nabat_
17.06.2024 21:26
Diydiñ maña bagtyñy isleyân-başardyñam bagtymy alyp giddiñ elimden....🥀🥀🥀


Dünýäñi üytgedjek diyip geldiñ hawa uytgeddiñ bir dunya goyman yykyp giddiñ kalbymy...🥀🥀🥀


Seni gujaklap durkam unudyadym dunýäni ol gozleññe seredemde goryadim soygini a indi bolsa goryan sen bilen başga birini🥀🥀🥀
29
87
nabat_
16.06.2024 20:45
Sen birine göwün berip oña ömürlik söýgiñdir öýdersiñ ,emma seniñ ömriñi bezejek ynsan garaşylmadyk ýerden garaşylmadyk ýagdaýda çykar we durmuşyñy bezâr saña şu güne çenli bolan hemme erbed wakalary unutdyrar seni hemmeden beter söýer beter gabanar 2 gün de seniñ ömrüñi bezâp biler...ömrüniñ soñuna cenli yanyñda boljagyny aydar..We siz onuñ bilen bir durmuş ýoluna gadam basarsynyz

Çyn söýgi garaşylmadyk yagdaýda,garaşylmadyk ynsandan geler eken.
❤A
30
88
nabat_
16.06.2024 12:52
Garaşmak



Şeýle seredeniňde ýönekeýje söz ýaly welin, meniň ýüregime girip görseňiz, bu beýle däl. Garaşmak onda-da intizar ýola dikip garaşmagyň nähili hupbatynyň bardygyny, siz bir bilsediňiz. Muňa haçan-da, kalbyňyzda söýgi ody dörän ynsan düşünäýmese, başgalar düşüner öýdemok. Niçeme-niçeme eserleri okap, söýginiň şeýle ezýet çekdiriji derdiniň bardygyny bilsem-de, bu derdiň öz başyňa düşende beýle-beýle oýunlary turuzjagyny hiç haçan pikir etmändirin. Soraman gelýän söýgi. Ol islendik wagty seniň başyňy aýlap, ähli zatdan sowaşdyraýýan eken. Söýgi. Ilkinji garaýyşlardan döreýän söýgi. Birek-biregi tanamazdan, bilmezden tötänlikde göreçleriň kaklyşyp, birek-birege gönügen nazarlardan dörän uçgunyň köräp, gylaw almagyna näme sebäp bolýarka? Men ony tanamok. Ol hem meni. Hat-da adynam bilemok. Sataşanymyzda-da nirelerden  bir ýerden özüňe gönügen nazary duýmazlyk asla mümkin däl. Şol tarapa seretmezlige çalyşsaň-da, öz erkiňe bagly bolmadyk nämälim duýgularyň girdabyna düşeniňi duýman galýarsyň. Näme üçin? Soňky döwürde meniň göwnüme bolmasa, sen maňa sataşanyňda özüňi oňaýsyz alyp barýan ýaly, aljyraýaňmy ýa-da… Ony seniň hereketleriňden aňmaga çalyşýaryn. Bir zatlar aýtmaga ymtylýan ýaly, ýöne nämedir bir zat seni saklaýar. Çekinýäňmi ýa-da utanýaňmy bilmedim. Ýöne seniň garaýyşlaryň, maňa gönügen nazaryň sözlemeseň hem ýüregiňi açyp berip dur. Belki, meniň dillerime garaşýansyň. Ýok, ýok, ol hiç haçan bolmajak zat. Gyzlar hiç wagt öz söýgüsini ilki aýan edýän däldir. Ol gyzlara mahsus bolmadyk häsiýetlerdir. Gyzlar söýgi meselesinde näçe ejir, ezýet çekseler-de, ilki dillenmegi diýseň ýerliksiz, utanç hasaplaýarlar. Bu türkmençiligiň kada-kanunlaryna gelişmeýän hereketler hasaplanylýar.
Ara köp wagt düşdi. Görüp otursam, seni görmänime iki hepde bolupdyr. Saňa sataşaryn diýen umyt bilen okuwa gidýärin. Birden ýitip gitmegiňi öz ýanymdan gowulyga ýorýaryn. Günde sen hakdaky ýatlamalar bilen ýaşaýaryn. Ýöne geçen hepdäň uzaklygy seni menden azajyk daşlaşdyrdy. Wiý, meniň diýip oturan zadym näme? Biz bir gezegem birek-birege söz gatyp görmedik ahyryn. Bir-birimizi daşymyzdan görüp, gözler bilen gürleşmek belki, söýgi alamatlary bolsa-da, tanaman, bilmän kimdir birini söýüp bolarmy? Häli-şindi tanamaýan adamyň ýadyňa düşüp durmagyna näme sebäp bolup biler? Öz-özüme sowal berip, şol her günki gatnaýan ýodamdan okuwa barýaryn. Pikirleriň girdabyna düşüp, daş-töweregime seretmändirin. Başymy galdyrsam şol owadan gözler maňa ýylgyryp seredip dur. Geçip gidibermekçi bolsam, ilkinji gezek baş atyp salam berdim. Sen baş atdyň-da, geçip gitdiň. Öz duýgyňy basyp, oňa garşy gitmekden ejirli zat ýok eken. Gyz utanjaňlygy ähli zatdan rüstem geldi. Emma men entägem onuň maňa düşünmegine garaşyp gezýärin…


atavatan-turkmenistan.com
30
68
nabat_
15.06.2024 19:45
Mekdebi we dünýäni gowy tarapa nädip üýtgetmeli?

Mekdep – diňe bir bilim alynýan ýer däl, eýsem mekdep aragatnaşygyn, sosiallaşmagyn we täze tejribelerin öwrenilýän ýeridir. Bu ýer ýetginjekleriň geljekgi ykbaly, karýerasy, durmuş garaýyşlary we gymmatlyklary barada karar berýän ýeri.
Ol ýerde dünýäni gowy tarapa üýtgedip bolýar. Muny okuwçylaryň özleri başarýar.
Nädip? Belli bolmadyk birnäçe usullara seredeliň.
Dünýä belli erkek adamlar barada öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem zenanlar barada hem öwreniň
Erkeklerem, aýallaram, oglanlaram, gyzlaram, oglanjyklaram we gyzjagazlaram deň hukuklara we häzirki wagtda isleýän zatlarynyň dürliliginden saýlamak mümkinçiliklerine mätäç. Gender deňliginiň manysy şunda.
Gynansakda, köp okuw meýilnamalarynda öňden galan gizlin jyns ynançlary bar. Bu diýmek, maglumatyň köp bölegi erkekler tarapyndan, erkekler barada, erkekler üçin ýazylan.
Meşhur syýasatçylar, alymlar, gözlegçiler, syýahatçylar –bu erkekler. Olar barada kitaplarda ýazylan, olar barada prezentasiýalar we nutuklar görkezilýär. Munyň netijesinde zenanlar bütin taryh boýunça peýdaly bir iş ýerine ýetirmedik şekilde görkezilýär. Bu beýle däl.
Mekdepde bir soraga jogap, nutuk ýa-da prezentasiýa taýýarlanyňyzda synpdaşlaryňyz bilen kim barada ýazjagyňyzy maslahatlaşyň. Ynanyň, dünýä taryhynda täsirini galdyran zenanlar hem erkeklerden az däl.
Internetde we kitaphanalarda maglumatlary gözleşdiriň. Köp zenanlaryň dünýäniň ykbalyna özbäşdak ýa-da erkek bilen bilelikde täsirini ýetirendigine göz ýetirersiňiz.
Olar barada gürrüň beriň.


Bir partada hem gyzlar, hem oglanlar bilen oturyň!
Diňe arakesmede däl-de, başga wagtda hem gürrüňdeş bolsaňyz olar barada köp gyzykly zatlary öwrenersiňiz. Synpda öz orunlaryňyzy üýtgedip, dürli adamlar bilen oturyň.
Şeýlelikde synpdaky bolan gatnaşyklaryňyzy giňeldersiňiz we synpdaşlaryňyzyň başga bir taraplaryny hem görüp bilersiňiz. Mundan başga hem dürli adamlar bilen aragatnaşygy sazlamagy, sizi gurşap alýan dürli adamlaryň içki dünýäsine seretmegi öwrenersiňiz.
Jogaplary gygyryp aýtmaň!
Kämahal öz bilimiňiz bilen mugallymlary geň galdyrmak isleýänsiňiz. Bizden soralaryna howlugyp, jogaby gygyryp aýdyp goýberýäris.
Öz bilimiňizden utanmaň. Şeýle tiz pikirlenmegi başarýanyňyz üçin size berekella!
Emma beýlekilere hem pikirlenmäge, meseläni çözmäge we dogry jogaby oýlanmaga wagt beriň.
Şeýle hem siz bilen deňlikde soragyň jogabyny tiz tapmagy başarýan başga hem okuwçylar bardyr, emma ol elini galdyryp, bütin klasa eşdiler ýaly edip aýtmaga çekinýändir. Oňa biraz utanjy bilen göreşmäge hem mümkinçilik dörediň.
Daş-töweregiňiziň gözünde beýle hereket bilen kiçelmersiňiz. Gaýta tersine, beýlekileriň duýgusyna goýýan hormatyňyz – sizi gowy tarapdan görkezer.
Kimler bilen gürleşýäniňize üns beriň!
Biz gatnaşmaga rahat bolan adamlar bilen dostlaşýarys. Köplenç dostlarymyz özümize meňzeş bolýar, mysal üçin: meňzeş sazlary halaýan bolup bileris, bir etrapda ýaşaýan bolup bileris, meňzeş sosial derejede bolup bileris. Bu adaty waka.
Emma öz gatnaşýan toparyňyza üns beriň. Ony giňeldiň. Siz bilen düýbünden meňzeş däl adamlar bilen bolup biläýjek meňzeşlikleri tapmany we görmäni başarjak boluň. Hökman taparsyňyz!
Şol meňzeşlikleri tapmadyk ýagdaýyňyzda hem, ol adam düýbünden size ters hem bolsa – köp täze we gyzykly zatlary öwrenmegi başararsyňyz.
Sözleriňize üns beriň!
Synpda ulanylýan tekstlerdäki jynsy kemsidiji düşünjelere ýa-da terminologiýa üns beriň, mysal üçin, okuw kitabynda, žurnaldaky makalada, goşguda, gözleg işleri hasabatynda ýa-da blogdaky ýazylan habarda. Bu gürrüňlere hem degişli.
Hawa, dostlarymyz we joralarymyz bilen öz pikirlerimizi açyk paýlaşyp bileris. Şonuň bilen bilelikde olary degişme üsti bilen kemsitmän, sylanşykly hem bolup bileris.
Adamy kemsidip biljek islendik sözlerden gaça duruň. Mysal üçin, “gowja zat” ýaly hormatsyz sözleriň ýerine “gyz” sözüni ulanyň ýa-da iň gowusy ady bilen ýüzleniň.

Dowamy bar

turkmenistan.unfpa.com
30
149
nabat_
14.06.2024 18:28
Mal cimrilerde, silah korkaklarda, karar da zayıflarda olursa işler bozulur. (Hz. Ebubekir (r.a))

Herkes herkese bir lokma şey verebilir ama boğaz bağışlamak, ancak Allah'ın işidir. (Mevlana)

“Affetmek, zaferin zekâtıdır.” Hz. Muhammed

Gecenin ne kadar uzun olduğunu ancak hastalar bilir. (Sadi)


Kibir, bele bağlanmış taş gibidir. Onunla ne yüzülür ne de uçulur. (Hacı Bayram-ı Veli)

Ameler niyetlere göre değer kazanır.


ALLAH ile arasını düzeltenlerin, İnsanlar ile arasını ALLAH düzeltir.


Dünyadaki en huzursuz insan, kalbinde hased ve kin olan insandir.

Kula bela gelmez. Hak yazmadıkça, Hak bela yazmaz. Kul azmadıkça…


Geceler uzundur. Onu uyuyarak kısaltma. Gündüzler aydınlıktır, onu günahlarınla karartma.


İnsanların en âcizi dua etmeyen, en cimrisi de selam vermeyendir…! (Hz. Muhammed s.a.v.)
29
94
nabat_
13.06.2024 14:59
Kop kişi zenanlara ejiz gowşak diyarler olary hor goryarler.Siz pikir edip gordunizmi zenanlara nace ejiz diyselerem şolar bir maşgalada agzybirligi saklayan gecirimlilik edyan beyik ynsan bolup duryar.Zenan diymek ene bolyar eneler ejeler hemise her yerde gayduwsyz mert bolyalar.Meniñ pikirmce zenan gyz gelin maşgala ejiz diymek nadogry.Hawa olar Bir gül yalyjak Nazijek.Yone ejelerimiz uyalarymyz enelerimizi oz zenan maşgalalarymyzñ gownunr degmeliñ yigitler esasanam enelerimiz gownine hic hacan degmaliñ.Olar bizuñ jennedimiz...❤❤
YAŞASYN ENELER ÝAŞASYN ENELER OLARYN HIÇ HAÇAN GULER YUZI Solmasyn..Enelerimizuzak yaşasyn❤❤❤❤❤❤
28
64
nabat_
12.06.2024 18:29
Size sorag siz hic bir gunuñ icine birnace betbagtcylykly wakany basdan gecirip gordunizmi...Beyle yagday mende 1nji gezek boldy...
Irden okuwa gitmek ucin aftobusa mundim ol yerde biri pulymy ogurlapdr😐dusup bildim entegem sumkamyñ daşgy jubimdakini alypdyr.Son awtobysdan dusup pyyada gecelgeden gecjek bolamda maşyn gelyanni gorman gecyan we olam calaja kakya entegem ayagyma degdi calaja agsaklamaly bolyan🤷‍♀️😂😖Soñ okuwa gija galyp dusundris yazdym okuwdan cykyp taksa munip oye gitdim taksist adam biraz azar berdi yaş oglan eken menem duşjek bollum dusurmedi soñ ol adama jañ geldi gelini yaranok diyip seydip dyndym oyede basga taksy tutup giddim sagaman oye bardym....Şowsuz gunimiñ sonunda gecmejek yaly boldyda so gun🤦‍♀️🤦‍♀️😑😂😂sizdede boldymy suna menzes zadlar🤔🤔😂hem gulkim hem agym gelya bolan zadlara
35
246
nabat_
09.06.2024 10:16
ÝÜREGIM BIR DUTAR...

Ýüregim bir dutar,
saz çalýar şeýle.
Şeýle bir aýdymy aýdýar göwnümem.
Ol aýdym — seň adyň,
Ýöne men ony,
zeýrenip aýdamok ýa-da öwnübem.

Ol meň üçin kada...
Indi näçe ýyl,
Şol aýdym dünýäme berýär ýaraşyk.
Sen maňa ha ynan, ha-da ynanma,
Men bir saňa gezip ýörün garaşyp.

Mümkin, pikir edýän dälsiň men hakda.
Ýa, pikir edýänsiň, uçuryp guşum?!..
Men saňa «işsizsiň» diýjek bolamok,
Sen işlisiň welin,
bir zada düşün!

Munda diňe öz ýüregiň diňlenmän,
Kä, özgäň ýüregem diňlenýändir-ä?
Sen diňle ýüregmi,
gaýtala adyň,
Deň gelýändir-ä?!

© Aýgül BAÝADOWA
24
50
nabat_
07.06.2024 16:37
Yşk hakynda rubagylar


Mežnun «taýsyz gudrat» diýse-de Leýlä,
Onda üýtgeşiklik görmedi dünýä.
Aşyk bilen şeýle jedelde mydam
Dünýä bimamladyr, bir aşyk – mamla.

Söýgi gara ýeri tagta öwürýär,
Ajy deri şeker-şähte öwürýär.
Kalba elherderdir hyjuw belasy,
Söýgi şol belany bagta öwürýär.

Nireden döräpdir hüýr perizatlar?
Nireden döräpdir kuwwatly alplar?
Men diňe bir zady bilýärin anyk:
Söýgüden döräpdir ganatly kalplar.

Danalaram yşk meýini noş etdi,
Hupbat dartyp, Nežd dagyny keşt etdi;
Yşk akylyn aldy akyly baryň,
Akyly ýoklara akyl bagş etdi.

«Düş görerin – diýip – süýjüden-süýji»
Ynsan käte görýär ezýetli düýşi;
Yşk hem düýşdür. Özümize bagly däl
Görmek bagtly ýa-da hasratly yşky.

Aşykdan soradym: «Yşk başyň täji;
Aýşy-eşretdemi şol yşkyň güýji?»
Diýdi: «Yşkdan men-ä eşret tapmadym,
Men pakyra yşkyň ezýeti süýji».

Diýmäň: «Yşkyň syryn hiç kim bilmändir»,
Aşyk bilen magşuk – hüýri-gulmandyr;
Yşk syry Ýerde däl, Arşy-aglada,
Ony bilmek ynsanlara galmandyr.

Diýrdim: «Güneş şeýle nurana, tämiz!»
«Bar – diýdiler – şoňam ýüzünde tegmil».
Howa, baram eken, goý, bolsa-bolsun:
Güneşime yşkym egsilmez hergiz.

Men seni söýýärin, sen başga birin,
Olam çekýär özgä aşygyň zaryn;
Şeýdip, iki jübüt teşne ýüregiň
Dördüsem namyrat, dördüsem ýalňyz.

Kimler aga, kimler gara yşk eder,
Ynsan göwni söýen zadyn keşdelär;
Gözel zada yşk etmez ol aslynda −
Yşk eden zadyny gözelleşdirer.

Iki dert bar, çeken biler yzasyn
(Aslynda ikisi bir dälmi eýsem?):
Saňa ezýet berse seniň söýýäniň,
Ýa seni söýýäne sen ezýet berseň.

Başda ne ýalawly yşk muhabbeti:
Dagdan gopan daş dek ötgürdir çeti.
Kem-kemden ýylmanyp, döner jyglyma,
Ilki şol daşlaryň hemmesem ýiti.

Soradym: “Wepasyz yşka sataşan,
Gaýdyp söýüşermi şol bela duşan?”
Diýdiler: “Ýene-de suwa mätäçdir
Gaýnan suwa agzy müň gezek bişen”.

Ýaş gyz diýdi: “Meni bilmezler aldap,
Men karara gelýän ýüregmi diňläp”.
Ýanan bende diýdi: “Paýhasy diňle!
Ýürek – bu dünýäde iň uly kezzap...”

Gül ekmeseň, saňa bossan nirede?
Tohumyn sepmeseň, harman nirede?
Bal iýermiň ary zährin datmasaň?
Janyňdan geçmeseň, janan nirede?

Derdiň çekişerin ýyglan mahalyň,
Ýürekdeş bolaryn gyýlan mahalyň;
Ýöne bir zat ömür ýadyňda bolsun:
Saňa aşyk boldum gülen mahalyň!

Ýaş ýigitler gyzlara göz aýlaýar,
Gyzlar beslenişip başagaýlaýar.
Göz görke hyrydar, göwün − göwüne;
Söwer ýary göz däl, göwün saýlaýar.

Ýada düşdüň. Sen bir ýerde barmykaň?
Gülýärmikäň ýa-da aglaýarmykaň?
Diýipdiň: “Sen bilen bagtly bolmaryn”,
Kim bilenem bolsaň bagtyýarmykaň?

Umyt edýän: sag-salamat, diri sen,
Ynanýan: öňkiň dek mährem peri sen;
Indi kän ýatlamok: ömür ýolumda
Meniň müň ýitgimiň diňe biri sen.

Söýmek – dilemekdir ýaryň myradyn,
Islemekdir oňa bar söýýän zadyn,
Onuň söýýän zatlarynyň içinde
Eger ýogam bolsa seniň öz adyň.

Alla beren bolsa yşk atly derdi,
Dermanam berýändir – süýji ýa ajy;
Süýji dermanyna «wysal» diýilýär,
Ajy dermanynyň «aýralyk» ady.

«Bu örän seýrek gül» diýýärsiň weli,
Gözleseň, bir harman ýygnalar häli.
Seýrek gülüň nämedigin aýdaýyn:
Çyn söýgi – dünýäniň iň seýrek güli!

Ýaran Ýagmyr
27
162
nabat_
19.05.2024 00:36
BAGYŞLA

Şo gün seň gelerňe garaşyp durkam,
Bir gözel gyz bilen sen gidip barýaň.
Ynan, şonda şeýle begendim, bilseň,
Tebigat saklanyp bilmedi, arman…

Şo gün ähli baglar ýapragyn dökdi,
Ähli guşlar gyrdy birden ganatyn.
Ýalan sözläp nämedeýin, özüm-ä,
Ýanyňdaky gözel gyzy haladym.

“Ony edil meň söýşüm deý söý” diýip,
“Edil men deý aýa” diýip hut şo gün,
Seň owadan gözleň saýlan gyzyna,
Sogrup ýüregimi beresim geldi,
Arman…
Arman, ony öz ýerinden tapmadym,
Bagyşla…

Laçyn PÜRJÄÝEWA
33
58