Ýeke özi öýde” roždestwo komediýasy düşürilen öý 5,25 million dollara satyldy. Çikagonyň eteginde ýerleşýän öý satuwa çykarylandan soň bir hepde geçmänkä täze eýesini tapdy diýip, Realtor.com portaly habar berýär.
Ady aýan edilmedik alyjy ösen infrastrukturasy: gowy mekdepleri, suwa düşülýän kenarlary, seýilgähleri, dükanlary we restoranlary bolan abraýly ýerden jaýly boldy.
Gozgalmaýan emläk boýunça hünärmenler öýüň bahasynyň ýokary bolmagy diňe bir ululygy we içiniň baý goş-golamy däl-de, eýsem, meşhurlyk derejesi bilen hem şertlenýändigini bellediler.
“Kewin MakKallisteriň öýüniň” 2018-nji ýylda durky täzelendi we giňeldildi. Indi onda gurme-aşhana, ikinji otag, kinoteatr we hatda öý basketbol meýdançasy hem peýda boldy.
TmCars ozal “MakAllisterleriň öýüniň” durky barada habar beripdi.