nuranow
02.01.2024 17:36
Durmuş, saňa soragym bar!
Ne üçin berýäň bize ezýet?
Adamlary gamlandyrman,
Senem şatlan, senem hezil et!

Aýtsana seň aryň barmy,
Ne derdiň bar ynsanlardan?
Indi bizä halys irdik,
Seň jogapsyz mysallaňdan.

Aglap otyr hanha zürýat,
Ýitiripdir käbesini.
Gam derýada gark etjekmi,
Alyp elden gämisini?

Nalap otyr bir görgüli,
Saňa bolan höwesi ýok.
Şu bolşuňa-ra seni,
Hiç bir adam söýesi ýok.

Ejiz görseň lezzet alýaň,
Aladaň ýok kömek etmek,
Bar maksadyň, oý-pikiriň,
Ejizleri ezip gitmek!

Adam pahyr arzuw etýär,
Senem oňa garşy çykýaň.
Dillensene hötjet durmuş,
Şeýdip bizden näme utýaň?

Ýalan söýgem seň işiňmi?
Söýeni çatýaň söýmeze.
Şular ýaly hokgalaňdan,
Giň dünýä bu gün dar bize.

Soňsuz synaglaryň bilen,
Elde aldyň barymy sen,
Aýtsana günä bizdemi,
Durmuş, şeýle zalymmy sen?

Bellik: Süleýman Tekäýewiň kömegi bilen ýazylan.

M.Nuranow.
36
690
nuranow
31.12.2023 09:30
Hemmäňize Salam!
Sizi ýetip gelýän täze 2024-nji ýylyňyz gutly, düşümli, bereketli, saglykly, abraýly, şatlykly, dostlykly,
pully ýyl bolsun!Okuw diýip yhlas etýän ýaşlarmyz okuwa girsin, söýen ýaryna garaşyp ýörenler bagtly durmuş gursunlar, täze durmuş guranlaryň elleri bäbekli ýüzleri begegnçli bolsun, özbaşdak biznes döretjek bolýanlaryň işi ugruna bolup yzy güri bolsun aý garaz arzuwlaň hasyl bolýan ýyly bolsun.
TÄZE ÝYLYŇYZ GUTLY BOLSUN MÄHRIBANLAR!

Gutlan:M.Nuranow.
24
112
nuranow
27.12.2023 21:16
Arkadag şäherinde düşüren iň owadan suratlam.
32
269
nuranow
26.12.2023 18:31
(Bir oglan ejesiniň mazaryna baryp aýdan sözleri😔)

Käbäm,seni küýsäp geldim ýanyňa,
Sen gitdiň, her gije agladym eje,
Sen juda ir gitdiň, gerekdiň maňa,
Aýra düşen wagtym, çagadym eje.

Seniň ýoklugyňa ynanmak kyndy,
Iň agyr kynçylyk başymdan i:ndi,
Diýdiler, "aglama ejeň ýok indi",
Ynanman, özümem aldadym eje.

Durmuş ýolum ýalňyşmy,
Bilmen dogrumy,
Ýtitrdimle sensiz barýan ugrumy,
Ýyllar azaşdyrdy seniň ogluňy,
Azaşyp, çar ýana ylgadym eje.

Maňa düşünýän ýok, agyr halymdan,
Başarsalar sorup aljak ganymdan,
Doýurdy mähirsiz,eýmenç zalymlar,
Seň ýyljak mähriňden, ganmadym eje.

Hiç hili ýeňil däl durmuşyň ýoly,
Şatlygy az eken, gussadan doly,
Sebabim ýok sensiz gülerim ýaly,
Sensiz çyn ýürekden, gülmedim eje.

Dost diýenim arkamdan sokýar pyçagyn,
Açsada-a, minnetli açýar saçagyn,
Al meni ýanyňa açyp gujagyň,
Bu durmuşdan, halys doýdumla eje.

02.12.2023

Merdan Nuranow.
36
366