owadanjam
10.02.2022 22:41
Demirler asmanda ganatlap uçar...
Magtymguly Pyragy
Pyragym bak, sözüñ öz ýerin tapýar,
Asmanda polatlar uça başlady.
Emma ynsanlaryñ ynsaby gopýar,
Köpler namysyndan geçe başlady...
Düýnjek ýary bilen bagtlydy Güller,
Ýigdi onuñ üçin sowurdy pullar,
Bu gün unudulyp şol geçen günler,
Güller özge ýigdi guça başlady.
Mergen bir çüýşäniñ açdy gapagyn,
Ýanyndakyñ sypap uzyn gulpagyn,
Dört çüýşä ýetensoñ zyñyp telpegin,
Bar aýbyny ile aça başlady.
Süýtden doly göwsün sorup enäniñ,
Soñundan üssüne üýrüp enäniñ,
Garrandygyn duýup bu perişdäniñ,
Perzentler assadan gaça başlady.
Ownaýar erkekler ýene bir rast söz,
Garynlar doýsa-da, açdyr gara göz.
Bir näzik zenana gelip ýürek döz,
Ýigitler boş anty içe başlady.
Kerim ýazar emma, däldiris şahyr,
Her ynsandan şahyr, çykanok ahyr...
Ele galam alyp, her ýeten jahyl,
Ýazdy, poezýamyz öçe başlady.
Kerim Hallyýew
9
116