okan
05.12.2023 13:33
Ýatladýarka uçup bir guş

Ýüregiñi diler seniñ
Bagra basan,ýalñyz durmuş
Ýüregiñi diler seniñ

Kalpda ody döredenler
Yşga bagryn eredenler
Kä men bolup seredenler
Ýüregiñi diler seniñ

Ýatda galan ýalñyz köçe
Ýanar kalbyñ, käte öçer
Diýen sözler geçer -geçer
Ýüregiñi diler seniñ

Saña ýazan ýeke hatym
Käteler açarsyñ gatyn
Ýyrtyp ,ýaman suratym
Ýüregiñi diler seniñ

köýnegiñde goýman epin
Bildiñ diñeje ,öz nepiñ
Iñ soñkyja aýdan gepim
ýüregiñi diler seniñ

Günüm senli ötürmerin
Göz öñüne getirmerin
Saña ýazan setirlerim
Ýüregiñi diler seniñ

Çőźüp gider kop doñlaram
Keşbim ýatdan çykar meniñ
Hoşgal söźüm soñ soñlaram
Ýüregiñi diler seniñ

Ogulgurban Jumaýewa
35
36
okan
04.12.2023 12:36
Käte bilmezlikde degsem göwnüñe
Ýa sowuk garasam aýdan sözüñe
Gaşymy çytaýsam mährem ýüzüñe
Bagyşla ejemjan ,bagyşla meni

señ ýuregiñ ummanmyka giñ-giden ?
Bagyşlaýar ýalñyşlary byrgiden
Men zerarly çümse ýüregiñe tiken
Bagyşla ejemjan, bagyşla meni.

Sen ahyr ömrümiň owadan güli
Allam görkezmesin sensiz byr güni
Durmuşymda mydam saňa bergili
Bagyşla ejemjan, bagyşla meni.
37
51
okan
02.12.2023 15:40
Hany seniñ söýgä wepañ
Ýok,men indi dolanmaryn
Besdir çeken jebri -jepam
Ýok,men indi dolanmaryn

Mähriñ küýsäp gözlärdim men
Adyñ tutup sözlärdim men
Sen dözseñem ,dözmändim men
Ýok men indi dolanmaryn

Çekip aýralygyñ derdin
Gül ýüzüm galmady ýerden
Ýatlasañam her gün ,her dem
Meniñ göwnüm galdy senden

Geçdi indi o döwürler
Sowuldy duman ,ümürler
Sensizem geçip dur günler
Ýok ,men indi dolanmaryn

Ýalbarma sen,bolmaz haýry
Indi biziñ ýollar aýry
Jogap ýokdur şundan gaýry
Ýok men indi dolanmaryn

Myrat Ömür
28
21
okan
26.11.2023 01:14
Gitjegi goybergin saklama hijem
Eger ol söýmeýän bolsa has beter
Çünki ýanyňda-ka onuň bedeni
Ömüri özgäniň oýunda öter

Gitjegi goybergin saklama hijem
Gaýgy hasrat iç etiňi iyse-de
Söýenler dolanar näme bolsada
Söýmedik terk eder näçe söýseň-de...

Avtory: Şirnazar Taganov
36
37
okan
08.07.2023 16:29

Geplemänkäñ diñle,ýazmankañ oýlan

Söýmekden öñ söýül,söýüp soñ öýlen


Puly ýerlikli sow,sowmankañ gazan

Ilki bagşy bolgun,bolmankañ azan


Çagalykdan saýlan,çagañ bolmanka

Agaçlary saýgar,bagban bolmankañ


Başyñy goragyn degmänkä,d:aşa

Öleñsoñ ömür ýok,ölmänkäñ ýaşa!

36
73