nuranow
02.01.2024 17:36
Durmuş, saňa soragym bar!
Ne üçin berýäň bize ezýet?
Adamlary gamlandyrman,
Senem şatlan, senem hezil et!

Aýtsana seň aryň barmy,
Ne derdiň bar ynsanlardan?
Indi bizä halys irdik,
Seň jogapsyz mysallaňdan.

Aglap otyr hanha zürýat,
Ýitiripdir käbesini.
Gam derýada gark etjekmi,
Alyp elden gämisini?

Nalap otyr bir görgüli,
Saňa bolan höwesi ýok.
Şu bolşuňa-ra seni,
Hiç bir adam söýesi ýok.

Ejiz görseň lezzet alýaň,
Aladaň ýok kömek etmek,
Bar maksadyň, oý-pikiriň,
Ejizleri ezip gitmek!

Adam pahyr arzuw etýär,
Senem oňa garşy çykýaň.
Dillensene hötjet durmuş,
Şeýdip bizden näme utýaň?

Ýalan söýgem seň işiňmi?
Söýeni çatýaň söýmeze.
Şular ýaly hokgalaňdan,
Giň dünýä bu gün dar bize.

Soňsuz synaglaryň bilen,
Elde aldyň barymy sen,
Aýtsana günä bizdemi,
Durmuş, şeýle zalymmy sen?

Bellik: Süleýman Tekäýewiň kömegi bilen ýazylan.

M.Nuranow.
36
691
nuranow01
10 Yanwar 2024
@mylife🎶 _, o nomerler ýamymda däl
nuranow01
10 Yanwar 2024
@mylife🎶 _, inni doňe şu acc dan girerin beýlekilerden girip bilemok
nuranow01
10 Yanwar 2024
@mylife🎶 _howwa 3 em barlaý menne
nuranow01
10 Yanwar 2024
@mylife🎶 _, salam senden başgasy ýatyr öýtýän online dakylaň 😁
nuranow01
8 Yanwar 2024
Her hili adam baraý çala gülüp baksaň başga zada çekýäler🤦‍♂️
manolya
7 Yanwar 2024
@nuranow01, bolýala sag aman baran bolsaň))
manolya
6 Yanwar 2024
@nuranow01, nirå gitdiň ,gellim diýýäň🙄Merdan senmi ?
susom
6 Yanwar 2024
@nuranow01, ay bolyala
nuranow01
6 Yanwar 2024
@susom, howwa gelim sag amanja
nuranow01
6 Yanwar 2024
@Miss_Minnosh❤️, Salam Dünýäň gözeli howwa gellim sag amanja
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.