owadanjam
10.02.2022 22:41
Demirler asmanda ganatlap uçar...
Magtymguly Pyragy

Pyragym bak, sözüñ öz ýerin tapýar,
Asmanda polatlar uça başlady.
Emma ynsanlaryñ ynsaby gopýar,
Köpler namysyndan geçe başlady...

Düýnjek ýary bilen bagtlydy Güller,
Ýigdi onuñ üçin sowurdy pullar,
Bu gün unudulyp şol geçen günler,
Güller özge ýigdi guça başlady.

Mergen bir çüýşäniñ açdy gapagyn,
Ýanyndakyñ sypap uzyn gulpagyn,
Dört çüýşä ýetensoñ zyñyp telpegin,
Bar aýbyny ile aça başlady.

Süýtden doly göwsün sorup enäniñ,
Soñundan üssüne üýrüp enäniñ,
Garrandygyn duýup bu perişdäniñ,
Perzentler assadan gaça başlady.

Ownaýar erkekler ýene bir rast söz,
Garynlar doýsa-da, açdyr gara göz.
Bir näzik zenana gelip ýürek döz,
Ýigitler boş anty içe başlady.

Kerim ýazar emma, däldiris şahyr,
Her ynsandan şahyr, çykanok ahyr...
Ele galam alyp, her ýeten jahyl,
Ýazdy, poezýamyz öçe başlady.

Kerim Hallyýew
9
116
ylham_1989
11 Fewral 2022
Guwanjow, men on okapdym su gosgyny 4 yyl mundan ozal rus dilinde yazylan kitap ol birinin oyunde gadymy kitapda 100% magtymguly diyip yazygy dur sonda
ylham_1989
11 Fewral 2022
Guwanjow, google gir de yazyp gor souny basga adamyn ady cykmaz dine magtymgulyn ady cykar Vagt geler dogan dogandan gecer asmanda ganatlap demirler ucar oturyp gelinler al serap icer her oyde bir tapdyr bolar yaranlar

Guwanjow, yogsa kiminki ol gosgy
ylham_1989
11 Fewral 2022
Guwanjow, google girip gor sol gosgyny yazda sonda bilersin nira barsanam sol gosgy magtymgulyn ady badyr👍
ylham_1989
11 Fewral 2022
Köwser,kop adam oz adyny goyya magtymgulyn yerine
ylham_1989
10 Fewral 2022
Köwser, googlede yazgyly dur sol gosgy yone sumat aljak boldum girmedi ugradayjakd dakazat eder yaly
ylham_1989
10 Fewral 2022
Köwser, kimem diyyan bolsa aldamasym magtymgulynky sol
ylham_1989
10 Fewral 2022
Köwser, elbetde kowser magtymguly atamyz 👍
ylham_1989
10 Fewral 2022
Vagt geler dogan dogandan gecer asmanda ganatlap demirler ucar oturyp gelinler al serap icer her oyde bir tapdyr bolar yaranlar
Gülhan
10 Fewral 2022
Dove, ☺️👍🏻
Gülhan
10 Fewral 2022
Hakykat
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.