olia
18.11.2022 21:17

Iň owadan sözi kesgitlemek mümkinmi?
Bu wezipe, belki-de, ägirt uly dilçiler toparyna-da başartmasa gerek, sebäbi dünýäde sözleýjileriň sözleriň sesi we gözelligi barada öz pikirleri bolan birnäçe müň dil bar. Käbir diller bize hüwdi ýaly eşidilýän bolsa, käbirleri gödek, käbirleri syrly. Mundan başga-da, dil päsgelçiligi meselesini ýatdan çykarmaly däldiris - sözleriň manysyna düşünmek olaryň düşünjesine täsir edýär.
2007-nji ýylda Germaniýanyň “Kulturaustausch” žurnaly (“Medeni alyş-çalyş”) bäsleşigiň kömegi bilen iň owadan sözleri kesgitlemek kararyna geldi. Munuň üçin 58 ýurtdan 2469 adam dalaşgär sözleri saýlady. Ýeňijileri kesgitläninde eminler sözüň manysyny, asyllygyny, medeni mazmunyny we tabşyran adamyň hödürlän delilini göz öňünde tutdular. Şol bir wagtyň özünde, bäsleşigi guraýjylar munuň ylmy gözleg hasaplanyp bilinmejekdigini we ýaryşyň baş maksady dünýa dilleriniň we medeniýetiniň köpdüliligine üns çekmekdigini nygtadylar.
Netijede ýaryşda birinji orna "Yakamoz" diýen türk sözi mynasyp boldy. Ol suwda şöhlelenýän aý şöhlesiniň ýoluny aňladýar. Eminler bu sözi köp we çuň manlylygy şeýle-de başga dillerde sözlem we söz düzümleri bilen aňladylýan zady bir sözde düşündirip bilýandigi üçin saýladylar.
Ikinji orunda "hu lu" diýen hytaý sözi bolup, ol "hor", "hor çekmek" diýen manylary aňladýar. Bu sözden filosofiki ýa göçme manyny gözlemegiň geregi ýok, ol diňe adamyň hor çekendäki çykarýan seslerine meňzeş.
Eminler üçünji orny Ugandanyň çäklerinde ýaşaýan Buganda taýpasynyň diline degişli bolan "volongoto" sözüne berdiler. Bu söz haos, bulaşyklylyk diýmekdir.

Sanawa siz haýsy sözleri goşmak islärdiňiz?

19
85
olia
16.11.2022 21:57
Göz ýaşlar gülkiden köp zady aňladýar. Sebäbi biz hemmelere diýen ýaly ýylgyrýarys, emma diňe söýýän adamlarymyz üçin aglaýarys😔

Odri Hepbern.
28
141
olia
14.11.2022 22:13
Köp ýaýran pikirlere görä adamlar öz beýnisiniň az bölegini ulanýar. Bu organy 100% ulanmak bilen geljegi görüp, bejergisiz keselleri bejerip, başga planetalylar bilen gürleşip ýa-da uçup bolar diýen çaklamalary öňe sürýänler bar. Bu pikirler dogrymy?
Adam beýnisiň 10%ni ulanýandygy hakyndaky çaklamalaryň ýalandygy birnäçe gezek subut edilen hem bolsa bu pikirler internetda-da, adamlaryň arasynda-da ýaşamagyny dowam edýär. Aslynda bu bidereklik. Bu pikirler neýrohirurg Uaýlder Penfindyň geçiren tejribesiniň netijelerine ýalňyş düşünilendigi sebäpli dörän bolup biler. Ol beýniniň haýsy bölekleriniň daşky täsire has durnuklydygyny öwrenmek üçin beýna elektrodlar bilen täsir edipdir.
Toguň iň uly täsiri (meselem, motorika ýa-da kabul etmek duýgularyna) organyň az agramly bölegine - ähli agramynyň 10%-ine täsir etdirilende ýüze çykypdyr. Ýazyjy Louell Tomas bu sany görüp adam beýnisiniň şonça bölegini ulanýar diýip ýalan maglumatlary ýaýratdy.
Hakykatda bolsa bu beýle däldir. Newrolog Barri Gordonyň aýdyşyna görä adam beýnisiniň uly bölegi hemişe diýen ýaly işleýar we hiç hili işlemeýän bölegi ýokdur.
30
133
olia
13.11.2022 15:17
Näme üçin hemmeler arzuwlaryna ýetip bilenok?

1. Çagalykdan "Bu arzuwyň mümkin däl" diýlip ynandyrlany üçin;
2. "Arzuwlarymyň yzyndan gitsem ýakynlarymy gynandyraryn" diýip gorkany üçin;
3. Şowsuzlyklardan we utulmakdan gorkýany üçin;
4. Bütin ömrüniň arzuwynyň amala aşmagyndan gorkany üçin.

"Alhimik" P.Coelho.
30
171