ones
23.09.2023 09:40

On sekiz içinde armanly galdy

Seniñ ýigit wagtyñ meniñ gyz wagtym

Gün şöhle saçmady dumanly galdy

Seniñ ýigit wagtyñ meniñ gyz wagtym.


Sataşypdyk duýdansyz bir birege

Tiz pursatda öwrülipdik direge

Aram bermek kyndy aşyk ýürege

Söýginiň başlanan altyn güýz wagty


Arzuwdaky ýigdim bolup doglandyñ

Ýygradyñ hem bir ýürekdeş oglandyñ

Bu häsiýete menem ýüpsüz baglandym

Özgä üns bermän daşym göz wagty.


Beýle-de söýmeklik bolar oguşýan

Ýürekler dälmidi sözsüz oñuşýan

Emma seýrek bir birege gowuşýan

Arzuwyñ köp nesibäniñ az wagty


Duşuşyk ýerimiz "Ylham" gujagy

Beýik beýik şahyrlaryň ojagy

Mährem garşylardy iki goçagy

Pasyllar soltany ala ýaz wagty


Soñsuz edilse-de süýji dilegler

Ene atalar boldy "ara dilenler"

Tiräniň dawasy -- otly ýalynlar

Tutaşdy arada dünýäň saz wagty


Özgäni gujagña bidin basdyrdy

Hünji dek dişlerim mäkäm gysdyrdy

Söýgümiziň Güneşini ýaşdyrdy

Seniñ ýigit wagtyň, heniz gyz wagtym....


Awtor: JKD

18
87
ones
8 Oktýabr 2023
@gül🥀_, minnetdar, hoş gorduk!
ones
8 Oktýabr 2023
@gül🥀_, hawa, 1-2 ay bolandyr girenime
ones
8 Oktýabr 2023
@gül🥀_, minnetdar! 😊
ones
23 Sentýabr 2023
@garajaoglan, minnetdar!
ones
23 Sentýabr 2023
@12445, hawa, bashynda epigraf edip sho goshgyny almak yadymdan cykypdyr....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.