pylan
08.01.2024 17:57
Arahis dinamit önümçiliginde peýdalanylýar.

Dünýäde iň çalt gürleýänler fransuzlardyr. Ýaponlar minutda 310 söz, iňlisler 210 söz, nemesler 200 söz aýdýan bolsa, fransuzlarda bu görkeziji 350 söze deňdir.

Adamyň böwreginde toplanýan daşlaryň şu wagta çenli ýüze çykarylan iň ulusynyň agramy 1,36 kg deňdir.

1979-njy ýylda Pensilwaniýada doglan ekiz çagalara Pepsi we Kola diýip at goýupdyrlar.

Erkekler zenanlara seredende dowamly, gaty we ýygy-ýygydan gülýärler.

Mör-möjekler ýylda ekinleriň hasylynyň 25-30 göterimini ýok edýärler.

Kolibri guşy ýeke-täk öňe, yza we gapdala uçup bilýän guşdur.

XVI asyrda Filippinlerde oýnawaçlar ýaraglara çalymdaş bolupdyr.

Bir balary maşgalasy bir möwsümde 150 kg bal öndürip bilýär.

Hokkeý şaýbasynyň tizligi sagatda 160 km çenli ýetip bilýär.

Ilkinji süýtli şokolad şweýsariýaly Genri Nestle tarapyndan taýýarlanylypdyr.

Adamyň nerw impulsynyň iň ýokary tizligi sekuntda 90 metre çenli ýetip bilýär.

Akulalar 30-40 ýyl çenli ýaşamaga ukyplydyr.

Adamyň nerw süýümleriniň jemi uzynlygy ortaça 75 km deňdir.

Şokoladyň tagamynyň emele gelmegine 500 madda gatnaşýar.

Gök gözli adamlar dürli agyry-ynjylara beýleki adamlara seredende duýgur bolýarlar.

Ulitkalar 3 ýyla çenli uklamaga ukyplydyr.

Dünýä ýüzünde dogulýan çagalaryň agramly bölegi gök gözlüdir.

Möýleriň käbir görnüşleri her gün ir bilen öz kerebini iýýärler we ony ýene täzeden emele getirýärler.

Bir balary öz ömründe ortaça bir çaý çemçesiniň 1/12 bölegine deň bal öndürýär.

Öý totyguşlary şokolad we awokadodan başga islendik iýmiti iýýärler.

Koalalar köplenç günüň 22 sagadyny uklap geçirýärler
23
83
Islam_Atayew
17 Awgust 2024
Pepsi Kola 🤣
pylan
29 Aprel 2024
@sadajaaa, maňa diyyaňiz welin sizemä ýataňzok?
pylan
29 Aprel 2024
@sadajaaa, Ýok nm bolly
pylan
8 Yanwar 2024
@indi, barlap goraymesek
alma___
8 Yanwar 2024
Tùrkmenler nàçe sòz aýdyp bolýàrkà
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.