nabat_
31.01.2024 00:08
Söýgi hakynda iñ romantik setirler we sözler.



Seni söýdüm.
Söýüp bir gez beýgeldim.
Seni söýdüm.
Has giñedi bu dünýäm
Öz ýeñles gylygma gazaply boldum,
Öz durmuş ornuma indi düşünýän

******
...Söýgi diýmek şol duýgunyñ manysyn
Düşündirmek kyn bolanda söýgüdir.

Düşündirip bolýan zatlaryñ bary
Söýgi däl,biz muny owaldan bilýäs.
Söýgi galaryñdan beýikdir beýik
Söýgi boýlaryñdan çuñurakdyr has.

********
Söýgiden gelýäris,barýarys söýgä
Ýerden döräp,ýere gidilşi ýaly...

Gurbannazar Ezizow.

****
Söýgi dälilikdir.Däliniñ bolsa
Dürs çykarmyş müñ gepinden bir gepi.
Alda meni,näçe isleseñ alda
Ýöne bildirmesin ýalanyñ sepi.

****
Söýgiñ nämedigin bilýän adam ýok
Ýöne men şonda-da bir zada belet
Söýmek üçin söýülmegiñ gerekdir
Söýülmegiñ üçin söýmegiñ gerek.

*****
Megerem bagtlysyñ.Oñýansyñ mensiz
Men welin ölýänçäm dem alman sensiz.
Kyrk müñ setir goşgy döreden bolsam
Her harpyñ içinde sensiñ,sensiñ,sensiñ!

Kerim Gurbannepesow.

*****
Men saña hiç haçan ýarym diýmändim,
Saña owalbaşdan barym diýipdim
Ömrüme nur bolup garyl diýipdim
Men saña hiç haçan diýmändim dünýäm
Dünýäñem hilesi ýetig-ä bilýäñ
Bar onuñam käte aldaýan ýeri
Müñ hyýalda,süýt kölünde ýüzdürip,
Soñ tamañy tala baglaýan ýeri
A señ kalbyñ bolsa belent dünýeden
Iñ päk duýgularyñ ýazlaýan ýeri
Men nädip ýetdimkäm sensiz şu güne
Kemsiz gözel bolmaz diýibersinler,
Ynanasym gelýär kemsizdigiñe

*****
Sen çekinme,ökünme sen hiç zada
Ses-selemsiz kalba salyp elemiñ
Belki,bu giñ dünýä ýetmez täsirim
Ýöne saña dünýä bolup bilerin

*****
"Söýenim söýgümi syndyrdy" diýip
Sen näm üçin elem çekýäñ,elenýäñ?
Kimdir biri alga almany bilen
Dürüñ gymmatyndan näme kemelýär?!

Kakamyrat Rejebow.

****
Söýgi sen bagtmy,şatlykmy,hasrat?
Perişdemiñ ýa-da Ýaradan senmi?
Ýa bolmasa tozap ýatan tümlükde
Asmany zemini döreden senmi?

...Şahyr bilbil bolup söýdi gülüni
Neçüýn ýalkamadyñ bagtyñ guluny
Meñliden aýyryp,Magtymgulyny
Eziz ýeññesine ýar eden senmi?

...Bir zady bilemok barmyka aýby,
Sende şatlyk köpmi, köpmi ýa gaýgy
Dyz epip ýalbarýan aýtsana söýgi
Bu gözel dünýäni nur eden senmi?

Şähribossan Geldimämmedowa.

***
Hemme zat aklyma sygar durardy,
Ellerim galgadyp diýdim düşün sen
Söýgi mätäç däldir filosofiýa
Söýmek başartmaýar söýgä düşünseñ.

Seýitmyrat Geldiýew.

****
Men seni söýäýdim.Söýäýdim öýdýän
Soñky günler maña bir zada bolýar.
Begenmesiz zada begenip ýörün
Hemem sähel zada keýpim bozulýar

****
Meñ söýgüme ynanmadyñ señ özüñ
Söýgä peýdasy ýok dilewarlygyñ
Irde-giçde mähre zar bolssñ ýatla
Seni söýen bir ýigidiñ barlygyn.

Atamyrat Atabaýew

****
Sen almany söýýäñ diýip
Alma-da seni söýmäge mejburmy?

Nazym Hikmet.

****
Söýgi - kimdir birine seni ýok etmek güýjüni berip,onuñ ol güýji asla ulanmajakdygyna ynanmakdyr

*****
Söýgi - kimdir biriniñ eline içi gülleden doly tüpeñ berip,onuñ seni tüpeñlejek pursadyna garaşmakdan parhsyz eken

("Ikimizin yerine" filminden)

***
Men söýginiñ nämedigini düşündirip bilmerin.Men diñe söýüp bilerin.
34
146
nabat_
30.01.2024 14:09
Pul barada 20 sany gyzykly fakt



Biz gazanýarys, töleýäris, başga biriniň hasabyna geçirýäris, harçlaýarys, hatda howa sowurýarys... emma aslynda welin, puluň näme zatdygyny anyk bilmeýäris. Dogrusy, pul dogrusynda örän täsin maglumatlar bar.
Pul barada çagalaryň hem-de uly ýaşlylaryň ünsüni çekip biljek 20 sany gyzykly fakty okyjylaryň dykgatyna ýetirýäris.


1. Gadymy döwürlerde töleg hökmünde merjenler, balykgulaklar, öý haýwanlary, däneler, balyklar, ýüňler we şular ýaly beýleki zatlar kabul edilipdir.
2. Dollaryň «$» nyşany ABŞ-nyň walýutasynyň döremeginden has ozal, hatda ABŞ-nyň ýurt hökmünde ýüze çykmagyndan-da öň peýda bolupdyr. «$» belgisi ABŞ-nyň walýutasyndan öň köp ulanylan Meksika pesosyny aňlatmak üçin gysgaça bolan «Ps» harplarynyň birleşmesidir. Bu belginiň ABŞ-nyň çäginde giňden ornaşdyrylmagy bilen, amerikan dollarynyň ulanyşynda hem dowam etdirilipdir.

3. Banknotlar — ýokançlaryň köpelip bilýän ýeridir. Alymlaryň pikiriçe, dünýädäki pullaryň 94%-i özünde bakteriýalary saklaýar. Oksford uniwersitetiniň ylmy gözlegçileri mikroblar üçin birnäçe walýuta nusgalaryny barladylar we 100 ýuanyň iň hapa puldugyny, onda 180 000-den gowrak bakteriýanyň bardygyny anykladylar. Has arassa banknoty bolsa özünde ortaça 11 000 bakteriýany jemleýän ýewro diýip hasaplamak bolar.

4. Kagyz banknotlarynyň ulanyş ömri 3-5 ýyl diýlip kesgitlenilýär.

5. Doly zyňaýmaly ýagdaýa gelýänçä bir pul serişdesi 30-50 müň adamyň elinden geçýär. Ýeri gelende aýtsak, banknotyň nomeri näçe kiçi bolsa, şonça-da tiz könelýär.




6. 100$-lyk ABŞ dollaryndan düzülen 1 million dollaryň agramy takmynan 10 kilograma barabar.


7. Gadymy grek dekadrahmalary seýrek arheologiki tapyndy bolup, iň gymmat pul birligi hasaplanýar. Dekadrahma Afinada, Sirakuzada we Akragantda, şeýle hem Aleksandr Makedonskiniň döwründe (b.e.öň 336-323 ýý.) neşir edilipdir.


8. ABŞ-da pul birligine häzirki wagtda ýaşa ýören adamlaryň şekilini ýerleşdirmek kanuny taýdan gadagandyr.



9. Gadymy Rim tegelek teňňeleriň zikgelenip başlanan ilkinji döwleti hasaplanýar.


10. Ilkinji kagyz pullar Hytaý Imperiýasynda, Tan dinastiýasynyň hökümdarlyk eden döwründe (b.e.öň 618 — 907 ýý.) ulanyşa girizilipdir, emma olar diňe hususy maksatlar bilen peýdalanypdyr. Pullar döwlet derejesinde bolsa ondan soňky döwürde — Sun dinastiýasynda (970 - 1278) ulanylyp başlanypdyr.


11.   Dollar pulunyň 100$ görnüşinden başga ählisinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentleriniň şekili ýerleşdirilipdir. Olaryň hatarynda diňe iň uly dollar görnüşinde şekillendirilen Benjamin Franklin prezident bolmandyr.


12. Meşhur stol üstünde oýnalýan Monopoliýa oýnundaky pullar adaty dollar pul birliginden 30 esse köpdür.


13. Dollar bilen 2005-nji ýylyň Azerbaýjan manadyny ilkibada tanamak ýeňilem düşmändir. Munuň sebäbi bolsa, olaryň ikisini-de şol bir adamyň — awstriýaly dizaýner Robert Kalinanyň ýasandygydyr.


14. Häzirki wagtda Ýer ýüzünde 159 sany resmi walýuta bar diýlip kesgitlenilýär.


15. 1966-njy ýylda bankda ilkinji bankomat patentlenildi. Şotlandiýaly inžener Jeýms Gudfello müşderileriň identifikasiýasy üçin PIN koduny oýlap tapdy. Doly anyk bolmadyk bir maglumata görä, başda PIN kody alty sandan ybarat bolupdyr. Şeýle-de bolsa, oýlap tapyjynyň aýalynyň diňe 4 sany ýatda bilýändigi sebäpli, Gudfellow kody gysgaltmaly bolupdyr.


16. Pullaryň saklanyp bilinjek ähli ýerlerinden (gapjyk, jübi we ş.m) ýitirilýän puluň bir ýyldaky ortaça möçberi 4,3 ABŞ dollaryna deňdir.


17. Funt sterling — häzirki wagtda hem ulanylýan dünýädäki iň gadymy walýutadyr. Iňlis walýutasy biziň eramyzyň VIII asyrynda ulanylyp başlanypdyr.

18. 1821 — 1825-nji ýyllar aralygynda Alýaskany dolandyrýan «Rus-amerikan» kompaniýasy düwleniň derisine çap edilen 10 000 sany banknoty çykarypdyr. Häzirki wagtda ol banknotdan takmynan 40 sanysy galypdyr.


19. Bagam adalarynda 2001-nji ýyldan bäri 1/2 dollarlyk nominaly bolan pul serişdesi dolanyşykda ulanylýar. Banknot numizmatlaryň arasynda giňden meşhurdyr.

20. Anyk bir taryhy maglumat saklanyp galmadyk bolsa-da, köp bilermenler rus dilinde ulanylýan «dengi» sözüniň türki diliniň sözlük düzümindäki «teňňe» diýen düşünjeden gelip çykandygyny belleýärler. «Kopeýka» sözüniň döremegi bolsa Iwan Groznynyň hökümdarlyk eden döwründe zikgelenen eli naýzaly (kopýe) atlynyň şekili bilen baglanyşdyrylýar.
29
58
nabat_
30.01.2024 08:35

Salam öwrenmeliň mähriban agzlary.Bu gün biz yagny Miss_Minnoş❤ agza bilen men bir bäsleşijek gurnaýas ol bäsleşige hemme agzalar gatnaşyp bilyar.

Munda kimiñ söz baýlygynyñ has gowydygyny  dile çeperliginiñ has dilewarlygyny  göreris

Ýaryşyň şerti :

Biz size ýaryşyň her sanynda öwrenmeliniň 2 sany hemmaniň tanayaan iň aktiw online we könr agzalaryny görkezeris.Siz bu agzalara häsiýetnama bermeli kim has gowy täsirli edip häsiyetnama berse ol ýatyşyň 1nji tapgyrynda ýeňiş gazanar.Ýeňiji bolan agzanyň hemme postlaryna bizden like👍❤

BÄSLEŞIGIŇ HER SANYNDA AGZALARA DÜRLI GÖRNUŞDE HÂSIYETNAMA BERMELI ÝADA GOŞGY DUZMELI HEKAYA YAZMALY HEM DIYIP BILERIS. OL AGZALARY TARYP EDIP BILIŞLERI OLARA BAGLY ISLENDIK YOLY SAYLAP BILERLER

Ýaryşymyz jemi 5 tapgyrdan bolar her tapgyra aktiw gatnaşan agzalar ýeniji bolar.

Sizden şeýle sorag döräp biler ýaryşda meň adym gelse geçen sana aktiwdim bu gezege gatnaşyp bilmerinmi diýse gynanman gatnaşyp bilýäñiz  bäsleşikde yadynyzdan cykarmañ 2 agza häsiyetnama bermeli birisiz öziňiz bolsanyz beýlekisi başga biri hem bolup biler şoñ ucin  aktiw gatnaşyň.

HEMMÄÑIZI BÄSLEŞIGIMIZE ÇAGYRÝARYS.

Bäsleşik 30.01.2024. 22:00-a cenli dowam ederis


BÄSLEŞIGIMIZIŇ 1-NJI SANYNA HOŞ GELDİÑIZ

Biziñ gepleşigimiziň 1-nji

Sanynda agzalaryň taryp edmeli olara häsiýetnama bermeli agzalary:


1.@medik_,

2.@karaleva_,




Hemmäñize üstinlik !!!

Ýaryş göwniňize ýarar diyip umyt edýäs

By : @Nabat_,@Miss_Minnos❤.

35
530
nabat_
29.01.2024 09:49

Nebsiň ýedi basgançagy



Ynsan ýaşaýşy hemişe-de syýahaty sergezdançylyk. Biz sallançakdan mazara çenli sapar edýäris. Öňümizde ýedi sany aýry-aýry basgançak, ýedi mertebe uzap ýatyr. Bilýänler güzergähdäki her menzile bir at beripdirler. Nebsimiz şol basgançaklary ýekän-ýekän geçmezden, özüni üýtgeşikdirin öýtmekden ýüz öwürmezden syýahatyny soňlap, Hak bilen bitewüleşip bilmez. Ynsan ýalandadyr, zyýandadyr, şübhe içindedir. Ol ýedi basgançagy-da geçmezden, hakykata ýetip bilmez.


1. NEBS-I EMMARE


Ilkinji mertebäniň ady Nebs-i Emmaredir. Bu gödeňsi, gögele we hemişe özgeleri günäkärleýän mertebedir. Haýp ýeri, adamlaryň köpüsi ömürboýy şu basgançakda galýarlar. Onuň basmaryndan halas bolup bilmeýärler. Dünýewi işlerden başga zat hakynda pikir edip bilmeýän, pula-baýlyga, häkimiýete tamakin, gabarylyp ýören «menlik» şübhesi bilen ýaşaýan adam şu basgançakdadyr.

Bu ýerde düşlän kişini dessine tanap bilersiň:

- hemişe özgeleri ýazgarar, günäkärlär, tankyt eder; edil dem alşynyň tebigy bolşy ýaly, onuň myş-myşlara gulak gabardyp, kesekä töhmet atmasam şeýledir;

- özünde jinnek ýaly-da köst bardyr öýtmez;

- başgalary aýyplar;

- şübhe, müňkürlik hem ulumsylyk yklymynda ýaşar.

Olary özüňem bilýänsiň. Özüňden çen tutsaňam tanarsyň. Sebäbi eger biz adam bolýan bolsak we özümizem çig süýt emen bolsak, onda biziň Nebs-i Emmaräniň alyna aldanmadygymyz ýokdur. Esasy zat şol çukurdan çalt çykyp bilmekdir. Ol adam haçan nebsiniň kemçiliklerini, ýetmezçiligini, ýalňyşlyklaryny saýgaryp bilse we düzetmegiň ugruna çyksa, ynha, şol wagt onuň ruhy syýahata çykar. Şondan soň gözlerini daş-töweregine aýlamaz-da, öz içine garar. Şeýde-şeýde, ädim-ädim ýol söküp, indiki mertebä ýeter.


2. NEBS-I LEWWAME


Bu mertebe, bir tarapdan, özünden öňkiniň bütinleý tersinedir. Bu ýerde adam özgeleri günäkärlemäge derek, hemişe özüni ýazgarmak bilen bolar. Bolup geçen her bir işi jikme-jik öwrenip, özüni köteklär. «Älem görkana, men betnyşan» basgançagydyr bul. Ynha, şu mertebede nebis Nebs-i Lewwame, ýagny Günäkärlenýän ýa-da Ýazgarylýan nebse öwrüler.


3. NEBS-I MÜLHIME


Üçünji mertebede ol kişi hasam bişer, Nebs-i Mülhimä ýeter. Bu basgançakda ynsan nebsi Ylham alýan nebse öwrülýäni üçin, ol kişi dünýäde görýän ähli zadyndan we her bir kişisinden ylham öwüsginini alar. Kaýyllyk diýilýän halyň näderejedäki erkanalykdygyny aňşyrar, sähelçe-de bolsa onuň tagamyny duýup başlar.

Nesibesi çekse, Ylym şährine gadam goýar. Wagtal-wagtal kabz, ýagny darykma we gahar döretse-de, köplenç halatda bast, ýagny giňlik, erkanalyk hem rahatlyk getirýändigi üçin, bu mertebe kalbyňa hoşwagtlyk berip biljek derejede gözeldir. Ýöne şol bir wagtda onuň özüneçekijiligi örän uly howpdur. Çünki bu mertebä ulaşanlaryň köpüsi bu ýerden çykmak islemeýärler.

Olar ýoluň ahyryna gelendirin öýdýärler. Ýöne ýol welin, has uzak hem agyrdyr. Bu mertebe örän maýyl ediji we diýseň owadandyr, ençeme kişiler mundan aňyrlaryk gitmäge gaýrat tapyp bilmezler. Şu sebäpli-de üçünji makam jennet baglary ýaly her näçe nepis bolsa-da, belentlikleri maksat edinýänler üçin duzakdan başga zat däldir. Bu ýerden aňryk geçmegi başaran kişi Ylym şährini eýelär we Nefs-i Mutmaine mertebesine ulaşar.


4. NEFS-I MUTMAINE


Indi nebis öňküsi ýaly däldir, düýpgöter özgerendir. Şu sebäpdenem oňa Kanagatlanan nebis ady berler. Indi ol kişi örän ýokary düşünjä eýedir. Gözi doýgun, köňli giňdir. Pul-baýlyk, at-şöhrat, mal-mülk, wezipe-dereje derdi ýokdur. Özgeler bilen oňşukly ýaşar, diňe namazlygyň üstünde namaz kylýarka däl-de, hemişe Hakyň huzuryndadyr, ybadat ýagdaýyndadyr. Hemişe namazdadyr. Hiç kimiň göwnüne degmez, kişi hakyny iýmekden berk saklanar we hiç kimiň köstüni görmez, hatda kem-kösti bolaýsa-da, ony örter. Malyny we mülküni Malik-ül mülk bolan Alla tabşyrar. Mundan aňyrsy Töwhid şähridir.

Soňky üç mertebä kemal mertebeleri diýilýär. Ol ýere ýetip bilýän ynsan, hakykatdan hem, gaty azdyr. Onsoňam olar Alla özlerini haýsy hala salsa-da, bagtyýardyrlar, kaýyldyrlar we şükürlidirler.


5. NEFS-I RAZIÝE


Soňky üç mertebäniň ilkinjisinde Nefs-i Raziýä ýetenden soň, dünýewi meselelere özüni bermez, aldatdyrmaz.


6. NEFS-I MARZIÝE


Indiki makam Nefs-i Marziýedir. Bu mertebeden Alla razy bolany üçin oňa Razy bolnan nebis diýilýär. Bu ýere ýeten kişi özgelere çelgi, ýolgörkeziji çyraga öwrüler. Yşygyny kime islese, şoňa tutar. Hakyky kutub, öçmez şemdan ýaly töweregine ýalkym saçar, aýdyňladar. Käte şypa hem paýlap biler. Hereketlerinde öte geçmekden we kem gaýtmakdan gaça durar. Hiç babatda çendenaşa hereket etmez; tersine aýra düşenleri duşurar, duşmanlary dost eder, dartgynlylygy ýumşadar. Şeýle kişi sowuk yklymlarda öwsen mylaýym şemal ýalydyr.


7. NEFS-I KÄMIL


Ýedinji we ahyrky makamda kişi Nefs-i Kämile ulaşar. Bu ýerde tapawutlanmagy gowy görýän «menlik» şübhesi tot-tozana döner, ýok bolar. Ýöne bu makamy bilýän, bilse-de ol barada dil ýaran bolmanlygy üçin, ol ýerden seredeniňde älemiň nähili görünýändigi barada maglumatymyz örän çäkli.


Hak ýolundaky makamlary birin-birin sanamak aňsat, ýöne olardan geçmek welin, iňňän çetin. Ýoluň özüne mahsus kötelleri az ýaly, bu ýol bilen gös-göni ýöremek hem mümkin däldir. Ilkinji makamdan ahyrkysyna çenli eltýän bu ýol göni däl-de, iniş-çykyşly, egrem-bugramdyr. Üstesine-de, haýsydyr bir makama ýeten kişiniň ol ýerde hemişelik galjagyna kepil ýokdur.

Hatda «indi bişdim, men bu ýollary söküp kämil çykdym» hasap edip, ýokardan aşaklygyna güwläp gaýdanlar hem bardyr. Şeýle bolansoň, geçmiş hem gelejek, ýaşan we ýaşajak şunça ynsanyň arasynda juda az sanlysy, onda-da her asyrda diňe biri iň ahyrky makama çenli ýetmegi başarýar.


MÖWLANA JELALEDDIN RUMY

29
124
nabat_
29.01.2024 00:06
Ilkinji telefon nomer

Dünýäde ilkinji telefon söhbetdeşligi 1876-njy ýylyň 10-njy martynda oýlap tapyjy Aleksandr Belliň goňşy otagdaky kömekçisine jaň edip, içeri girmegini haýyş eden wagtynda bolup geçdi. Enjamlar göni birikdirildi, şonuň üçin Bell belgini aýlamaly däldi.
 
 
Tizara ABŞ-da telefon ulgamynyň müşderileri üçin şahsy belgiler peýda boldy. Ilki bilen dört san boldy. Az adam telefon alyp bilýärdi, şonuň üçin bir şäher üçin 9999 belgisi ýeterlikdi. Müşderileriň sanynyň köpelmegi bilen sanlaryň sany goşulmalydy. ABŞ-da ilkinji ýedi sanly san peýda boldy. Köp müşderi bagtsyzdy, sebäbi nomerlary ýatda saklamak kyndy. Ýeri gelende aýtsak, bir adam näçe telefon belgisini ýatda saklap biler? Beýniniň mümkinçilikleri, elbetde, hemmeler üçin tapawutly, ýöne alymlar 237-den köp bolmaly däldigini kepillendirýärler.
 
 
1891-nji ýylda Kanzas Siti şäherinden Elmon Strojer göni jaň edýän telefon üçin patent aldy. Strojeri zerurlyk boýunça oýlap tapyjy diýip atlandyryp bolar, onuň kiçi bir işi bardy - tabyt ýasamak üçin bölüm. Bäsdeşiniň aýaly telefon alyş-çalyş operatory bolup işe girende, buýrugy bolmazdan galyp biljekdigi sebäpli, işiniň çökmek howpuna düşdi.
 
 
Dünýädäki iň gymmat telefon belgisi  bolsa 666-66-66. Kataryň paýtagty Doha şäherindäki haýyr-sahawat auksionynda satyldy. Bu san Katar Telekom tarapyndan auksiona çykaryldy we 2 million 750 müň dollara satyldy. Maliýe serişdeleri bolsa ýurduň lukmançylygyny ösdürmäge gönükdirildi.
30
90
nabat_
28.01.2024 16:34
Çagany aşa derejede söýmek dogrumy?



Psihologiýada çendenaşa görkezilýän söýgini "kadaly ösmeýän söýgi" - diýip atlandyrýarlar. Bu bolsa adam şahsyýetiňiň ösüşine päsgel berýän iň uly faktordyr. Ylmy çeşmeleriň berýän maglumatlary umuman şeýleräk.

Çaga - ene-atanyň durmuşyndaky iň uly baýlygydyr. Çaga dünýä inenden soňra, ene-atalar çagalaryna hemme kömegi bermäge we olar üçin bar bolan ähli serişdelerini sarp etmäge taýyn bolýarlar. Elbetde, ene-ata olara söýgüsini hödürlemeli, ýöne olaryň söýgüsi, çagalaryň erkin hereket etmegine päsgel berjek derejede bolmaly däldir.

Jemgyýetde bar bolan “çenden aşa söýme, bolmasa lälik bolar...” ýa-da “islän zadyny etdirmäň, azajygam bolsa isleglerini çäklendiriň..” ýaly pikirlere esaslanýan wakalara köp duş gelýäris. Şeýle-de bolsa, çaga görkezilmeli mähiriň ululygy we görnüşi beýle bir çylşyrymly bolmasa gerek.

Enäniň ýa-da kakanyň iň möhüm jogapkärçiliklerinden biri, edil, fiziki zerurlyklary ýaly çagasynyň emosional zerurlyklaryny hem kanagatlandyrmakdyr. Çaga aç wagty nähili iýmitlenýän bolsa, söýgä mätäç wagty hem oňa söýginiň berilmegi möhümdir.

Mysal üçin, seýilgähdäki beýleki çagalar bilen bile oýnamak isleýän çagany göz öňüne getireliň. Çagasyny "gaty gowy görýän" ene, çaganyň ýykylmagyndan ýa-da özüne zeper ýetirmeginden ýa-da zeper ýetmeginden gorkup, çagasynyň ýeke gitmegine rugsat bermeýär. Çaga ejesi bilen topara doly goşulyp bilmeýär, sebäbi ejesi elmydama ýanynda, beýleki çagalar öz aralarynda erkin oýnaýarlar we belli bir wagtdan soň ylgap başlaýarlar, ejesi her ädimde çagasynyñ yzynda. Bu mysaldaky ýaly, käwagt çagalary aşa goramaga synanyşmak çaga üçin zyýanly bolup biler.

Mysallaryň ýene biri, ejesinden aýrylyp bilmeýän bir gyzjagaz. Ejesiniň etegine ýapyşýar we goýbermeýär. Bir aýdan soň hem üýtgeşiklik bolmaýar. Arka hatarda oturan ene-de bu ýagdaýdan närazy. Enesinden aýyrjak bolanlarynda, derrew aglap başlaýar.

Soňky mysal: Ýaňy ýakynda durmuşa çykan aýal doktora jaň edýär. Men ýigrimi iki ýaşly, durmuşa çykanyma ýaňy üç aý boldy. Ejemden soraman hiç zat edip bilemok. Men jaň edip, ejemden nahara näçeräk duz goşmalydygyny soraýaryn. Indi, meseläniň çözgüdine geleliň.

Nämeler edip bolar?

1-Çagaňyzy her bir adaty hereketleri üçin goramakdan özüňizi saklaň. Öwrenmek üçin çaganyň käwagt ýykylmalydygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

2-Kämilleşmegine rugsat beriň. Oňa kiçi jogapkärçilikler beriň.

3-Onuň üçin hemme zady özüňiz etmäň. Netijesi erbet bolsa-da, käbir zatlary özbaşdak etmegi öwrensin.

4-Dostlary bilen düşünişmezligi bar bolsa, tarap tutmaň. Diňe diňläň we çagaňyza wakany dürli tarapdan görmegine kömek ediň.

5-Wagtal-wagtal şowsuzlyklary duýsun. Ony hakyky durmuş bilen tanyşdyryň.

6-Olara öz meselelerini çözmäge mümkinçilik beriň.

7-Zerur bolanda elmydama şol ýerde boljakdygyňyzy aýdyň.
39
154
nabat_
28.01.2024 12:59
SÖZLER

Ýandagyň güli, tikeni, kökem adam üçin derman. Ýöne ol ekiniň içinde gögerse adamlar ony köki-damary bilen aýyrmaga
howlugýarlar.

* * *

Süýji iýip dişini agyrdan kişiniň, ajy bilen dişini bejerdişinde many köp.

* * *

Obadan oljasy oňan şagal gapanyň hininiň agzynda gurulaýmagynyň mümkindigini unutdy.

* * *

Ner ýüküniň üstüne öz gaňňasynyň
atylanyny gören eşek: «Indi-hä, maýrylaýsaň gerek» diýip, hynçgyran bolupdyr.

* * *
Awuny şire aldyran böri açlykdan zeýrenmez.

* * *

Gül gurandan soň onuň baldagyndaky tikenleri has berdaşly görünýär.

* * *

Maýmyna tans etmegi öwrenýänçä
süýji berdiler.

* * *

Gamşa saz etdirip bilýän bagşa sungatyň nämedigini düşündirjek bolmagyň geregi barmyka?!

* * *

Jyzlanyň ömri gysga bolsa-da, ol
ýazda ýaşaýandygy üçin ömründen razy bolmaga çemeli.

* * *

Ejesi uran çaganyň: «Eje» diýip aglamasy durmuşyň iň gowy filosofiýasyny özünde jemleýär.

* * *

Pişigiň doklugyny syçana ynandyryp
bolmaz.

* * *

Daşynda tor gurulýan siňek: «Düşdüş daşymdan pyrlanýar» diýip, monça bolup otyr.

* * *

Ak kebelegiň ganatlaryndaky gara
tegmili görüp, siňek: «Wah, görgüli, garaljak bolup garalybam bilmändirdä» diýip wyzzyldapdyr.

* * *

Şärikli şamlyk şagallaryň ogurlygynyň
üstüni açdy.

* * *

Aýy dostlugyna ynanan garynja bilen
piliň gaty bir tapawudam ýok ýaly.

* * *

Leýlisaç dik össe beýle owadan bolmasa-da bolmazdy.

* * *

Gaty peslän bürgüde garga-da haýbat atar eken.

* * *

Eşege düýe ýüküni urup, «Hany, indem
bir eşekligiňi et-dä, göreli» diýip güldüler.

* * *

Maksadyna ýeten tilki, armanly arlaýan şiriň dişi agyrýandyr öýtdi.

* * *

Solan güle gonan bilbile garga-da
ses goşar eken.

* * *

Yzçyny aldandyryn öýden tilki, awçynyň
üstünden bardy.

* * *

Awy oňan syçançy, bady gaýdan bürgüde
ýylgyran bolýar.

* * *

Bazardan gaýdyp öwrenen geçiniň eýesiniň guşagyndaky gezligem gözüne ilmedi.

* * *

Ammarda ýaşaýan syçan gyşa azyk
ýygnasa geň görmäň.

* * *

Bilýäniň köpeldigiçe takadyň azalýar.

* * *

Arabaly awlanan towşanyň armanyna
ynanmasaň-da bolar.

* * *

Egri ösen agajy miwesinden tanap
bilýän bagbana, aperin.

* * *

Nyşana gelen bürgüt garganyň gagyldysyna
baş galdyrmadygyna puşman
edibem ýetişmedi.

* * *

Bilbil bilen bir bagda ýaşaýan garga
özüne atylan kesegi bilbili kowmak üçin atylandyr öýtdi.

* * *

Eşege ýüklenip getirilen ýorunjanysygra döküp, eşege ýandak atýas.

* * *

Irkilen çopany hemmeden öň geçi
görermiş.

* * *

Akmagy tanamaýanyň özi akmakdyr
welin, tanabam gaçmaýana näme baha berersiň?!

© Çary KULYÝEW,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
37
60
nabat_
27.01.2024 19:22
Bir salym söýgi hakynda oýlanalyň

Söýmek, söýýän adamyň durmuşyny ýaşamakdyr.
Lew Nikolaýewiç Tolstoý
Ýokary ahlak gymmatlyklaryny söýýän adam, bütin ömrüne wepaly bolup galýar, sebäbi hemişelik bir zada bagly bolýar.
Platon
Dünýäde söýgüden has güýçli güýç ýok.
Aleksandr Smitt
Bir bakyş söýgini öldürip biler, bir bakyş ony janlandyryp biler.
William Şekspir
Söýmek diýmek, özüňe gowy hasaplaýan zadyňy başga birine arzuw etmek, seniň üçin däl-de, söýýän adamyň hatyrasyna arzuw etmek we mümkin boldugyça bu ýagşylygy oňa gowşurmak üçin synanyşmak diýmekdir.
Aristotel
Adamlara bolan söýgi, adamyň hemme zatdan ýokary çykýan ganatlarydyr.
Maksim Gorki
Duşmany söýmek, onuň erbet höweslerine garşy göreşmek, ýamanlyk bilen tutulan adam üçin söweşmek diýmekdir.
Mihail Mihailowiç Prişwin
Hakyky söýgi bagtsyzlykdan gelýär. Ýagtylyk ýaly, gijeki garaňkylygy has-da ýagtylandyrýar.
Leonardo da Winçi
Durmuşy söýüň, durmuş hem sizi söýer. Adamlary söýüň, adamlar size söýgi bilen jogap bererler.
Anton Grigoriýewiç Rubinşteýn
Söýgi bagtyň hazynasydyr: näçe köp berse, şonça-da köp alýar.
Müller Wilhelm
Esasy zerurlyk – agzybirlik, jedelli – erkinlik, hemme zatda – söýgi!
Balzak
●●●●●●●

Eserlerde söýgi setirleri : Owadan söýgi


Ol özüniň zenanyna diňe ýakynlygynaäl, eýsem indi ol pikirlerinde azaşdy, nirede söýeniniň başlap, nirede özüniň gark bolýanyny bilmedi”. (Lew Tolstoý “Anna Karenini”)
Söýgi — zenany has owadanlaşdyrýan, erkek adamy has güýçlendirýän, ruhuňy ýeňledýän, durmuşy gözelleşdirýän ýeketäk duýgudyr. (Fridrih Nisşe)
Dünýäde hiç bir ynsan seniň özýaşlaryňa degmez, eger-de degýän bolsa, ol seniň aglamagyňa hiç wagt sebäp bolmaz. (Gabriel Markes)
Men ony söýýärin. Sebäbi bu durmuşda oňa taý hiç bir zat ýok…ne ýyldyzlar, ne güller, ne taý geljek ynsan ýok… (Aleksandr Kuprin)
Zenan — güle deňelýär. Erkek kişi —onuň bagbany. Bagban apalap, sypalap gülüni gülledýär. Gül hem oňa jogap edip, minnetdar bolýar, öz mylaýym duýgusyny we gözelligine oňa bagş edýär.
Olar birek-birege el uzadyp bilmediler, emma bir-biriniň ruhunda ýaşamak olara başartdy. (Ariel Býuto)
Düýşüňe girýärmi diýmek, oýa batýarsyň. Oýa batýarsyňmy, diýmek küýseýärsiň. Küýseýärsiňmi, diýmek söýýänsiň. Söýýäňmi, diýmek ol seniň ýaryň… (A.P. Çehow)
Hakyky söýgüde iki adam hem birek-birekden hiç bir zat garaşmaýar. Diňe hakyky duýgudyr, söýýän ynsanyň talaby… (Antuan de Sent-Ekzýuperi)
Hiç wagt sizi adaty adam ýaly görýän birini söýmäň. (Oskar Wald)
Aňyýet erbet we gowy duýgulary aýryp bilýär. Söýgi diňe gowulyk getirýär. (D.Çopra)
Bu neneň bagt. Eger-de islän wagtyň söýeniňi bagryňa bassaň…(S. Ahern)
Gygyr, her kim eşider, ýuwaşlyk bilen aýt, ýakynyňdaky eşider. Emma diňe söýýän adam dymýanlygyň sebäbini biler.
Gürleme…Gerek däl…Gygyrma…Hiç wagt, hiç kime islendik zat üçin ýalbarma…Başyňy dik tut we sessizlige git…Seni söýýän adam seni ol ýerde ýalňyz goýmaz… (Rus klassykasy)


 
♡♥︎♡♡♡♡♡


Söýgi setirleri


*Söýginiň baky juwanlygy bilen ýaşaýyş dowam edýär.
*Söýgi hem-de ýaşaýyş bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bitewilikdir.
*Söýgi – ýaşaýşyň ýüregi, durmuşyň özeni.
*Söýgi özüni ýaşaýşa bagyş edenligi üçin beýikdir, mukaddesdir.
*Söýmek – durmuşyňda täze bir dünýäni açmakdyr.
*Söýgi biziň ýüreklerimizi çalşypdyr, şonuň üçin men sensiz oňup bilemok, sen bolsa mensiz.
*Söýmek kalbyňa solmajak söýgi güllerini, soňlanmajak söýgi mukamyny peşgeş berýär.
*Söýülmek – lezzet, söýülmezlik – ezýet.
*Söýýän kalpdan çykyp, söýülýän kalba girýän mähir-muhabbetden doly sözler gaýtalanmajak söýgi aýdymyna öwrülýär.
*Ýüreginde söýgi ýaşaýan ynsan, özgeleri hem ýaşatmaga ukyplydyr.
*Hakyky söýgi wagtyň synagyndan geçýär.
*Söýüp bilýän ýüregiň hiç wagt söýgüsi synmaz.
*Söýgi – durmuşyň çyrasy. Şol çyranyň ýagtysy, hemişe ömrümize ýalkym saçýar


❤❤❤❤❤❤



Söýgi setirleri……..



Häzir pursatlary birikdirsek, tomaşaçylara arzuw etdirjek ajaýyp bir film boljagyna, ol filmde ikimiziň hem öz rolumyzy ussatlyk bilen ýerine ýetirendigimiz üçin şowhunly el çarpyşjakdyklaryna ynanýaryn. Belki tanamaýanlar hakyky artist diýerler, ýöne biz hakyky aşykdyk.

***
Ajam bolsa hakykat ýagşy, goý, aýralyk bizden güýçli gelsin, ykbalam bizi duşurmasyn. Ýöne şuňa garamazdan, meniň sensizlik hasratym, küýsegim henizem täzekä sen meniň tapan hakykatym dälmi näme? Bu her kime başardanok. Şowly bolmadyk söýgüden soň durmuşa garyşyp gidenler güýçlülermi, ýa öňküni ýalan hasaplap indi hakyky durmuşa ýetdik diýýänlermi?!
***
Ýanymdakaň-a bagt hakda pikirem etmezdim. Gidensoň bilip galdym, o günler bagtly ekenim.
***
Aýralyk herimizi bir ýurda oklady öýdýän. Sen-ä buz ýaly sowadyň, menem kül boldum.
***
“Daşyňdan göräýmäge bagtly sen” diýýänsiň?! A sen bilýäňmi, gije gözümi ýumanymdan soň , bütin gije seň bilen asmana syýahata uçýan, şeýdip irden ýylgyryp oýanýan. Ol meň bütin günüme ýeterlik bagt berýär.
***
Hemişe diňleýän aýdymymyz, hemişe gabatlaşýan ýerimiz bolmalydy. Aýdym, ýollar bizi şol ýerde duşurmalydy. Aýryljagymyz näbileli diýsene?!
***
Çagakak Täze ýylyň geljegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardym, öýümiz bezelýär, sowgat alýas, saçaga-da dürli dümen zat goýýarys diýip. Indi, ýyllarboýy saňa garaşýan. Gel, dünýämizde baýram bolsun! Bagtly bolaly…
***
Aslynda, ikimiziňkem şowlady. Sen-ä maksat tutdum diýe bir başyňa ylgadyň-da, myradyňa ýetdiň. Menem adamlara örän seýrek duşýan hakyky söýgini ele saldym. Meňkem bir hazyna! Tapylgysyz…
***
Sensizligiň nähilidigini beýan edip bilmeýän jümlämsiň sen. Harplaram  ýetim galan ýaly, haýsy sözi saýlasam ejiz

Söýýän seni ýürejigim_Ş🥰❤❤🤗/mark>
33
101
nabat_
27.01.2024 09:49
Söýgi durmuşyň iň uly sowgady”



Türkmen suratkeşi Möjek Çaryýew bilen söhbetdeşlik

1nji Oktýabrda - Ýaşulularyñ Halkara Gununde UNFPA ýaş esasyndaky diskriminasiýa garşy göreşmegiñ we gartaşan adamlar babatdaky stereotipleri ýok etmegiñ ýollaryny gozleýär.
Möjek Çaryýew, suratkeş-karikaturaçy we şahyr, dünýä boýunça 1-nji oktýabrda bellenilýän Ýaşulularyň Halkara gününe çenli birnäçe hepde içinde UNFPA-ny öz studiýasynda garşy aldy. Rowaýata öwrülen “Bowenjik”, “Garyplar we açgözler”, “Uçýan haly” multfilmleriň döredijisi, 76 ýaşly Mojek Çaryýew durmuşda ajaýyp degişgen häsiýetli we durmuş üçin yhlasly. Biz onuň bilen sagdyn garramaklyk we durmuşyndaky buýsançly pursatlar, onuň hyjuwy we ylhamy, şeýle hem ýaş nesle maslahatlary hakda gürleşdik.

Siz durmuşyňyzda gazanan iň buýsanýan we esasy üstünligiňiz haýsy?
Adatça adamlar öz durmuşynda bir wakany aýratynlandyrýarlar, emma mende hemme zatdan birneme bolup geçdi. Meniň durmuşym köp tarapy bilen ýalpyldaýan ýakut ýaly. Ýöne bütin biografiýamdan bellemeli zadym – hem ýaşlygymda, hem kämil ýaşymda– öz hünärimi dogry saýlamagym. 
Çagalygymdan bäri hem sport bilen meşgullanýardym, hem goşgy düzmäni gowy görýärdim. Täze zatlary özleşdirmegi we oýlap tapmagy söýýärin. Filosofiýany gowy görýärin, köplenç filosof Omar Haýýamy ýa-da şahyr Wladimir Wysotskiniň goşgularyna jogap berýän satira žanrynda goşgulary düzýärin. Pikirlerim hemişe hereketde.
Karikaturist kärini saýlamagymyň sebäbi men karikaturalary, sazy, filosofiýany we düşbi bolmagy talap edýän işi halaýanlygymda.
Suratlara we multfilmlere höwesime garamazdan, özüme kän ynamym ýokdy. Şeýle-de bolsa, Moskwada (häzirki S.Gerasimowyň adyndaky Russiýanyň Döwlet Kinematografiýa Uniwersiteti) S.Gerasimowyň adyny göterýän meşhur Bileleşik Döwlet Kinematografiýa Uniwersitetine okuw üçin synanyşdym.
Netijeler görkezilende, müňlerçe dalaşgäriň adynyň arasynda öz adymy tapmanlygymda tas ýüregim durýardy. Nädogry sanawa seredýändigim belli boldy.
Meniň adym Bileleşik Kinematografiýa uniwersitetine - şol ýyl Animasiýa multfilm bölümine giren diňe ýedi dalaşgäriň gysga sanawynda bar eken.
Ol ýerde biz ähli ugurlardan okadyk – arhitektura, aýdym-saz, illustrasiýa (şekillendiriş), we başga dürli ugurlar. Men rowaýata öwrülen ady belli Sowet suratkeşleri, Ýuriý Iwanowiç Pimenow, Aleksandr Shukaýew, Fýodor Sawelýewiç Hitruk, Iwan Petrowiç Iwanow-Wano we beýleki hünärmenler bilen okadym we işledim.
1975-nji ýylda türkmen ertekisi esasynda el bilen çekilen ilkinji türkmen multfilmi bolan "Bowenjigi" döretdim, bu multfilm üçin köp baýraklara, şol sanda halkara festiwallardaky baýraklara eýe boldum.
Bu meniň durmuşymda iň esasy üstünlik hasaplaýaryn.

Häzirki ýaşlara näme maslahat berip bilersiňiz?
Sagdyn bedende sagdyn ruh bolýar. Her adam öz-özüni ösdürmeli, öz pikirlerini, akylyny we ugurtapyjylygyny kämilleşdirmegi we yzygiderli täze zatlary öwrenip durmaly. Dünýäde şeýle bir gyzykly zatlar köp! Men ýaş wagtym taryhy öwrenmegi hiç halamokdym. Ýöne netijede taryhdan gaty köp zatlary öwrenip bolýanyna düşündim, haýran galdym. Durmyşymyzda bize Alla tarapyndan berlen iň uly peşgeş – biziň ömrümiz. Ony söýmäge çalşyň. Durmuşy söýmek üçin we özüňi doly manyda bagtly duýmak üçin hökman sport bilen meşgullanyň!

Kämil döwrüňizde başarnyklaryňyzdan iň “beti” haýsy?
Men 5 gezekden iki-üç gezek basketbol topuny meýdançadaky garşydaş toparyň jerimelik aýlawyndan zyňyp basketbol sebede düşüp bilýärin. Hemme zadyň aňymyza baglydygyna düşünýärin. Ýagny aňymyza bir pikir guýsak – ýetip bolmajak zat ýok. Galybersede, meniň görejim häzir has peseldi. 

Soňky ýyllarda eden iň batyrgaý işiňiz?
Bütin ömrümde ajaýyp bir batyrgaý işi, gahrymançylygy ýerine ýetirmek hakda arzuw etdim. 
Biz Moskwadan Aşgabada otly bilen gelýärdik we Saratowda durup geçdik. Şol wagt otlynyň ýokarsyndan geçýän pyýada geçelgeden bir gyzjagaz ýörap barýarka köwşüni biziň wagonymyzyň üstüne gaçyrdy. Otly ýörap başlady, emma men wagonyň üstüne çykyp, ýaňky köwşi perrona taşlap ýetişdim. 

Siz haçan we haýsy sebäpden özüňizi iň bagtly adam hökmünde duýupdyňyz? Häzir sizi bagtly edýän zat näme?
Öz arzuw eden Bileleşik Döwlet kinematografiýa uniwersitetime okuwa girmegim meniň durmuşymdaky iň bagtly pursat bolupdy. 
We häzirki wagtda – meniň işim we sungat meni bagtly edýär we öňe iterýär. Meniň işim meni üýtgeşik bir hala getirýär, dolylygyna aňymy işletmegime iterýär. Sazda älemgoşaryň 7 reňki ýaly – 7 nota bar, suratkeşlik hem şoňa meňzeş ritmi, dinamikany, ünsi, hereketi we ruhuňy duýup bolýar. Çagalygymdan bir waka ýadyma düşýär, biziň meýdançamyzyň üstünden gara gargalar uçup barýardy, gögümtik reňk öwüsýän ganatly guşlar bolsa garyň üstünde ýormeleýärdiler, şeýle bir haýrana galdyryjy. Gara tozgalary howada gaýýardy. Ruhuma welin poeziýa “ýokuşdy”. Men oba ýerde, tebigata golaý ýerde dünýä inenime men bagtly. 
Bize düşünseler – bagt. Meniň sungatyma düşünmekleri – bagt.
Durmuşyňyzyň häzirki basgançagynyň lezzeti siziň üçin nämede?

Söýgide. Biz söýginiň çagalary. Ol durmuşyň iň uly sowgady. Biz artykmajy bilen söýmeli, ýigrenji saklamaly däl. Men bu barada sagatlap çäksiz gürleşip biljek, ýöne onuň deregine goşgyda beýan edeýin:
Hiç kim baky ýaşamaýar,
Meniň wagtym gelende,
Men ýeke bir zada ökünerin
Ähli söýgümi sarp etmedigime.
(Asyl görnüşi:
Никто же вечно не живет.
Когда настанет мой черед
Лишь об одном жалеть я буду
Что не истратил всю любовь.)

Bu hemme zadyň we durmuşyň özenidir. Gynansakda, adamlar birkemsiz bolmaýar. Ýöne ýigrenç ýa-da düşünişmezlik däl-de, söýgi ýagdaýynda ýaşamak we döretmegi dowam etdirmek has gowudyr.
28
38
nabat_
26.01.2024 12:10
mark>Dünýä ýüzündäki gürleşilýän diller baradaky gyzykly maglumatlar:

Dünýäde takmynan 7 müňden gowrak dilde gürleşilýär. Emma olaryň her 2 hepdeden biri ýitýär.

- Meksikadaky bir dil bar. Bu dilde gürläp bilýän dünýäde diňe iki sany adam bar. Emma gynansak-da bu iki adam birek-birekden öýkeli. Şol sebäpli bu dil, ýok bolmak howpy astynda.

- Ispaniýa bilen Fransiýanyň arasyndaky daglyk sebitlerde gürlenýän «bask» dili, belli bir dil topary bilen baglanyşykly bolmadyk ýeke-täk Ýewropa dilidir.

- Günorta Afrika – 11 sany resmi dili bolan ýeke-täk ýurtdur.

- «Injil» iň köp terjime edilen kitap bolup, ol 2,454 dile terjime edildi.

- Iň köp terjime edilen kitap «Pinokkio» hasaplanylýar.

- Ispaniýanyň kenaryndaky La Gomerra-da gürleşilýän «silbo» dili diňe sykylykdan ybaratdyr.

- Botswana döwletinde diňe 5 bogunly sesden ybarat dil bar.

- Dünýä ýüzündäki dilleriň 2400-si ýok bolmak howpy astyndadyr.

- Papua Täze Gwineýa döwletinde dünýä dilleriniň 840-sy gürleşilýär.

- «O» sesi fransuz dilinde 13 dürli görnüşde ýazylýar.

- Uelsden başga-da, Argentina Uels dilli ýeke-täk ýurtdur.

- Papua Täze Gwineýadaky «Rotokas» diliniň elipbiýinde bary-ýogy 11 harp bar. Bu Ýer ýüzündäki iň az harply elipbiýdir.

- Iň köp harply elipbiý, 74 harpdan ybarat Kambojanyň «Simmer» elipbiýidir. 


Dünýäde 7000-den gowrak dil bar we olaryň köpüsi şiwelerdir.

Iňlis dilindäki “alphabet” sözi Grek elipbiýiniň ilkinji iki harpyndan gelip çykýar – “alpha” we “beta”

Fransuz dili Beýik Britaniýada öwredilýän esasy daşary ýurt dilidir.

Hawaýlylarda “ýagyş” sözi üçin 200-den gowrak dürli söz bar.

Ýaponlar üç dürli ýazuw ulgamyny ulanýarlar: Hiragana, Katakana we Kanji.

Demirgazyk Koreýada we Günorta Koreýada gürleşilýän diller tapawutlydyr. Uzak wagtlap aýrylandygy sebäpli olaryň aýratyn sözlük düzümi we grammatiki düzgünleri bar.

ABŞ-da ispan dilinde gürleýänleriň sany boyunça Meksikadan soň ikinji ýerde durýar.

Fin diliniň iň uzyn sözi epäjärjestelmällistyttämättömyydellär şübheli diýmegi aňladýar.

Hytaý dilinde 50.000-den gowrak iýoroglif bar. Gazet okamak üçin 2.000 sany iýoroglif bilmelisiňiz.

Iňlis diline “queue” sözi soňky dört harpy öçürilen halatynda hem şol bir ses bilen aýdylýan ýeke-täk sözdür.

Hytaý dili dyngy belgilerini ulanmagy talap etmeýär.

Taý dilinde ‘s’ ýazmagyň dört dürli we ‘t’ ýazmagyň alty dürli ýollary bar.

Wenger dili goňşy dilleriniň hiç biri bilen baglanyşykly däldir.

Grek dili miladydan öňki XIV asyrdan bäri bar.

Italýan dili – iňlis, fransuz, ispan we nemes dillerinden soň iň köp okadylýan bäşinji dil.

Arap dili 22 ýurduň resmi dilidir.

Londonda 300-den gowrak dilde gürleşilýär.

Häzirki wagtda dünýäde 6909 sany janly diller bar.


Daşary ýurt dillerini aňsat we gyzykly öwrenmegiň ýollary

Daşary ýurt dillerini öwrenýän mekdep okuwçylary, talyplar we dil öwrenmäge höwesli adamlar yzygiderli dil sapaklaryna gatnaýarlar. Ýöne daşary ýurt dillerini diňe sapakda öwrenmek we özleşdirmek daşary ýurt dillerini oňat bilmek üçin ýeterlikmi?

Dil öwrenilende diňe sapaklary okamak kämil derejede dil bilmek üçin ýeterlik däldir. Sapakdan daşgary hem dil öwrenýän adam öz-özüni kämilleşdirmelidir.Ýöne muny haýsy usullar bilen etmeli?

Geliň onda bu usullar bilen tanyşalyň.

1. Düşünmek. Düşünmek bu dil öwrenenimizde biziň üçin ilkinji gerek zadlaryň biridir. Sebäbi biz her söze düşünenimizde biziň ýadymyzda ol sözler aňsatlyk bilen galýar.

2. Okamak. Okamak bu dil öwrenenimizde ilkinji bilen şol diliň esasy ulanylýan sözleri bilen tanyşdyrýar we ol sözleri çalt ýat tutmagymyza, manysyny öwrenmäge ugrukdyrýar.Daşary ýurt dillerindäki kitaplary,žurnallary, gazetleri, makalalary okanymyzda biziň dilimiz şol dile has ýakynlaşýar.Dili öwrenmäge täze başlan birine hekaýa kitaplaryny okamak maslahat berilýär. Kitap okanymyzda her sahypadaky bilmeýän sözlerimizi kiçijik bölek bir kagyza belläp şol sahypanyň bir ýerine ýelmäp goýup,kitaby okap bolup, ikilenç şol sahypa dolananyňyzda şol sözleri öwreneniňizi görersiňiz.

3. Diňlemek. Diňlemek- daşary ýurt dillerini öwrenenimizde iň zerur zatlaryň biridir. Haçan-da biz diňlänimizde öwrenilýän diliň aýdylyşyny, söz basymlaryny we şiwelerini dogrulyk bilen öwrenýäris. Dil öwrenmäge täze başlanlar üçin kitap satyn alanlarynda kitabyň okalyşynyň mp3 görnüşinde bolmagy hem okyja dil öwrenmäge kömek berýär.

4. Daşary ýurt dilinde kinolary görmek. Daşary ýurt dilinde kinolary görmek hem öwrenijä uly kömek berýär. Haçan-da öwreniji daşary ýurt dilinde kinolary görende, öwrenýän dilini gyzykly ýoldan öwrenýär we wagtyny gowy geçirýär.

5. Ýazmak. Ýazmak- bu daşary ýurt dilinde has-da kämilleşmegimizi artdyrýar. Biz ýazanymyzda şol diliň grammatikasyny we sözleriň dogry ýazylyşyna has-da üns berýäris.

6. Gürlemek. Gürlemek, islendik bir dili öwrenenimizde hem bize şol dili öwrenmäge uly kömek berýär. Sebäbi dil durmuşymyzyň ähli ýerlerinde bar. Biz öz düşünjelerimizi aýtmak üçin dil serişdesini ulanýarys. Biz öwrenýän dilimizdäki sözleýşimizi ösdürmek üçin sapakdan daşgary hem şol dilde gürlemelidiris. Dostlarymyz ýa-da mugallymlarymyz bilen şol dilde gürleşip durmalydyrys. Eger-de mümkin bolsa öwrenýän dilimizde “Sözleýiş klublaryny” gurnamalydyrys. Bu biziň sözleýşimiziň ösmegine uly kömek berer.

7. Testleri işlemek. Öwrenýän dilimizde testleri işlemek bize kömek berer. Ýöne bu bize nähili ýagdaýda kömek berer? Eger-de biz şol dil barada özümizde az maglumatlar bilen hiç zat öwrenmän testleri işlesek, olar bize hiç hili kömek berip bilmez. Öwrenýän dilimiziň grammatikasyny, fonetikasyny,sözlerini öwrenip işlän testlerimiz bize gowy netije berer. Bu näme üçin beýle? Munuň sebäbi biz täze maglumatlar öwrenip şol maglumatlary berkitmek üçin testleri işlänimizde netijeleri has gowy görýäris.

8. Sözlükler. Daşary ýurt dilindäki sözlükleri ulananymyzda hem biz ünsli bolmalydyrys. Sebäbi daşary ýurt dillerinde bir söz birnäçe manyly söz hem bolup bilýär. Bir sözi öwrendim diýmek üçin ilkinji bilen onuň manysyny, synonymini, garşydaş sözüni we nirelerde ulanyp bilýändigimizi bilmeli. Sözlükler dil öwrenenenizde bize iň gowy kömekçidir. Sebäbi sözlüklerde şol sözüň haýsy söz düzümine degişlidigini,manysyny, aýdylyşyny, ýazylyşyny öwrenip bilýäris.



Siz şu usullary dil öwreneniňizde berjaý etseňiz aňsat we gyzykly ýoldan öwrenersiňiz. Dil öwreneniňizde başlangyçda bu size birazajyk kyn görnüp biler. Ýöne hiç-haçan ruhdan düşmäň! Dünýä dillerini öwrenmek size durmuşyňyzda, ylymlar äleminde uly gapylar açýar, köp mümkinçilikleri öňüňize hödürleýär.

34
43