okayjy
24.02.2024 08:10
"Uzak olmak değilmiš insanı üzen, insanı asıl üzen sevdiğini kaybetmekmiš, iki dağ ötemde onu göremediğim günler, yedi dağ ötemde onu gördüğüm günlerden kötüymüš..."

📙 "3391 kilometre"
34
242
okayjy
20.02.2024 23:38
"Haýsy kitabyñ señ durmuşyñy özgertjegi belli däldir, şonuñ üçinem okamagyñy dowam et..."
32
78
okayjy
17.02.2024 10:37
- Diñle dostym...
"Her ýalpyldaýan zat, altyn däldir. Ýylgyrýanlaryñ hemmesi bagtly däldir. Saña ýagşy dileg etýänler hem, şol dilegiñ hasyl boljagyna ynanýan däldir..."
35
90
okayjy
30.12.2023 22:29
Salam dostlar.

Ir bilen Öwrenmelä girdim postlary gözden geçirdim we
@Serwi agzañ men hakynda goýan postyny okadym. Begendim ☺ ( Ýalan sözlemäýin 5 gezek dagyn gaýtalap okandyrnam 😄) . Sebäbi garašylmadyk ýagdaýda çykýan zatlar adamyñ hasam göwnüni açýan eken. Günimiñ gowy başlamagyma we güniñ dowamynda aý gören tat ýaly ýylgyryp gezmegime sebäp bolany üçin @Serwiñ postyna 9998 ball bermek isleýän ☺.

Geçip barýan 2023-nji ýyl Öwrenmeli portaly üçin hem gowy ýyllaryñ biri boldy.
Belläp geçsek :
◾ "Google play" programmada 100 000-den köp ýüklenip alyndy.
◾Programma 10 000-den köp adam agza boldy we häzirem her gün köpelýär.
◾Programmadaky postlary we agzalary "google" üsti bilen görner ýaly edildi. Bu bolsa postlaryñ köp adam tarapyndan okalmagyna kömek etýär.

Ýeri gelende @T.Soltanov, Adminler we Moderatorlara geljek ýylda hem işlerinde üstinlik arzuw etýän.

Elbetde diñe programma üçin gowy ýyl boldy diýip bolmaz. Agzalaryñ arasynda hem uly üýtgeşmeler boldy.
Geliñ käbirlerini belläp geçeliñ:

🔹️@Guzela agzamyz arzuw eden okuwna girdi.
🔹️@Bitter agzamyz okuwyny gutardy. ( Diplom alyp, almandygy heniz anyk däl 😁)
🔹️@Garlawaç näçe wagytdyr goşgylarny haýran galmak bilen okaýan şahyrynyñ gürrüñdeşligine gatnaşdy ))
🔹️@Lord agzamyz ýalñyşmasam gulluga giden bolmaly. Watan öñindäki gulluk borjuny sag aman ýerine ýetirip gelsin nesip bolsa.
🔹️@Atakulyyew_Humay agzamyzam Hytaýyñ Milliard adamlarynyñ hatarynda öz okuwuna dowam etýär. Nesip bolsa eli diplomly gaýdyp gelmegini arzuw etýän oñada.
🔹️@Dusia_Maksatmyradowa agzamyzyñam bagtly pursatlaryñ birini başyndan geçirdi elbetde :)
🔹️@Gulia_Maksatmyradowna agamyzam öñler 10% aktiv bolýan bolsa indi Dusiañ ýerini hem doljak bolup 1000% aktivlige başlady 😁
🔹️@Ylham_Gurbanaly hem şahyr bolmagyna garamazdan futboluñ hem uly janköýeri. Daşoguzdan Aşgabada gelip tomaşa eden oýnunyñ şowsyz gutarmagyna henizem gahary gelýändir 😁.
🔹️Elbetde @Relax üçinem jogapkärçilikli ýyllaryñ biri boldy diýsegem boljak. Ilkinji saýlanan Moderatorlaryñ biri boldy we işinde hem üstinlik 👍.
🔹️@Imissyou agzamyzam ahyry arzuw eden 💎 derejesine ýetdi. ( Arzuw bilen Köwseriñ arasynda ýylygyryp dur indi 😁)

Elbetde köne dostlarmyzdanam bu ýyl aramyzdan aýyrlanlary bar @Crazygirl, @Melike, @Idealider, @Baýram Bejidow, @Aýdymçyoglan...

Durmuş dowam etýä, köneler gitýär, täzeler gelýä. Biziñ hem haçan bu progdan gitjegimiz belli däl, ýöne bizde gowy ýatlamalar galdyrýandygyny aýdyp biljek. Geljek ýyl hem gowy ýatlamalara baý ýyllaryñ biri bolsun...

*
***
**T**
***ä***
****z****
*****e*****
****2024*****
****yylyñyz****
***gutly bolsun***
2023 /|\ 2024
Size täze 2024-nji yylda bagtdan payly söyguden serpayly owadan päk durmush,jan saglyk,agzybirlik, mashgala abadancylygyny, sacagyñyz rysgal-bereketden doly bolmagyny arzuw edyän! Yetip gelen täze 2024-nji yylyñyz dushumli bolsun. Arzuwlaryñyz hasyl bolsun!!!
41
257
okayjy
29.12.2023 00:49
Osman imperýasynyñ, mazar daşlarynda döwük bir gül bar bolsa, ol mazar ýaş wagtynda ýogalan gyza degişlidir...
37
109
okayjy
28.12.2023 00:26
"Gaýgylanmak, hiç wagt ertiriñ gamgynlygyny azaltmaz, diñe bu güniñ şatlygyny ogyrlar..."

# Leo Buscaglia.
37
82
okayjy
27.12.2023 08:40
Bir adam, size gaharlanmak isleýän bolsa,
"Dünýädäki iñ gowy adam bolsañyz hem, bir sebäp tapyp biler."
Edil şonyñ ýaly hem, bir adam, sizi bagyşlamak isleýän bolsa :
"Dünýädäki iñ erbet adam bolsañyz hem, bir bahana tapyp biler."
Aradaky tapawut, siziñ gowydygyñyz ýada erbetligiñizde däl. Garşyñyzdakyñ gözinde nä derejede möhümdigiñize baglydyr... 🧢

@Okayjy
48
100
okayjy
26.12.2023 18:26
Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda.
Giripdir düýşüme mojuk bir ahwal:
Bir äpet maşyn dur redaksiýada.
Aşagynda bolsa – üç aýak stol.
«Bu niçiksi nyşan?»
Berdim men sowal.
Diýdiler: «Goşgyny saýlaýan maşyn»
Her anna gününde indiden beýläk
Näçe goşgyň bolsa getirber, şahyr!»

...Ynha ýetip geldi arzyly anna.
Şahyrlar üýşüpdir uludan-kiçä.
Nobatyň bir ujy – maşynyň ýanna,
Beýleki bir ujy – syganok köçä.

Gara saçlymysyň,
Ak saçlymysyň,
Ýa-da saçlaryndan ýaňy çal sepen
Şahyrlar asuda garaşyp durlar.
(Bularam asuda boljaklar eken)
Nobatyň ýetdimi – gapagy göter.
Näçe goşgyň bolsa – içine okla.
Çilimiň otla-da bäş minut garaş.
Onsoň oklan zatlaň täleýi hakda
Özüniň pikrin aýdyp dur maşyn.
Birin saga zyňýar, birini çepe.
Saga giden –
düşýär hapa ýaşigne.
Çepe giden –
gidýär gös-göni çapa.
Eýýäm bir dostumyň eli sandyrýar.
Meniň bolsa eýýam sandyrýar beýnim.

Sandyrap başlady ýene bir dostum –
Ýaş dostum –
wah, seňki nämedi, inim!
Seniň, bar geljegiň öňüňde entek.
Seniň maňlaýyňa ýazlypmy şygyr?
Şahyrlyk bolmasa – ýene-de bir kär.
Emma kyrk ýaşdan soň
biz üçin agyr!...

Gelip dur ýigitler.
Gelip dur gyzlar.
Barha uzap barýar nobatyň yzy.
Hanha, ajap bir
gyz belläp dur nobat.
Tanyş ol: TDU-nyň student gyzy.

Gözleri-de ajap, ýüzi-de ajap.
Alkymna nur saçýar
köýnegniň nagşy.
Ýöne alyp gelen goşgulary hem
Özi ýaly ajap bolaýsa ýagşy.

Ýogsa bu maşynda sylag-hormat ýok.
Ýigitmiň, perimiň
– bolaý sen her kim
Görküňe, boýuňa seredip däl-de,
Şygryňa seredip kesýärdi höküm.

Lenin baýragynyň laureatymyň,
Pyragy baýragnyň laureatymyň,
Halk şahyry diýen uly atlymyň,
Ylymlaň doktory, kandidatymyň –
Seniň kimdigiňe bakanokdy ol,
Bolsa-da egniňde her niçiksi çin,
Ol hyzmat edip dur çin üçin däl-de,
Ýalňyz,
ajap,
uly
Poeziýa üçin.

Goşgynyň yzyndan oklanýar goşgy.
Hordaň – saga gidýär, oňadyň – çepe.
Çep tarapda – diňe bäş sany kagyz,
Sag tarapda eýýäm – giden bir depe.
Sandyrap başlady ýene bir dostum.
A-how, töweregmiz gyz bile gelin.
Birden sandyrýanyň duýaýmasynlar,
Walla, kisäňe bir salsana eliň.

Aýby ýok, gardaşym, şahyr bolmasak
Goý, bolman geçeli. Ýöne weli biz
Gyzlaň ýanynda bir beýdip durmaly.
Edil polat ýaly bolsun elimiz...

Men diýen şahyrlar ýaýkaşyp başyn,
Gaýdyşyp barýarlar ýüzlerin sallap.
Özlerem bilenok nirä barýanyn,
Göýä polklaryndan azaşan soldat –
Hersi öz polkuny gözläp barýardy.
Ne gykylyk bardy, ne-de bir gybat...

«GSM» işläp dur. Nobat ýöräp dur.
Bir görsem ýetipdir
Maňa-da nobat.

«Geçiber, geçiber, geçiber uýam!»
Nobatymy berdim yzdaky gelne.
(Hormatlanym üçin şeýtdimmikäm men,
Ýok, gorkanym üçin etdim men şeýle).

Ol gitdi. Ýene-de nobatym ýetdi.
«Geçiberiň!» diýdim yzdaky gyza.
(Hormatlanym üçin şeýtdimmikäm men,
Ýok, ýok, gaçjak bolup çekildim yza).

Emma gyz
hiläme düşünen eken.
«Howlugamok» diýip, ýylgyrdy hötjet.
Öz-özüme diýdim: «Bar, gaçdyňam sen,
Ykbalyňdan gaçyp sen nirä gitjek?»

Pedalyň üstüne aýagmy atdym
Ryçagy çekdim. Açyldy gapak.
Bir papka goşgyny içine atdym.
Hopugyp oýandym...
Akmak men, akmak!
Şo mahal oýanmak nämäňe gerek –
Ýene bir minutjyk ýataýan bolsaň,
Seniňem kimdigiň belli bolardy,
Belki, çyrşamaňy goýardyň onsoň.

□ Kerim Gurbannepesow.
40
95
okayjy
26.12.2023 00:59
Kimiñ nähili pikri bar şu meselä. . . ?
44
615
okayjy
25.12.2023 01:14
Sen özüňi ýigrendirjek bolmagyn,
Bilýäň-ä ýüregim o duýga gedaý.
Gitmegiňe öýkäm sebäp bolmasyn,
Gidesiň gelýämi, sebäpsiz gidäý!

Bir gitdiňmi, dolanma soň yzyňa,
Gün bolsamam saňa şugla saçmaryn.
Bir gün ýetip duýgularmyň gadryna,
Ýene kaksaň ýüregimiň gapysyn,
Daşyndan ýapan sen, menem açmaryn.

Ejizlemen jylawlaryn duýgymy,
Ötä: gitsem setirlemde ýatlaryn.
Ýöne welin dolanmazlygyň üçin
Ýalanjykdan bagtlydygmam agzaryn.

Wagtam geçip dur bize seretmän,
Olam eder elden gelen kömegin.
Haýp, eden arzuwlarma degmediň,
Ýüregi söýgimden ejiz gelenim!

Unudarnam belki seň unduşyň dek,
Ýöne peýdasy ýok göwnüme degmäň.
Sebäp meni söýüp başarmaýşyň dek,
Menem ýigrenmegi başarman, didäm!

02.09.2022.

© Enemähri GUWANOWA
45
45