olia
14.11.2022 22:13
Köp ýaýran pikirlere görä adamlar öz beýnisiniň az bölegini ulanýar. Bu organy 100% ulanmak bilen geljegi görüp, bejergisiz keselleri bejerip, başga planetalylar bilen gürleşip ýa-da uçup bolar diýen çaklamalary öňe sürýänler bar. Bu pikirler dogrymy?
Adam beýnisiň 10%ni ulanýandygy hakyndaky çaklamalaryň ýalandygy birnäçe gezek subut edilen hem bolsa bu pikirler internetda-da, adamlaryň arasynda-da ýaşamagyny dowam edýär. Aslynda bu bidereklik. Bu pikirler neýrohirurg Uaýlder Penfindyň geçiren tejribesiniň netijelerine ýalňyş düşünilendigi sebäpli dörän bolup biler. Ol beýniniň haýsy bölekleriniň daşky täsire has durnuklydygyny öwrenmek üçin beýna elektrodlar bilen täsir edipdir.
Toguň iň uly täsiri (meselem, motorika ýa-da kabul etmek duýgularyna) organyň az agramly bölegine - ähli agramynyň 10%-ine täsir etdirilende ýüze çykypdyr. Ýazyjy Louell Tomas bu sany görüp adam beýnisiniň şonça bölegini ulanýar diýip ýalan maglumatlary ýaýratdy.
Hakykatda bolsa bu beýle däldir. Newrolog Barri Gordonyň aýdyşyna görä adam beýnisiniň uly bölegi hemişe diýen ýaly işleýar we hiç hili işlemeýän bölegi ýokdur.
30
133
ideallider
15 Noýabr 2022
Beýnisi kesilip aýrylan adamlar hem gülýaly gezipýörler😄👍
ay_kiz_
15 Noýabr 2022
Köp adamlar (Şol sanda Albert Eýnşteýn) adam beýnisiň diňe 10%-i işleýär, galan 90%-i ulanylmaýar diýlen ýalňyş pikiri makullaýarlar. Beýniniň 90%-niň hemişe işsiz diýen pikir oňa näçe energiýa sarp edýändigimize bilen baglydyr.
olia
14 Noýabr 2022
best_person,bize hemme adamlar beýnisiniň 7-8%ini ulanýalar emma Enşteýn 10-11%ini ulanyp bilipdir şonuň üçin şo derejelere ýetipdir diýip öwredipdiler🤦
atakulyyewa_humay
14 Noýabr 2022
Hawa dogry 👍👏👏👍👏
Dusia
14 Noýabr 2022
Kanagatlanarly 👌
Relax
14 Noýabr 2022
Dogry her böleginiñ öz işi bar olañ bri işlemese adamda bolmaz👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.