nabat_
26.01.2024 12:10
mark>Dünýä ýüzündäki gürleşilýän diller baradaky gyzykly maglumatlar:

Dünýäde takmynan 7 müňden gowrak dilde gürleşilýär. Emma olaryň her 2 hepdeden biri ýitýär.

- Meksikadaky bir dil bar. Bu dilde gürläp bilýän dünýäde diňe iki sany adam bar. Emma gynansak-da bu iki adam birek-birekden öýkeli. Şol sebäpli bu dil, ýok bolmak howpy astynda.

- Ispaniýa bilen Fransiýanyň arasyndaky daglyk sebitlerde gürlenýän «bask» dili, belli bir dil topary bilen baglanyşykly bolmadyk ýeke-täk Ýewropa dilidir.

- Günorta Afrika – 11 sany resmi dili bolan ýeke-täk ýurtdur.

- «Injil» iň köp terjime edilen kitap bolup, ol 2,454 dile terjime edildi.

- Iň köp terjime edilen kitap «Pinokkio» hasaplanylýar.

- Ispaniýanyň kenaryndaky La Gomerra-da gürleşilýän «silbo» dili diňe sykylykdan ybaratdyr.

- Botswana döwletinde diňe 5 bogunly sesden ybarat dil bar.

- Dünýä ýüzündäki dilleriň 2400-si ýok bolmak howpy astyndadyr.

- Papua Täze Gwineýa döwletinde dünýä dilleriniň 840-sy gürleşilýär.

- «O» sesi fransuz dilinde 13 dürli görnüşde ýazylýar.

- Uelsden başga-da, Argentina Uels dilli ýeke-täk ýurtdur.

- Papua Täze Gwineýadaky «Rotokas» diliniň elipbiýinde bary-ýogy 11 harp bar. Bu Ýer ýüzündäki iň az harply elipbiýdir.

- Iň köp harply elipbiý, 74 harpdan ybarat Kambojanyň «Simmer» elipbiýidir. 


Dünýäde 7000-den gowrak dil bar we olaryň köpüsi şiwelerdir.

Iňlis dilindäki “alphabet” sözi Grek elipbiýiniň ilkinji iki harpyndan gelip çykýar – “alpha” we “beta”

Fransuz dili Beýik Britaniýada öwredilýän esasy daşary ýurt dilidir.

Hawaýlylarda “ýagyş” sözi üçin 200-den gowrak dürli söz bar.

Ýaponlar üç dürli ýazuw ulgamyny ulanýarlar: Hiragana, Katakana we Kanji.

Demirgazyk Koreýada we Günorta Koreýada gürleşilýän diller tapawutlydyr. Uzak wagtlap aýrylandygy sebäpli olaryň aýratyn sözlük düzümi we grammatiki düzgünleri bar.

ABŞ-da ispan dilinde gürleýänleriň sany boyunça Meksikadan soň ikinji ýerde durýar.

Fin diliniň iň uzyn sözi epäjärjestelmällistyttämättömyydellär şübheli diýmegi aňladýar.

Hytaý dilinde 50.000-den gowrak iýoroglif bar. Gazet okamak üçin 2.000 sany iýoroglif bilmelisiňiz.

Iňlis diline “queue” sözi soňky dört harpy öçürilen halatynda hem şol bir ses bilen aýdylýan ýeke-täk sözdür.

Hytaý dili dyngy belgilerini ulanmagy talap etmeýär.

Taý dilinde ‘s’ ýazmagyň dört dürli we ‘t’ ýazmagyň alty dürli ýollary bar.

Wenger dili goňşy dilleriniň hiç biri bilen baglanyşykly däldir.

Grek dili miladydan öňki XIV asyrdan bäri bar.

Italýan dili – iňlis, fransuz, ispan we nemes dillerinden soň iň köp okadylýan bäşinji dil.

Arap dili 22 ýurduň resmi dilidir.

Londonda 300-den gowrak dilde gürleşilýär.

Häzirki wagtda dünýäde 6909 sany janly diller bar.


Daşary ýurt dillerini aňsat we gyzykly öwrenmegiň ýollary

Daşary ýurt dillerini öwrenýän mekdep okuwçylary, talyplar we dil öwrenmäge höwesli adamlar yzygiderli dil sapaklaryna gatnaýarlar. Ýöne daşary ýurt dillerini diňe sapakda öwrenmek we özleşdirmek daşary ýurt dillerini oňat bilmek üçin ýeterlikmi?

Dil öwrenilende diňe sapaklary okamak kämil derejede dil bilmek üçin ýeterlik däldir. Sapakdan daşgary hem dil öwrenýän adam öz-özüni kämilleşdirmelidir.Ýöne muny haýsy usullar bilen etmeli?

Geliň onda bu usullar bilen tanyşalyň.

1. Düşünmek. Düşünmek bu dil öwrenenimizde biziň üçin ilkinji gerek zadlaryň biridir. Sebäbi biz her söze düşünenimizde biziň ýadymyzda ol sözler aňsatlyk bilen galýar.

2. Okamak. Okamak bu dil öwrenenimizde ilkinji bilen şol diliň esasy ulanylýan sözleri bilen tanyşdyrýar we ol sözleri çalt ýat tutmagymyza, manysyny öwrenmäge ugrukdyrýar.Daşary ýurt dillerindäki kitaplary,žurnallary, gazetleri, makalalary okanymyzda biziň dilimiz şol dile has ýakynlaşýar.Dili öwrenmäge täze başlan birine hekaýa kitaplaryny okamak maslahat berilýär. Kitap okanymyzda her sahypadaky bilmeýän sözlerimizi kiçijik bölek bir kagyza belläp şol sahypanyň bir ýerine ýelmäp goýup,kitaby okap bolup, ikilenç şol sahypa dolananyňyzda şol sözleri öwreneniňizi görersiňiz.

3. Diňlemek. Diňlemek- daşary ýurt dillerini öwrenenimizde iň zerur zatlaryň biridir. Haçan-da biz diňlänimizde öwrenilýän diliň aýdylyşyny, söz basymlaryny we şiwelerini dogrulyk bilen öwrenýäris. Dil öwrenmäge täze başlanlar üçin kitap satyn alanlarynda kitabyň okalyşynyň mp3 görnüşinde bolmagy hem okyja dil öwrenmäge kömek berýär.

4. Daşary ýurt dilinde kinolary görmek. Daşary ýurt dilinde kinolary görmek hem öwrenijä uly kömek berýär. Haçan-da öwreniji daşary ýurt dilinde kinolary görende, öwrenýän dilini gyzykly ýoldan öwrenýär we wagtyny gowy geçirýär.

5. Ýazmak. Ýazmak- bu daşary ýurt dilinde has-da kämilleşmegimizi artdyrýar. Biz ýazanymyzda şol diliň grammatikasyny we sözleriň dogry ýazylyşyna has-da üns berýäris.

6. Gürlemek. Gürlemek, islendik bir dili öwrenenimizde hem bize şol dili öwrenmäge uly kömek berýär. Sebäbi dil durmuşymyzyň ähli ýerlerinde bar. Biz öz düşünjelerimizi aýtmak üçin dil serişdesini ulanýarys. Biz öwrenýän dilimizdäki sözleýşimizi ösdürmek üçin sapakdan daşgary hem şol dilde gürlemelidiris. Dostlarymyz ýa-da mugallymlarymyz bilen şol dilde gürleşip durmalydyrys. Eger-de mümkin bolsa öwrenýän dilimizde “Sözleýiş klublaryny” gurnamalydyrys. Bu biziň sözleýşimiziň ösmegine uly kömek berer.

7. Testleri işlemek. Öwrenýän dilimizde testleri işlemek bize kömek berer. Ýöne bu bize nähili ýagdaýda kömek berer? Eger-de biz şol dil barada özümizde az maglumatlar bilen hiç zat öwrenmän testleri işlesek, olar bize hiç hili kömek berip bilmez. Öwrenýän dilimiziň grammatikasyny, fonetikasyny,sözlerini öwrenip işlän testlerimiz bize gowy netije berer. Bu näme üçin beýle? Munuň sebäbi biz täze maglumatlar öwrenip şol maglumatlary berkitmek üçin testleri işlänimizde netijeleri has gowy görýäris.

8. Sözlükler. Daşary ýurt dilindäki sözlükleri ulananymyzda hem biz ünsli bolmalydyrys. Sebäbi daşary ýurt dillerinde bir söz birnäçe manyly söz hem bolup bilýär. Bir sözi öwrendim diýmek üçin ilkinji bilen onuň manysyny, synonymini, garşydaş sözüni we nirelerde ulanyp bilýändigimizi bilmeli. Sözlükler dil öwrenenenizde bize iň gowy kömekçidir. Sebäbi sözlüklerde şol sözüň haýsy söz düzümine degişlidigini,manysyny, aýdylyşyny, ýazylyşyny öwrenip bilýäris.



Siz şu usullary dil öwreneniňizde berjaý etseňiz aňsat we gyzykly ýoldan öwrenersiňiz. Dil öwreneniňizde başlangyçda bu size birazajyk kyn görnüp biler. Ýöne hiç-haçan ruhdan düşmäň! Dünýä dillerini öwrenmek size durmuşyňyzda, ylymlar äleminde uly gapylar açýar, köp mümkinçilikleri öňüňize hödürleýär.

34
43
tmyigit76
26 Yanwar 2024
Gowy maglumatlar 👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.