okoo
27.07.2023 17:02

Gadymy grek filosoflaryndan sapaklar. BAÝ KIŞI BAÝMYKA?

Diogenden bir baý kişiniň baýlygy hakda sorapdyrlar.

— Bilmedim-ow — diýip, Diogen gümürtik jogap beripdir. “Men onuň pulunyň köpdigini-hä bilýän.”

— Diýmek, ol baý-da onda?!

— Baý bolmak bilen puldarlyk ikisi bir zat däl ahyryn — diýip, Diogen jogap beripdir.

— Hakyky baý özünde bolan zat bilen kaýyl bolup ýören adamdyr. Kim öz ýygnap-ýygşyranyny az görüp, hars urup ýören bolsa, ol hiç zady bolmadyk, ýöne öz güzeranyna kaýyl bolup ýören adamlardan has garypdyr. KÖŞEŞMEGIŇ IKI TÄRI

Platondan:

— Betbagtlyga uçran adam nähili köşeşip biler? — diýip sorapdyrlar.

Ol şeýle jogap beripdir:

— Akylly adam başyna düşen betbagtçylygyň gutulgysyzdygyna düşüneni üçin, köşeşýär. Akmak adam bolsa, şol betbagtlygyň uly iliň hem başyndan inenligi hakda pikir edýändigi üçin köşeşýär.


DOGRY HEM GYŞYK ÇYZYK

Aristotel bir gezek şeýle diýipdir:

— Akylly adam mydama akylly kişiniň pikiri bilen ylalaşar, akmak welin, adatça akylly bilenem, akmak bilenem ylalaşmaz. Bu ýagdaýa esaslanyp, şeýle netije çykarmak bolar: göni çyzyklar özara biri-birine jebis gelerler, gyşyk çyzyklar bolsa biri-biri bilenem, dogry çyzyklar bilenem hiç mahal jebis gelmezler. AKMAGA AKYLLY TANATMAZ

Bir akyldar şeýle diýipdir:

— Akylly adam akmagy hemişe tanar, sebäbi ol akyly goýalyşýança, akmagyrak bolup görendir. Ýöne akmak akyllyny hiç mahal tanap bilmez, sebäbi ol ozal akylly bolup gören däldir.

18
97
lola
27 Iýul 2023
Like 👍👍👍👍
mgm
27 Iýul 2023
Pikirlendirdi👍🏻👏🏻👍🏻👏🏻
wolf
27 Iýul 2023
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.