näzlii
20.05.2023 09:59
Bagt nesipdir, aý ýyl däldir,
Her kim saňa maýyl däldir,
Durmuş kyndyr, taýyn däldir,
Ýöremäge ýol gerek bor,
Şonda kakaň ýolbelet bor.🤗

Şoň bilen tanalar adyň,
Ynamly basarsyň ädim,
Ýaşaýyşda ýeke zadyň,
Umyt baglaýan gerek bor,
Şonda kakaň ýolbelet bor.😊

Saýlanaňda açyp gülleň,
Duşmany borsuň gör, kimleň,
Jöwzasynda yssy günleň,
Saňa giň saýa gerek bor,
Şonda kakaň ýolbelet bor.🥰

Ömür gysga, ýollaram daş,
Köp zat görmelidir bu baş,
Tapmarsyň ser goýjak ýoldaş,
Saňa hak dost-ýar gerek bor,
Şonda kakaň ýolbelet bor.🥲

Degjegin bilse bir közüň,
Ilki oda atar özün,
Her haçan tapmasaň yzyň,
Şonda kakaň ýolbelet bor,
Olar şoň üçin belent bor.😇

Awtory: Şanazar Hydyrow




12
78
näzlii
19.05.2023 00:46
Bir süre sonra insanlar pek umurunda olmuyor. Kimseyi değiştirmeye çalışmıyorsun. Kimin ne düşündüğünü, kimin ne yaptığını umursamıyorsun. Yorulunca kendi kabuğuna çekilip o küçücük dünyanda yalniz ve mutlu yaşamayi öğreniyorsun)🤍🦋
12
147
näzlii
30.04.2023 18:11

Hany, kim güýçli göreliň! 🙂


4,2=36

3,7=100

5,4=81

1,6=❓️



13
153
näzlii
25.04.2023 23:20
Beýik şahyryň käbir ylmy-mistiki garaýyşlary dogrusynda:
Magtymguly, syrym çohdur,
Men neýläýin açan ýokdur,
Ölmek-hak, dirilmek hakdyr,
Okadym Gurhan içinde.
Öňräkki döwürlerde, has takygy, 1992-nji ýylda Özbegistan Ylymlar akademiýasy tarapyndan neşir edilýän "Fan we turmuş"("Ylym we durmuş") žurnalynyň 1-2-nji sanlarynda alym, publisist Rüstem Abydyň taýýarlan "Merhumlar näme üçin gaýdyp gelýärler?" diýen sözbaşyly örän täsir bir ylmy makalasyny okapdym. Onda parapsihologiýa, ýanaşyk dünýäler baradaky gyzykly çaklamalar, bakyýetden dolanyp gelýän merhum ruhlary hakyndaky çaklamalar dogrusynda söhbet edilýärdi. Hindi ýoglarynyň, tibet lamalarynyň kän bir akyla sygyp barmaýan ukyplary hakynda gürrüň gozgalýardy. Dogrudan hem, ylmy logika esaslansak we ondan netije çykarsak, aslynda, durmuşda ýok zat barada hiç hili gep-gürrüňiň bolmagy mümkin däl. Diýmek, gürrüň edilýärmi, onda onuň aňyrsynda hökman bir ýaşyryn hakykat ýatandyr. Bu häzirki ösen ylmyň gelýän netijesi. Eger-de, Magtymguly atamyz muňa ynanmadyk bolsady, onda akyldarymyz gaýta-gaýta bu syrly ahwalata ýüzlenip-de durmazdy.
Kelamda bar iş beýandyr,
Barça iş Haka aýandyr,
Ynansaň saňa imandyr,
Ölmek-hak, dirilmek hakdyr.
Ylym bize ýaşaýşyň bakydygyny, onuň diňe görnüşiniň üýtgeýändigini öwredip gelýär. Ynsan pany bilen hoşlaşandan soň, ýaşaýşy dowam etdirýär. Ýöne şol ýaşaýşyň görnüşi üýtgeýär. Ynsanyň ruhy tebigatyň beýleki bir janly närseleri şekilinde biziň dünýämize dolanyp gelýär. Bu pikir düýn-öňňin döreýän zat däl. Ynha, ony Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzy Jelaleddin Rumynyň döredijiliginde-de görmek bolýar. Sözme-söz terjime:
"Ynsan, ilki palçyk bolduň, dörediň
Soň geçip minerallyk basgançagyny,
ösümlik bolup ýaradyň.
Soň ýene-de adamzada geçdiň!"
Her niçigem bolsa, biziň şu ýazgymyzda gozgalan maglumatlar, pikirler şu günüň ylmyna esaslanýan bolsa-da, onuň hemmeleri deň derejede gyzyklandyrmazlygy, böwrüňi diňletmegi, şübhe döretmegi hem mümkin. Ýöne ylym üç ölçegli, bekli-de, dört we bäş ölçegli Älemiň bardygyny, Ýerdäki ýaşaýşyň şonuň biri hasaplanýandygyny eýýäm ýarym asyr bäri dynuwsyz tekrarlap gelýär. Biz ýazgymyzy beýik Ibn Sinanyň: "Geň bir zada gabat geleniňde, ony inkär etmäge howlukma, belki, tebigatyň ony düşündirip berýän öz kanunlarynyň bolmagy gaty ähtimaldyr." diýen paýhasly jümlesi bilen jemleýäris. Beýik Magtymguly hem hut şeýle garaýyşlardan gyrada galan däldir, elbetde.

Ýazan: Abraýguly Möwlamow
Taýýarlan: Näzli
21
443
näzlii
24.04.2023 22:16

1. Durmuşda iň gowy görýän zadym "1:0" edip goýmak.

2. "Edýän zatlarymyz" bilen "edip biljek" zatlarymyzyň arasyndaky tapawut, dünýädäki meseleleriň köpüsini çözmek üçin ýeterlikdir.

3. Akylyny ulanmaýan bilen jedel etmek, jesede derman bermek ýalydyr.

4. Durmuş örän gysga, çäklije ömrüňizi hem başga biriniň durmuşy üçin sarp etmäň!

5. Diňeje medeniýetli adamlar öwrenmegi halaýar, samsyklar bolsa ders bermegi halaýar.

6. Bir zady edip bolmaz pikiri bilen ýatsaňyz, başga biriniň ony edip otyrka çykaran sesine oýanarsyňyz.

7. Baý bolmak bilen pully bolmak - ikisi bir zat däl. Hakyky baýlyk, durmuşyňdan razy bolmakdyr!

8. Käte durmuş, iki adamyň biri-birine näderejede zerurlygyny olaryň ikisine-de görkezmek üçin aýrylyşdyrýar

9. Pul bilen bagty satyn alyp bolmaz, emma awtobusyň içinde aglanymdan, Ferrariň içinde aglanymy gowy görýärin.

10. Siziň kelläňizdäki kyrk sany tilki, meň kellämdäki 1 agsak towşany tutup bilmez. Ýagny ýamanlyk edemizok diýip samsykdyr öýtmäň!

Taýýarlan : Näzli


18
170
näzlii
23.04.2023 23:25

Aldaýar


Bu durmuş ýalançy, a men ynanjaň,

Ýaş berip, ýaş alan ýyllar aldaýar.

Nepiň degse köp ekeni ýaranjaň,

Süýji-süýji sözlän diller aldaýar.


Bagtsyzdan ýüzüni hemmeler sowýar,

Bagtlykaň söýdürip pullar aldaýar.

Arkaňdan sögünip, ýüzüňe öwýän,

Dostsyrap uzanan eller aldaýar.


Ga:lmadymy dünýä hiç kime ynam?!

Hat-da ant içilen çynlar aldaýar.

Her aňa gelmezmiş güýçliräk ýalan,

Akmak däl, akyly çuňlar aldaýar.


Awtor: Şanazar Hydyrow

13
64
näzlii
22.04.2023 11:01

Ähli zat gözüňden geçýär şeýle tiz,

Durmuş öňe öz atyny gamçyla:r.

Ýöne welin, ýüregiňde goýup yz,

Geçmişden geljegňe ýörän sanjy bar.

Şanazar Hydyrow

15
186