On sekiz içinde armanly galdy
Seniñ ýigit wagtyñ meniñ gyz wagtym
Gün şöhle saçmady dumanly galdy
Seniñ ýigit wagtyñ meniñ gyz wagtym.
Sataşypdyk duýdansyz bir birege
Tiz pursatda öwrülipdik direge
Aram bermek kyndy aşyk ýürege
Söýginiň başlanan altyn güýz wagty
Arzuwdaky ýigdim bolup doglandyñ
Ýygradyñ hem bir ýürekdeş oglandyñ
Bu häsiýete menem ýüpsüz baglandym
Özgä üns bermän daşym göz wagty.
Beýle-de söýmeklik bolar oguşýan
Ýürekler dälmidi sözsüz oñuşýan
Emma seýrek bir birege gowuşýan
Arzuwyñ köp nesibäniñ az wagty
Duşuşyk ýerimiz "Ylham" gujagy
Beýik beýik şahyrlaryň ojagy
Mährem garşylardy iki goçagy
Pasyllar soltany ala ýaz wagty
Soñsuz edilse-de süýji dilegler
Ene atalar boldy "ara dilenler"
Tiräniň dawasy -- otly ýalynlar
Tutaşdy arada dünýäň saz wagty
Özgäni gujagña bidin basdyrdy
Hünji dek dişlerim mäkäm gysdyrdy
Söýgümiziň Güneşini ýaşdyrdy
Seniñ ýigit wagtyň, heniz gyz wagtym....
Awtor: JKD