Salam dostlar.
Ir bilen Öwrenmelä girdim postlary gözden geçirdim we
@Serwi agzañ men hakynda goýan postyny okadym. Begendim ☺ ( Ýalan sözlemäýin 5 gezek dagyn gaýtalap okandyrnam 😄) . Sebäbi garašylmadyk ýagdaýda çykýan zatlar adamyñ hasam göwnüni açýan eken. Günimiñ gowy başlamagyma we güniñ dowamynda aý gören tat ýaly ýylgyryp gezmegime sebäp bolany üçin
@Serwiñ postyna 9998 ball bermek isleýän ☺.
Geçip barýan 2023-nji ýyl Öwrenmeli portaly üçin hem gowy ýyllaryñ biri boldy.
Belläp geçsek :
◾ "Google play" programmada 100 000-den köp ýüklenip alyndy.
◾Programma 10 000-den köp adam agza boldy we häzirem her gün köpelýär.
◾Programmadaky postlary we agzalary "google" üsti bilen görner ýaly edildi. Bu bolsa postlaryñ köp adam tarapyndan okalmagyna kömek etýär.
Ýeri gelende
@T.Soltanov, Adminler we Moderatorlara geljek ýylda hem işlerinde üstinlik arzuw etýän.
Elbetde diñe programma üçin gowy ýyl boldy diýip bolmaz. Agzalaryñ arasynda hem uly üýtgeşmeler boldy.
Geliñ käbirlerini belläp geçeliñ:
🔹️
@Guzela agzamyz arzuw eden okuwna girdi.
🔹️
@Bitter agzamyz okuwyny gutardy. ( Diplom alyp, almandygy heniz anyk däl 😁)
🔹️
@Garlawaç näçe wagytdyr goşgylarny haýran galmak bilen okaýan şahyrynyñ gürrüñdeşligine gatnaşdy ))
🔹️
@Lord agzamyz ýalñyşmasam gulluga giden bolmaly. Watan öñindäki gulluk borjuny sag aman ýerine ýetirip gelsin nesip bolsa.
🔹️
@Atakulyyew_Humay agzamyzam Hytaýyñ Milliard adamlarynyñ hatarynda öz okuwuna dowam etýär. Nesip bolsa eli diplomly gaýdyp gelmegini arzuw etýän oñada.
🔹️
@Dusia_Maksatmyradowa agzamyzyñam bagtly pursatlaryñ birini başyndan geçirdi elbetde :)
🔹️
@Gulia_Maksatmyradowna agamyzam öñler 10% aktiv bolýan bolsa indi Dusiañ ýerini hem doljak bolup 1000% aktivlige başlady 😁
🔹️
@Ylham_Gurbanaly hem şahyr bolmagyna garamazdan futboluñ hem uly janköýeri. Daşoguzdan Aşgabada gelip tomaşa eden oýnunyñ şowsyz gutarmagyna henizem gahary gelýändir 😁.
🔹️Elbetde
@Relax üçinem jogapkärçilikli ýyllaryñ biri boldy diýsegem boljak. Ilkinji saýlanan Moderatorlaryñ biri boldy we işinde hem üstinlik 👍.
🔹️
@Imissyou agzamyzam ahyry arzuw eden 💎 derejesine ýetdi. ( Arzuw bilen Köwseriñ arasynda ýylygyryp dur indi 😁)
Elbetde köne dostlarmyzdanam bu ýyl aramyzdan aýyrlanlary bar
@Crazygirl,
@Melike,
@Idealider,
@Baýram Bejidow,
@Aýdymçyoglan...
Durmuş dowam etýä, köneler gitýär, täzeler gelýä. Biziñ hem haçan bu progdan gitjegimiz belli däl, ýöne bizde gowy ýatlamalar galdyrýandygyny aýdyp biljek. Geljek ýyl hem gowy ýatlamalara baý ýyllaryñ biri bolsun...
*
***
**T**
***ä***
****z****
*****e*****
****2024*****
****yylyñyz****
***gutly bolsun***
2023 /|\ 2024
Size täze 2024-nji yylda bagtdan payly söyguden serpayly owadan päk durmush,jan saglyk,agzybirlik, mashgala abadancylygyny, sacagyñyz rysgal-bereketden doly bolmagyny arzuw edyän! Yetip gelen täze 2024-nji yylyñyz dushumli bolsun. Arzuwlaryñyz hasyl bolsun!!!