okoo
27.07.2023 17:02

Gadymy grek filosoflaryndan sapaklar. BAÝ KIŞI BAÝMYKA?

Diogenden bir baý kişiniň baýlygy hakda sorapdyrlar.

— Bilmedim-ow — diýip, Diogen gümürtik jogap beripdir. “Men onuň pulunyň köpdigini-hä bilýän.”

— Diýmek, ol baý-da onda?!

— Baý bolmak bilen puldarlyk ikisi bir zat däl ahyryn — diýip, Diogen jogap beripdir.

— Hakyky baý özünde bolan zat bilen kaýyl bolup ýören adamdyr. Kim öz ýygnap-ýygşyranyny az görüp, hars urup ýören bolsa, ol hiç zady bolmadyk, ýöne öz güzeranyna kaýyl bolup ýören adamlardan has garypdyr. KÖŞEŞMEGIŇ IKI TÄRI

Platondan:

— Betbagtlyga uçran adam nähili köşeşip biler? — diýip sorapdyrlar.

Ol şeýle jogap beripdir:

— Akylly adam başyna düşen betbagtçylygyň gutulgysyzdygyna düşüneni üçin, köşeşýär. Akmak adam bolsa, şol betbagtlygyň uly iliň hem başyndan inenligi hakda pikir edýändigi üçin köşeşýär.


DOGRY HEM GYŞYK ÇYZYK

Aristotel bir gezek şeýle diýipdir:

— Akylly adam mydama akylly kişiniň pikiri bilen ylalaşar, akmak welin, adatça akylly bilenem, akmak bilenem ylalaşmaz. Bu ýagdaýa esaslanyp, şeýle netije çykarmak bolar: göni çyzyklar özara biri-birine jebis gelerler, gyşyk çyzyklar bolsa biri-biri bilenem, dogry çyzyklar bilenem hiç mahal jebis gelmezler. AKMAGA AKYLLY TANATMAZ

Bir akyldar şeýle diýipdir:

— Akylly adam akmagy hemişe tanar, sebäbi ol akyly goýalyşýança, akmagyrak bolup görendir. Ýöne akmak akyllyny hiç mahal tanap bilmez, sebäbi ol ozal akylly bolup gören däldir.

18
97
okoo
26.07.2023 12:36

Başarmarsyň’’ diýen düşünjäni unudyň!.Ynsan nä derejede gaýratly bolsada bir işe başlamak üçin ilkinji ädimi ädende tolgunmazlyk onuň elinde däl. Suwa bökmäge gaýratyňyz çatar, emma asyl gaýratlylyk suwa ilkinji gezek böküşde başlanar. Bir işi ýerine ýetirmek nähili derejede çylşyrymly bolsa bolsun ýöne ilki synanşykdan soňra başaryp bilersiňiz.


Üstünlik-meşhurlyga ýol açan netijeler bilen bir hatarda alkyşlamaga mynasyp zähmetleri hem orta goýar. Biziň wezipämiz, berkidilen işi doly derejede ýerine ýetirmek we soňunda ýüze çykan netijelere syn etmekdir. Şeýle pikirlenmek, birinji altyn ädimi ätmegi aňsatlaşdyrar. Bir gorky gursagymyzy lerzana getiren we bize “başarmarsyň’’ diýer.


Aslyna seretseň başarýanlar bu päsgelçiligi ýeňip geçenlerdir. Bir işde başarjaň bolman hem başga bir işde tapawutlanyp bilersiňiz. Bu durmuşda ähli zady başarmaly diýen zat ýok.Tebigatyň bize eçilen kanuny şeýle. Şonuň üçin hem “başarmarsyň’’ diýen düşünjäni unudyp, ilkinji altyn ädimi ätmekde haýyr bar.

13
42
okoo
25.07.2023 11:37

Talyplar okuw sapaklarynyň sanawyna täze bir dersiň girizilendigini gördüler. Ol logika ylmydy. Derse bir garry professoryň girmegine garaşylýardy. Ine, ilkinji sapagam başlady. Talyplaryň biri mugallyma ýüzlendi:

– Hormatly professor, logika bize nämäni öwredýär? Ilki şuny düşündirip berseňiz…

Professor özüne şübhe bilen bakýan talyplara:

– Logika ylmynyň ynsanlaryň dünýägaraýşyna edýän täsirine seljerme bermek biraz müşgil. Şonuň üçin muny size bir mysal arkaly düşündirmekçi – diýdi. – Göz öňüne getiriň: kömür käninden iki sany işçi çykyp gelýär. Olaryň biriniň üst-başy ap-arassa, beýlekisiniň bolsa, kömüriň garasyndan eşiginiň asyl reňkini-de saýgarmak kyn. Olaryň haýsy biriniň ýuwunmagy gerek?

Talyplar ikirjeňlenmezden, jogap berdiler:

– Elbetde, üst-başy kir bolany!

Professor ýylgyrdy:

– Balalarym! – diýdi. – Logika, bu sowala jogap bermezden öňürti şuny soraýar: «Neneňsi bir kömür käninden çykan iki kişiniň biriniň üst-başy arassa, beýlekisiniňki bolsa hapa bolmaly?!.»

29
139