy.

2.Çalt gaharlanyan adamlar köpsi gaharly däl streslidir.

3.Dünýäde adamlaryñ sanyndan towuklaryñ sany köpdür.

4.Ýylanlaryñ eşdijilik ukyby ýokdyr.

5.Balykgulagyñ 25.000- e golaý dişi bolýar.

6.Eger 3 minutlyk sowuk duşa girseñiz onda 40 kalori ýakarsyñyz.

7.Ýangyn söndüriji enjamy kimiñ oýlap tapany belli däl. Sebäbi patenti ýangynda ýok bolupdyr.

8.Eger myşsañyz (pres) güýçli derejede agyrýan bolsa onda; nemli palatensany mikrawolnowkada 30 sekuntlap gyzdyryñ. Soñra agyrýan myşsañyza ýapyñ.

9.Osminoglar ajyganda öz gollaryny iýýär.

10.Gadymy pinguwinler uçup bilipdir.

11.Klawiturañyzdaky klawişlerde tuwaletden 200 esse köp bakteriýa bar.

12.Lübnanda haýwan bilen jyns gatnaşygyna girmek bolýar. Emma erkek haýwan bilen bolmaly däl.

13.Ýer ýüzüne günde ortalama 8.6 million gezek ýyldyrym düşýär.

14.Bir kör syçan günde 90 metr tunel gazýar.

15.1876-njy ýylda ABŞ Alýaskany Russiýadan diñe 7.2 millon dollara satyn alypdyr.

16.Fransiýada öli bir adam bilen durmuşa( öýlenmek) çykmak mümkin.

17.Žirafa dili bilen gulagyny arassalap hem bilýär.

18.Britaniýada bütün guwlar şa zenanynyñ eýeçiliginde.

19.Eskimolaryñ garrylary güýçden düşeninde özlerini öldürýärler. Fijili garry erkekler ölmek islegini ýakynlaryna aýdypdyrlar. Bellenilen gün geleninde garry ýaşulyny diri topraga gömüpdirler.

20.Basketboly ilkinji Kanadaly James Naismith tarapyndan 1891-nji ýylda oýlanylyp tapylypdyr.

21.Zebralar ilki ak soñ gara çyzgylydyr.

22.Dünýäde 4300 tapawytly din bar.

23.Belli oýunçy Kate Winslet täze dogan çagasyna "Aýy" (bear) adyny dakdy.

24.Pariźde adamdan it köpdir.

25.Bütün Apple önümlerinde steve jobs belligi gizlenen ýagdaýda bardyr.

26.Burnuñyz bilen başam barmagyñyz deñdir.

27.Dünýäniñ aýlanýandygyny ilkinji keşp eden alym Biruny.

28.Dünýäde 400 milliona golaý it bar diýip çak edilýär.

29.Panama kanalynyñ gurluşygy wagtynda 25.000 işçi yogaldy.

30.Diýabet keselliler iñ köp turşy almany iýmäni halaýar.
21
80
pylan
29.04.2024 08:17

Nämedir adamyň janyndan eý görýän zady?

Nämedir adamyň ölümden beter gorkýan zady?

Garyplaryň eyelik edýän zady?

Baýlaryň mätäç zady?

25
149
pylan
08.01.2024 17:57
Arahis dinamit önümçiliginde peýdalanylýar.

Dünýäde iň çalt gürleýänler fransuzlardyr. Ýaponlar minutda 310 söz, iňlisler 210 söz, nemesler 200 söz aýdýan bolsa, fransuzlarda bu görkeziji 350 söze deňdir.

Adamyň böwreginde toplanýan daşlaryň şu wagta çenli ýüze çykarylan iň ulusynyň agramy 1,36 kg deňdir.

1979-njy ýylda Pensilwaniýada doglan ekiz çagalara Pepsi we Kola diýip at goýupdyrlar.

Erkekler zenanlara seredende dowamly, gaty we ýygy-ýygydan gülýärler.

Mör-möjekler ýylda ekinleriň hasylynyň 25-30 göterimini ýok edýärler.

Kolibri guşy ýeke-täk öňe, yza we gapdala uçup bilýän guşdur.

XVI asyrda Filippinlerde oýnawaçlar ýaraglara çalymdaş bolupdyr.

Bir balary maşgalasy bir möwsümde 150 kg bal öndürip bilýär.

Hokkeý şaýbasynyň tizligi sagatda 160 km çenli ýetip bilýär.

Ilkinji süýtli şokolad şweýsariýaly Genri Nestle tarapyndan taýýarlanylypdyr.

Adamyň nerw impulsynyň iň ýokary tizligi sekuntda 90 metre çenli ýetip bilýär.

Akulalar 30-40 ýyl çenli ýaşamaga ukyplydyr.

Adamyň nerw süýümleriniň jemi uzynlygy ortaça 75 km deňdir.

Şokoladyň tagamynyň emele gelmegine 500 madda gatnaşýar.

Gök gözli adamlar dürli agyry-ynjylara beýleki adamlara seredende duýgur bolýarlar.

Ulitkalar 3 ýyla çenli uklamaga ukyplydyr.

Dünýä ýüzünde dogulýan çagalaryň agramly bölegi gök gözlüdir.

Möýleriň käbir görnüşleri her gün ir bilen öz kerebini iýýärler we ony ýene täzeden emele getirýärler.

Bir balary öz ömründe ortaça bir çaý çemçesiniň 1/12 bölegine deň bal öndürýär.

Öý totyguşlary şokolad we awokadodan başga islendik iýmiti iýýärler.

Koalalar köplenç günüň 22 sagadyny uklap geçirýärler
23
83
pylan
08.07.2023 03:23

Dünýäde 400-den gowrak fobiya bardyr.İne olaryň käbirleri:

Hippopotomonstrosesquippedaliafobi- uzyn sözlerden gorkyan adamlaň fobiyasydyr.

Nomofobi-Telefonsyz galmakdan gorkyan adamlaň fobiyasydyr.

Manyofobiya-Dälliremekden gorkmak gorkusy.

Ablütofobiya-Yuwunmak gorkusy.

Cherofobiya-Bagtly bolmakdan gorkyan adamlaň fobiyasydyr.

18
226
pylan
06.07.2023 19:01
Yene bir gün pikir edip oturdym

Yene aklymda sen söyen gözelim

Sensiz bu dünýäniň hiç manysy yok

Ne üçin terk etdiň söyen gözelim


Seni gören gözlem özgä bakmady

Hiç haçan başgasy yeriň tutmady

Taşlap gideniňi ýürek unutmady

Ne üçin terk etdiň söyen gözelim


Söygi namedigini sende duyupdum

Seni almaklygy göwne düwüpdüm

Sende men çyn bagtymy görüpdüm

Ne üçin terk etdiň söyen gözelim
26
191
pylan
05.07.2023 10:21

Beýgelseň ökjäňden öpjek tapylar

Yoluňa gül pürkjek sepjek tapylar

Ýykylsaň büdreseň yeňsäňe şol dem

Yeriňden galmakaň depjek tapylar

17
84
pylan
04.07.2023 02:09

Serdar 32 ýaşyndadyr. şatlyk serdardan 12 yaş kiçidir. Muňa görä 7 ýyl öň şatlyk we serdaryň yaşlary jemi näçedir???¿¿¿

Ýene şular ýaly soraglar goýaýynmy ya başga zat goýaýynmy belläp geçiň 👇

30
179
pylan
03.07.2023 14:20

Medeniyet näme?

İlkinji bug maşyny kim oylap tapyar¿

28
114
pylan
01.07.2023 19:36

Häsiyeti gazançlaryna görä üýtgeýän biçäre adamlar bar

27
58