optimist
15.01.2024 10:49
Jan bir amanat zat alsa eýesi
Ýaş saýlamaz mundan otup giderin
Diri koñül islär moda geýesi
Ol çag arzan mata atyp giderin

Eý ykbal ýel deşen gabrymdan jykla
Ýazgardyñ ýaz bolduñ şonda bir akla
Toprakdan gül bolup çykasy ýokla
Ylhamym bu dünýä gatyp giderin

Eneleñ gülşünden päk hyjyw alyp
Goý ýaşaýyn geçmişime guwanyp
Sallançagy kuýsän köñlüm suwaryp
Tabytda bir sellem ýatyp giderin

Dogmak nesip etseñ eger gün ýaly
Sönmek ýazgytdadyr rahat tüm ýaly
Meni mydam ýeñip gezen dunyäni
Bir adamym kemip utup giderin.
11
31
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.