nepesowna
14.11.2023 00:06

Bilýäňmi, näme üçin adamlar bagtly pursatlaryny tiz unudýarlar, uzak wagtlap ýamany ýatlaýarlar?

Sebäbi bagt ýürekde şram galdyrmaýar...


Omar Haýýam

23
52
nepesowna
13.11.2023 20:10

Güne ynam ýokdur gyşda,

Hakykat ýokdur her "myşda"

Ýuka ýürekli kişiler

Kän aldanýar durmuşda.


Akjagül Allaberdiýewa

14
15
nepesowna
13.11.2023 08:19

Hiç kimiň köňlünde arman galmasyn,

Aýralyk derdini hiç kim bilmesin.

Ötegçi dünýäde hemmämiz myhman,

Ynsanyň ynsandan göwni galmasyn.

17
27
nepesowna
12.11.2023 15:43

Gysdagly jenaýat ýere baran iki polisiýa rassiýadan habar berýär:

👮- Jenaýat ýere geldik komandir.

🧑‍✈️- Howwa nähili bolupdyr?

👮- Bir aýal ýaňy süpüren koridoryny entek guramanka, aýakgaply basan ýoldaşyny öldüripdir.

🧑‍✈️- Aýaly tutdyňyzmy onsoň?

👮- Ýok komandir, biz gapyň agzynda garaşyp durus.

🧑‍✈️- O näme üçin?

👮- Sebäbi koridor entegem guramandyr.

😂😂

34
274
nepesowna
11.11.2023 13:12

Aýralyk aýdymlaň bary

Biziň üçin ýazylan ýaly.

Reňkini ýitirdi güller

Ana seň şol gideniň bäri.


Wagt bilmez garaşmany,

Tanamok dosty duşmany.

Kän aglatdylar bu ýüregmi,

Ýok indi edemok puşmany.


Unutdym geçenleri,

Ýüregim ýakanlary,

Ýalandan bakanlary

Unutdym bu gün.


Terk etdim öňki endigi,

Erk etdim pikirleri,

Saklamok gidenleri

Unutdym bu gün.


Gitsinler ýary ýaryna,

Jany janyna

Her kim öz ýoluna.


Baksynlar sagy soluna,

Çykmaň ýoluma

Degmaň göwnüme.


Arzuwlaryma barýan sary,

Geçýän ençe daşly ýoly,

Iller näme diýse diýsin,

Alyp bilmez arzuwlarymy.


AYRILIK ŞARKISI


Ayrılık şarkıların hepsi,

Bizim için yazılmış gibi.

Rengini yitirdi güller,

Senin o gittiğinden beri.


Zaman bilmez beklemeyi,

Tanımıyorum dostu düşmanı.

Çok ağlattılar bu yüreğimi,

Hayır artık etmiyorum pişman.


Unuttum geçenleri,

Yüreğimi yakanları,

Yalandan bakanları,

Unuttum bugün.


Vazgeçtim eski alışkanlıkları,

Terk ettim fikirleri,

Tutmuyorum gidenleri,

Unuttum bugün.


Gitsinler yâr yâra,

Can cana,

Herkes kendi yoluna.


Baksınlar sağına soluna,

Çıkmayın yoluma,

Değmeyin gönlüme.


Hayallerime giden sarı,

Geçiyorum nice taşlı yolu,

Millet ne derse desin,

Alamazlar hayallerimi.

23
44
nepesowna
09.11.2023 08:46

Ýüregiňe düşündirip bolanok,

Seni çyndan söýýändigmi bildiňmi?!

Agyr hasratyňdan dynyp bilemok,

Söýgiň kalby gyýýandygny bildiňmi?!


Kän gezekler dogalarda dilenen,

Şeýdip, söýgiň ýürekleri dilinen,

Meni ýeke ýylgyryşyň bilenem

Agyr derde goýýandygňy bildiňmi?!


Çydap bilmän görgüsine görgüleň,

Söýgüsinden geçýänleri gördügem,

Gelse, senden gelsin gaýgy-derdimem,

Seni ömrüm saýýandygmy bildiňmi?!


Durmuşda kän boldy, bolar şol entek,

Gyzyň söýgüsini gora hem erk et.

Ýokdur çyn söýgüde çekilen serhet,

Söýgiň maňa aýandygny bildiňmi?!


Ýokdur biziň üstümize sürünjek,

Ine, basym toýumyzam guruljak,

Aýdanlarym däldir oýun-oýunjak,

Ýüregimden diýýändigmi bildiňmi?!


Goşmyrat Orazberdiýew

20
34
nepesowna
08.11.2023 23:13

Akyldardan sorapdyrlar:

"Söýülýändigimizi nädip bilip bileris?"

Ol jogap beripdir:

"Kim seniň üçin aladalanýan we gyzyklanýan bolsa, senden hiç ýadamaýan bolsa, haçan-da sen ýalňyşanyňda bagyşlaýan bolsa, ine ol seni söýýär."

24
183
nepesowna
08.11.2023 07:56

Hatalarňy köp geçirdim duşumdan,

Seni çenden aşa söýenim üçin.

Dert çeksemem, bildirmedim daşymdan,

Ozalynda aýal bolanym üçin.


Munda ölçenmeýär yşgyň hasaby,

Munda bilinmeýär ykbal nesibi,

Pelek emri bilen yşgyň ýesiri,

Razy men munda ýaýanym üçin.


Söýmek uly bagtdyr, hem uly jepa,

Magşuk aşygyndan görmese wepa,

Söýgim saňa aýan, aýandyr Haka,

Doganda yşk bilen doganym üçin.


Goý, göwnüňi alsa alsyn özgeler,

Isleseň, goý, bagt bersin özgeler,

Çyn aşyklar ähli derde döz geler,

Geçirerin wepa-ygrarym üçin.


Garylyp şirinden-şekerden heňe,

Men bir aýdym ýazdym aýdaýyn saňa,

"Sen" diýerdim, dünýä gelsemem ýene,

Bagyşla sen şeýle ýüregim üçin.


Tuwakgül Gylyjowa

22
40
nepesowna
07.11.2023 18:58

Öňem bir mugallym okuwçylar gowy okasyn diýip:

- Okuwçylar eger sizden kim 4-5-lik bilen mekdebi gutarsa Jennete düşer, kim 2-3-lik bilen gutarsa Dowzaha düşer diýipdir... welin, yzda oturan:

- Aý blä garaz mekdebi diri gutaryp boljak däloow... diýýämiş.


***


Köçe futbolynyň düzgünleri ( sizem tanyşmy😉🙃):


1. Oýun haçanda, oýunçylar ýadanda gutarýar.

2. Emin ýok.

3. Iki sany kerpiçden derweze ýasalýar.

4. Penalti haçan-da ýykylan oýunçy gatyrak gygyryp, güýçli sögünende bellenýär.

5. Akyla gelmejek hasap ( 23 - 34 ).

6. Haçanda pökgüniň eýesi gaty görende, oýun tamamlanýar.

7. Iň semizi derwezä durýar.


***


- Bro, men soýgülime 3 ýyl yzyny üzmän, her gün poçta bilen goşgy ugratdym.

+ Soň näm boldy bro?

- Poçtaçy oglana durmuşa çykdy.


***


Ejem aýtýa: iliň çagalary bela ýaly.

Men: iliň çagasy iPhone alypdyr.

Ejem diýýä: il bilen işiň bolmasyn.


***


77 oglana ýok diýip, ýene-de meni hiç kim söýenok diýýän jandara gyz diýilýär.

35
399
nepesowna
07.11.2023 07:56

1. Welosiped ýaryşy 1-nji gezek haýsy ýurtda geçirilipdir?



2. Grek halky öz ýurduny nähili atlandyrýar?



3. \"Mercedes\" logosynyň aňladýan manysy näme?



4. Internet boýunça ilkinji söwda näçinji ýylda boldy we näme satyldy?



5. Zoluşka multifilmindäki syçanjygyň ady näme?

19
211