ooof
29.05.2024 06:42
Mitsubishi Electric-iň inženerleriniň işläp düzen roboty Rubigiň kubyny çalt düzmekde täze dünýä rekordyny goýdy we ony haýran galaýmaly 0,305 sekuntda düzdi. Bu göz açyp-ýumasy salym diýmegi aňladýar.
Geçen ýyl adamyň goýan rekordy 3,13 sekunt bolupdy. Şeýlelikde, Mitsubishi roboty adamyň goýan rekordyndan, takmynan, 10 esse ozdurdy.
Bäş inženerden ybarat topar 2022-nji ýyldan bäri robotyň üstünde işleýärdi. Ilkibaşda olar elektrik enjamlarynyň hereketlendirijilerinde simleri çalt we takyk ýerleşdirmek üçin döredilen tehnologiýany ulanypdylar. Bu tehnologiýa robota kubuň bir ýüzüni 0,009 sekuntda 90° aýlamaga mümkinçilik berdi.
Rekord synanyşygynda inženerleriň ygtyýarynda robotyň mümkinçiliklerini görkezmek üçin bir sagat wagt boldy. Olaryň sözlerine görä, wezipe diňe hereketlendirijileriň ýokary aýlanma tizligini gazanmak däl, eýsem, ähli hereketleriň sinhronlaşmagyny aňrybaş ýokarlandyrmakdy.
Görkezme çykyşy wagtynda olar kubuň aýlanyşynyň maşynyň tizligine ýetişmezligi ýaly mesele bilen ýüzbe-ýüz boldular.
Birinji synanyşykda robot kuby düzüp bilmedi, şonuň üçin toparyň takmynan 20 minut wagty ony başdaky ýagdaýa sazlamaklyga gitdi. Emma ikinji synanyşykda robot üstünlik gazandy we iň oňat şahsy netijäni görkezdi hem-de 2018-nji ýylda Massaçusets Tehnologiýalar Institutynyň toparynyň goýan öňki rekordyndan 0,07 sekunt öňde boldy.
16
85