Düýş. Gadymy döwürlerde gündogaryň beýik şalarynyň biri erbet düýş görüpdir. Düýşünde yzly-yzyna onuň ähli dişleri gaçýarmyş.
Howsalaly ýagdaýda turup ýanyna haý diýmän düýş ýorujyny çagyrypdyr. Ol düýşini diňläp şeýle diýipdir:- Meniň hökümdarym, size bir erbet zady aýtmaly bolýaryn. Siz öz ýakynlaryňyzy yzly-yzynaýitirersiňiz.Bu sözler patyşanyň gaty gaharyny getiripdir.Ol günäsiz düýş ýorujy pahyry zyndana saldyryp, başga düýş ýorujyny çagyrdyp getiripdir. Ol hem düýşi ünsli diňläp şeýle diýipdir:- Hökümdarym, size örän gowy täzelik aýdasym gelýär. Siz öz ýakynlaryňyzdan hem has uzak ýaşarsyňyz.Patyşa jogapdan kanagatlanyp, örän begenipdir we düýş ýorujyny ulydan serpaýlapdyr. Bu bolýan zatlary daşyndan synlap duran köşk emeldarlary geň galyp:- Sen hem edil öňki düýş ýorujynyň aýdan zatlaryny aýtdyň-a. Ýöne näme üçin patyşamyz ol görgülini zyndana salyp, seni halatladyka? – diýişip düýş ýoruja sorag baryny ýagdyrypdyrlar.Düýş ýorujy bolsa ýylgyryp olaraşeýle jogap beripdir:- Biziň ikimizem düýşi meňzeş ýorduk. Ýöne esasy zat hem ony nädip aýdyşyňa baglydygyndadyr.