orazow96
09.09.2023 21:12

tiz kömege jañ gelýär:- Meniñ çagam ruçga ýuwutdy, komek ediñ, düşnikli ýola düşdük, siz gelýänçäñiz men näme edeýin?


Häzirlikçe galam bilen ýazyñ ýa-da kyrasga bilen çekin..


okap layik goymany unutman!

34
291
orazow96
07.09.2023 08:55

Bir ata oylendirjek ogluny yanyna chagyryp uch gazan getir uchusininem ichini suwdan dolduryp yanyp duran odun usdune goy diyipdir.

Sonra shol gazanlaryn birinin ichini kashir, ikinjisinin ichine yumurtga, uchunjisinin ichine kofe tohumlaryny at diyyar.

Ogly atasyny diyshi yaly gazanlaryn birinin ichine kashir, ikinjisine yumurtga, uchunjisine kofe tohumlaryny atyp gaynadypdyr. Yanky kashir, yumurtga, we kofe tohumlary bishenden son ata oglyny yanyna chagyryp, ilki kashiri gorkezyar onun dash keshbi uytgap murreyar we tagamyda uytgeya, suwunyda ichip bolmayar. Ikinji yumurtga onun dash keshbi uytgemeyar emma ichi uytgeyar we suwunyda ichip bolmayar. Uchunji kofe tohumlary onun ichide dashyda uytganok we suwuny ichsen gowy ysy we tagamy bar.

Ar-ayalyn durmushy hem edil shu kofe tohumlari yali dashynyda, ichinide uytgetman, herkimin bakalynaa guylup icilyan taze gowy ysly kofe yali bolmaly.

Sebabi olar bir-birine yamanlyk etman, bir-birine ashk we mahir bilen hereket edip durmusha oz tagamyny ysyny we renkini goshmany basharmalydyrlar diyyar.

Durmushda-da esasy zat dine bir-biregi soymek bolman, sylag hormatdan, ynamdan we mahirden doly bolmaly. Shonda durmushynyz edil kofe tohumlary yaly berk bolar.

28
148
orazow96
06.09.2023 18:37
Men o gyz bn 2010 yylyñ noyabr aylary tanysdym,
ol gun men internedim açdyryp agsamky smena ise gitdim,o gyzam so gun smende eken,içim gysyp Acdym internedim kime Yazjagam bilman oynap otyrdym , birdenem o Gyza salam dp. Yolladym. Ondan salam dp salam hat Geldi,adyn name dp soramda Adym Aynur dp jogap berdi, men Aynurdan kän zat sorasdyrdym, olam jogap berdi, ol mana Oziniñ gelindigni iki cagasynyn bardygny, yoldasam sowda bn basagay oyde kawagt bolyandygny, Cagalam dasary yurtda okayandygy Sebapli int Usti bn hat alysyandygny,aytdy, menem name oylenmedik oglan ona derdim aydyp kän derdinisyadik gulisyadik,olam gyz tapda oylena dp mana degyadi, bey diyse meñ gaharym gelyadi, biz bir birmizi görmedik dine surat, menem gyzlar bn hat alsyp gownume yarasa, Aynura bu gyz mana gelinlik bolyp bilermi dp degyadim, olam way. Mana Garasman oylenayjekmi dp degyadi, menem wah sen bagtyn tapdyna indi mana tapmala dp degsen bolyadyk, su yagdayda biz iki yyla golay hat alysdyk, gorismedik gorjegem bolmadym olam dyzap durmady, bu yyllarda naçe gyz. Bn gepleşsemem men gelneje dostymy gaty gowy goryadim. Wagtal Wagtal ony gawanyadym, hic beresim gelenokdy, yóne ol arli kisi meñ pikirim yalnysdy men Sebapli durmysynda dusunmezlik bolmagny islamokdym,men Ony doly Soyyannim bilyadim, aytdamdada o gelin ahyry aytdyp biljek daldim usüstünede men mydama ony yitirmekden gorkyadym, ay gun gecdi aradan iki yyldanam kop wagt boldy biz bolsa onki yaly so dostlygymyz yitirman gaytam hasam berkeyardi,Ahyr oydakiler meni oylendirmäñ ugruna çykdylar,menem arzymy dine Aynura aytyadym Aljak Gyzym bn hem geplesdirdim, Aljak gyzymada Aytdym gyz bolan bolsa. Aynurdan basga oylenmezdim dp Aljak bolyan gyzymam dine yylgyryady, wah gelinligim ozelenip hem yalwardy nahar bile iyeli dp men Sonja yyllarda naje gezek nahara cagyrdym,emma etmedi gelmedi, inede toy men toy gunim Cagalan, joran alyp gel dp Aytdym gelmesen geplesmen dp, olam Bor diydi, yóne gelmedi,toy gunimde taksi maña sowgat getirdi bir hat bn tamadajy o haty okamalydy menem goy okasyn meñ iñ gymmatly dostym meñ begenyan gunim şatlygymy paylasyp bilmedi goy yazan zadyn hemmeler estsin Diydim ol Hatda sey dp yazypdyr, Eziz meniñ mahriwan dostym Nuryjan bu gun senin durmysynda in saglykly gun, goy siziñ satlygynyzyn dowamy kop bolsyn, oyine bagt islap gelen gyzyn sen bagtyna nur caysyn, yrsgaly bn gelsin, satlygyna Satlyk, omrune omir goşsyn, men su kijijek sowgatym sana ugratyan dp iki sany boyna dakylan gyzyl zynjyr ugradypdyr zynjyryn klonyna seret dp yazypdyr, mahelle bary yerinden turdy men aljyradym klonda name yazykga dp, tamadajy uly ses bn. Zynjyryn biri meñ boynymda, ikinjisi sende, ucunjisi gelnine ber, olaryñ klonynda bolsa seyle yazylgy yorite buyrlyp edilen. Birinji klonda. AY ikinji klonynda Nur,ucinji klonda Jan dp yazylgy, Ay dp yazlany ozim Aldym. NURY. Senki. NUR. Dp yazlan, Jahanynky. JAN. dp. Yazlan bagtly bol dostjan dp yazypdyr, zynjyrlary kàbam Ejem jan ikinizede dakdy.toy dawarasy gutardy men gelnim bn agzybirje yasap yorin dostymdan weli hawar yok, onsonam ol arli kisi özi jañ etmese cekinyadim,seydip ay gunem gecip durdy ine bir gun men gyssagly is sapar bn Asgabada gitmeli boldym taksa mundim, taksida oñde semiz ayal otyrdy yzdada çepiksizje owadanja gyz tel oynap otyrdy menem ortada,Yene Bir oglan hem men gapdalymda, mundan asgawatda baryançam men Aynur bn linede hat alysyp bardym, yolda çilim Aljak diyemde cekme sen indi masgalaly adam dp kayàn hem boldy,men 4,5 sagatlap bir yerde otyryp hat alsyp gitdim, añmandyryn Yanymda otyrany inede Asgawat men oña Aynursa men Dusmeli birje gezek sesiñ esdayin dp Hatda soradym, olam Bor dp jogap berdi men jan etdim olam jogap berdi men goslarmy alyp durkam masynyn yzynda inwalit kalyaska durdy menem gen gordim Yolda dusip suw aldyk, barymyz dusdik o çepiksizje gyz dusmedi men geplesip duryn sesim gapdalymdan. Estdilya masyna Seretsem doñyp galdym, ine sana gerek bolsa meni sesi, gulkusi, adamçylygy bn mayyl eden meñ bn iki yarym yyldanam kop hat yazsyp yoren meñ yetip bilmedik soygim gelin dalde gyz ahyry, ah sen nameler etdiñ dp name üçin aytmadyn hany klonyn dp gorsem klony boynynda menkam boynymda,daliremek dalira. Ol diñe aglayar men goy sesiñ men aglamaly ahyry dp gygyrdym weli sofyor inim Yanky mayyplyk araba su gyzynky Gygyrman dusunis diydi, men name bolanyn soradym ol awtomobil helakjiligine ayagy demrin asagynda galyp , ozini inwalit kalyaska munmage mejbur edendigni , sen soyyandigni duyanymdan son senden daslasjak Bolanyny ozini mynasyp gormandigni aytdy, lukmanlar doly yorap gitmegne Yene 5-6 yyl gerek dp netije cykaran eken su wagtam barlaga gelipdir,men Durmysa çykan dp hem Sonyn un aldapdyr, men akmagam ynanyanda heyde durmysa çykan bolsa iki yarym yyllap arine gawat gelerina, yada haçan jañ edemde hem alya jañy, Sondan hem añmaysymy.
Gecen gecdi soygum kor eken oz soygim ozimi aldady Hatda oz dostym toyyma gelmedigindenem añmandyrna, mydama maña goldaw berip meni koşesdirip gelyadi a hakykatda weli meñ goldawma mataj ekena ah arzuwjyklar, arzuwjyklar meniñ soygim kor ekena yonekeyje zadam añmandyryn
Ýône bu durmyšda etsegem gówun hasyl bolayanok ähli arzuwyň,kate soyen sóymedige čatylya ykbal aty bizden bidin čapylya,ayra dušsek herhiz gowniň galmasyn bir dilegim guler yuziň solmasyn,ómir salgym šat durmyšda kúrekle hem sóygumiz sakla baky yurekde
Nowça..
41
277
orazow96
05.09.2023 17:27
Oturup oýlandym köp zatlar hakda,

Kän zatlar deñimden geçen ekeni,

Düşünüp başladym kimiñ-kimdigine,

In gerekli ynsan ejem ekeni.
31
134
orazow96
04.09.2023 22:15
Gamgyn gijäñ garañkysy gözümde.

Güýz gülüni güldürmedi garşymda.

Gen göremok gutaranny güýzüň-de

Gar göründi gaýalaryň gerşinde


Gözýaş goýdum gury gülüň gabryna

Garga gelip gaharlandy gaşymda

Gamly gezmek gelişermi göwnüme

Gara gargaň gülüp gezen gyşynda


Gary görüp gagyldaşan gargalar

Gumrylaryň günlerine gargady

Gudratmydyr, geňlikmidir gurgular

Garly gyşyň gelişigi gargamy?!


Awtory - Nabelli
24
92
orazow96
02.09.2023 23:12

Dün köçede gezip ýörkäm, bir gyzy görüp beter haladym. 50 manat pulun ýüzüne nomerimi ýazyp bagyşlan bu sizden gaçdymy diýdim, gyz puly alyp gitdi, menem bu gyzy yzarladym, gyz ýanky pula döner aldy, bolýa men gowy sokuldum, ol prawlemmadäl,

Dönerçin dandana çenli esemes ýazyp, balam doner nahili? gòwnüne ýaradymy? diýmesi meni öldürdi

43
389
orazow96
01.09.2023 20:57

doslar sizin pikirinñizçe öwrenmelide gyzlara trent bolmak ansatmy ýa talantlyk gerekmi

24
159
orazow96
30.08.2023 21:21

Bir-birine göwni ýetsin, ynsanyň,

Öz kemine bir azajyk uýalsyn.

Aklyň-a bar welin, ýöne goýalsyn,

Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.


Ýokarrakda bolsun gyşyk geplerden

Döşe kakman, goý, öwrensin köplerden.

Öz-özüňi arassala galplardan,

Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.


Erkek erkek bolsun, aýalam aýal,

Iňňän gadymlardan gelýändir bu ýol.

Gursagyňda hyjyw, başyňda hyýal,

Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.


Il bolsun, atyny ýeke çapmasyn,

Unutmasyn şol gadymy çatmasyn.

Ýöntemligi çenden-çakdan ötmesin,

Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.


Görogly haýbatly, hemlesi bolsun,

Goý, agrasy bolsun, ýeňlesi bolsun.

Ýöne her kişiň öz kellesi bolsun,

Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.


Agzy aşa ýetse aýnaman bilýän,

Synaga salynsa ownaman bilýän.

Özüni oýnatman, oýnaman bilýän,

Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.


Geplenýän gep, edilýän iş — saz bolsun,

Ýüreklerde iman, sözde duz bolsun.

Derleýän kän, gürleýäni az bolsun,

Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.


Seniň, mähekdaşyň agzybirlikdir,

Gedemlik etme, ol köre-körlükdir.

Bir baýdaga gulluk etmek ärlikdir,

Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.


Öňe gitjek bolma, unudyp yzyň,

Türkanarak bolsun geliniň, gyzyň.

Bize hemaýat ber, eý, Allam özüň,

Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.


Pähimiň, paýhasyň gadyryn bilýän,

Öz aslyny bilýän, pederin bilýän.

Umuman özüniň ederin bilýän,

Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.


Biri-biriňi bagryňa bas, dogan diý,

Hemmejämiz şu toprakdan dogan diý,

Gözel geljegimde gözüm eglendi,

Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.


Berdinazar Hudaýnazarow.

34
75
orazow96
24.08.2023 20:40

Sorag - Jogap:

1 Sorag . Musulmanmy sen?

Jogap: - Elhamdulilähi musulman men.

---------__________-------------_________--------—

2 Sorag . Haçandan bäri musulman sen? Jogap: - Elmisakdan bäri. —-------__________-------------_________--------— 3 Sorag . Elmisak manysy nedir? Jogap: - Ene garnyndan bäri. —-------__________-------------_________--------— 4 Sorag . Seniñ musulmanlygyña meniñ şekim bar. Jogap: - Seniñ şekiñ bolsa meniñ şahadatym bar. —-------__________-------------_________----------

5 Sorag . Şahadat nedir?

Jogap: - Eşhedu ellä lä: ilä:he illala:h we eşhedu enne Muhammeden abduhu we rasuluh. —-------__________-------------_________--------—

6 Sorag . Iman nedir?

Jogap: - Iman ikidir. Biri ynanmak, ikinji ykrar etmek. —-------__________-------------_________--------—

7 Sorag . Kimiñ guly bolar sen?

Jogap: - Allatagalanyñ guly bolar men. —-------__________-------------_________----------

8 Sorag . Kimiñ zürýady bolar sen?

Jogap: - Adam safanllanyñ zürýady bolar men. —-------__________-------------_________----------

9 Sorag . Kimiñ milletinden bolar sen? Jogap: - Ybraýym Halilullanyñ milletinden bolar men. —-------__________-------------_________--------—

10 Sorag . Kimiñ ymmatyndan bolar sen? Jogap: - Muhammet resullanyñ ymatyndan bolar men. —-------__________-------------_________--------—

11 Sorag . Kimiñ dosty bolar sen?

Jogap: - Çaryýarlaryñ dosty bolar men. —-------__________-------------_________----------

12 Sorag . Olar kimlerdir?

Jogap: - Hezreti Abu Bakr Saddyk; Hezreti Omar el faruk ibn Hatab; Hezreti Osman Zunaýyr kuraýşy ibn Afan; Hezreti Aly ibn Abu Talyb; —-------__________-------------_________----------

13 Sorag . Seni halk eýlegen kimdir?

Jogap: - Barçany ýaradan kadyr Alladyr. —------

43
333
orazow96
22.08.2023 21:24
Arzuwum o diyin ullakan zat dal.

Altyn däl,mashyn däl,ya samalyot däl

Owadan jäjekdäl yasama at däl

Ilkinji dilegim kemlikden sakla

🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼

Hemmejämiz adam özümiz dendäl.

Kimin düybi çunnur kiminki çuñdal.

Danadan öwrenmek beylekä gendä.

Şeyle bolsun gyra denlikden sakla

🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼

Ishim rowaçlanyp ugrugan yerde,

Yolukdyrma herna bolgusuz derde.

Asly yeke özi çäkli ömürde.

Özgänin üsdünden gülmekden sakla
33
82