optimist
15.01.2024 10:49
Jan bir amanat zat alsa eýesi
Ýaş saýlamaz mundan otup giderin
Diri koñül islär moda geýesi
Ol çag arzan mata atyp giderin

Eý ykbal ýel deşen gabrymdan jykla
Ýazgardyñ ýaz bolduñ şonda bir akla
Toprakdan gül bolup çykasy ýokla
Ylhamym bu dünýä gatyp giderin

Eneleñ gülşünden päk hyjyw alyp
Goý ýaşaýyn geçmişime guwanyp
Sallançagy kuýsän köñlüm suwaryp
Tabytda bir sellem ýatyp giderin

Dogmak nesip etseñ eger gün ýaly
Sönmek ýazgytdadyr rahat tüm ýaly
Meni mydam ýeñip gezen dunyäni
Bir adamym kemip utup giderin.
11
33
optimist
08.11.2023 07:56

Men garyp diýip ykbalyñdan nalama,

Ýaradan kepildir es eder bir gün.

Şan-şöhratyñ adamzatdan sorama,

Bu dünýä dälidir bes eder bir gün.


Bu dünýäden köp merdanlar gaýdandyr,

Belki bir näçesi galarys öýdendir.

Saglyk bilen gezen günüñ toýdandyr,

Hemişelik däldir ýas eder bir gün.


Ölmän galmaz garybyñda baýyñda,

Demiñ sanalgydyr ömür paýyñda.

Saz söhbetiñ koşeşmeýän jaýyñda,

Naçarlañ zarynlap ses eder bir gün.


A how nesibe kysmat diýip ýassanyp ýatma,

Hars urup nebsiñem ugruna gitme.

Işim rowaçla diýip menmenlik etme,

Gerdişi ketjedir ed nas eder bir gün.


Adamsyň özüñi ýönekeý saýgyn,

Adam mertebesini depäñde goýgun.

Hojaguly dirikäñ sözlegin ýazgyn,

Diliñ saýramasynam bes eder birgün.

19
42
optimist
09.10.2023 07:40

Hiç mahal rysgymdan artyk baýlyga,

Ýetmegi özume hyýal etmedim.

Ýagşylygy rowa gördüm paýyma,

Başarmasam, kişä zyýan etmedim.


Hormatyny goýup uludyr, kiçiñ,

Göwnün tapjak boldum mysapyr kişiň.

Dünýämi özgertjek iki şaý üçin,

Dostumyň aýbyny aýan etmedim.


Çarhy pelegini aýlap dur zemin,

Näme niýet etseň dolanar elin,

Göwnüme degeni ýigrendim welin,

Gapymyzdan ädilmeýän etmedim.


Alkyşyny alsam nurana halkyñ,

Göwnüm ganat gerdi, daş ýardy bagtym.

Ýagşy niýetlere uruksa wagtym,

Sagatlary gädilmeýän etmedim.


KERIM HALLY

19
27
optimist
08.10.2023 15:47

Zenan diymek eneñdir

Ýary gije ýatandyr

Daň saz berse dogandyr, 

Aňzaklarda doňandyr, 

Hor - zar etmejek bolup, 

Gije - gündiz eňendir, 

Sebäbi, ol eneňdir.


Zenan diýmek - uýaňdyr, 

Ýúzúň nury, tuwagy, 

Utanjaňdyr, haýaňdyr, 

Ýagşy günde begenjiň, 

Kyn gúnúňde söýäňdir, 

Saňa geljek belanyň, 

Öňüňdäki gaýaňdyr, 

Sebäbi, ol uýaňdyr.


Zenan diýmek - ýaryňdyr, 

Ömürlik ýanýoldaşyň, 

Baýlygyňdyr, baryňdyr, 

Alawlaýan ojagyň, 

Namysyňdyr, aryňdyr, 

Keşgiňi deň çekişýän, 

Ýakyn howandaryňdyr, 

Sebäbi, ol ýaryňdyr.


Zenan diýmek - gyzyňdyr, 

Teşne kalbyň gandyrjak, 

Aýdymyňdyr, sazyňdyr, 

Ömre şatlyk getirjek, 

Gül - gunçaly ýazyňdyr, 

Ogul bilen deň durjak, 

Dowamyňdyr, yzyňdyr, 

Sebäbi, ol gyzyňdyr.


Zenan diýmek - dúnýedir, 

Adamzada dowamdyr, 

Gelip - gidýän demiňdir, 

Sorup alýan howaňdyr, 

Zenan başy dik bolsa, 

Ýaşaýşa gúwäňdir. 

Ondan gymmat zat bolmaz, 

Tumaryňdyr, dogaňdyr. 

Çünki zenan - ýaryňdyr. 

Çünki zenan - gyzyňdyr. 

Çünki zenan - uýaňdyr. 

Çünki zenan - ENEŇDIR



Gurt Näzliýýew

16
31
optimist
07.09.2023 07:44

Ýalançy ýumrulsa Alla düzeder,

Şahyr alym lukman ussa neýlesin.

Diñe Hak şypasy dadyña ýeter,

Emde gudrat bolsa hassa neýlesin.


Ynsanyñ howplusy görip kümsükdir,

Gamsyz adam dali ýada samsykdyr.

Bu dünýäniñ derdi akkylla ýükdir.

Akmagyñ kalbynda gussa neýlesin.


Ärleriñ gaýratyn deminden gözle,

Bagtyñy söygüñi deñiñden gözle.

Ýitigiñi bitýän ýerinden gözle,

Gum sowurýan çölde pisse neýlesin.


Sözde müñ beýgeltseñ dag bolmaz baýyr,

Kak edip içseñde em bolmaz çaýyr.

Gussañda çilimden gözleme haýyr.

Öñ içiñ ot bolsa tüsse neýlesin.


Ojaksyz ötmesin hiç bir är bende,

Egniñ galmaz, bolsa öýüň kärende.

Dünýäde mugt jaý diñe görüñde,

Baýdakly obada çyrasyz mazarda kassa neýlesin.

14
24
optimist
27.08.2023 07:55

Men garyp diýip ykbalyñdan nalama,

Ýaradan kepildir es eder bir gün.

Şan-şöhratyñ adamzatdan sorama,

Bu dünýä dälidir bes eder bir gün.


Bu dünýäden köp merdanlar gaýdandyr,

Belki bir näçesi galarys öýdendir.

Saglyk bilen gezen günüñ toýdandyr,

Hemişelik däldir ýas eder bir gün.


Ölmän galmaz garybyñda baýyñda,

Demiñ sanalgydyr ömür paýyñda.

Saz söhbetiñ koşeşmeýän jaýyñda,

Naçarlañ zarynlap ses eder bir gün.


A how nesibe kysmat diýip ýassanyp ýatma,

Hars urup nebsiñem ugruna gitme.

Işim rowaçla diýip menmenlik etme,

Gerdişi ketjedir ed nas eder bir gün.


Adamsyň özüñi ýönekeý saýgyn,

Adam mertebesini depäñde goýgun.

Hojaguly dirikäñ sözlegin ýazgyn,

Diliñ saýramasynam bes eder birgün.

16
38