moonlight
28.09.2023 13:55

Säher dogan täze aýy penalan,

Men mele gözleriñ manysyn söýdüm.

Eda bilen tebigatdan heñ alan,

Owazly sözleriñ maýasyn söýdüm.


Iliñ derdi geçmek adatylykdan,

Sen adaty ýola gadamyñ goýduñ.

Sada barlygyñdan, sada gylykdan

Ylham alan näziñ haýasyn söýdüm.


Seni gije ýagyş ýagan mahaly

Damjalañ tansyny geñlämde söýdüm.

Her bir bogunynda yşkyñ bar ýaly,

Iñ ajap mukamy diñlämde söýdüm.


Agras ädim bilen syr berip ýere,

Bagta sary barýan yaly tolgunyp.

Müñ arzuwy peşgeş goýup bu sere,

Geçişiñi söýdüm mähriñden ganyp.


Garaýşyñy, maña ýaraýşyñy, ýar,

Saba ýelleñ saçyñ daraýşyny, ýar,


Meni her pursatda goraýşyñy, ýar,

Söýdüm yşkyñ bilen döreýşiñi, ýar!


Bagtym saýdym, ömrüm saýdym seni men,

Çünki söýdüm, seni söýdüm, seni men…

27
49
moonlight
27.09.2023 23:52

Biraz gülüşeliñ))

28
236
moonlight
27.09.2023 10:15

Ýeke özüň öýüňde,

Telefon dymyp otyr.

Nämeler bar küýüňde?

Öňüňde galam ýatyr.


Köne žurnal okýarsyň,

Köne endigňe görä.

Telefona bakýarsyň,

Soň bakýarsyň penjirä.


Garaşmakdan döreýän

Iňňän ruhy boşlukdan

Sypmak üçin gözleýäň

Bir jadyly hoş lukman.


Ne jady bar, ne lukman,

Ne kakylýar penjire…

Gül suwarýaň howlukman,

Bägülleň penje-penje.


Ýürek gysyp, darygýaň,

Bogýar boşlugyň sesi.

“Iň bolmanda — Gygyrýaň —

Duşmanym bir gelsedi!”


Duşmanyňam gelmeýär,

Garaşýarsyň birentek.

…Birden göwnüň giňeýär,

Güýzüň ýalňyzlygy dek.


Şonda has çuň düşünýäň,

Öz-özüňe, baglara,

Gaty akar bu dünýä,

Geçen, geljek çaglara.


Dymsa dymsyn telefon,

Kakylmasyn penjire.

Ýöne güýzi keýpihon

Edersiň sen terjime.


Ýürek barha joş alýar

Galam batly ýöreýär.

Bizde käte goşgular

Ýalňyzlykdan döreýär.



G.Ezizow

11
18
moonlight
26.09.2023 15:19

Gurbannazar Ezizow

31
35
moonlight
26.09.2023 09:32

Men: 15:00-da işläp başlarn.

Wagt: 15:03

Men: 16:00-a çenli garaşmaly boljak)



Ejemiñ göýbermek islemeýän ýerine gitjek bolýan.

Ejem: Kakañ rugsat berenok

Kakam: Nämä rugsat beremok?



Näçe gyssagly bir ýere gitmeli bolsañ, telefondaky zarýadyñ şonça az bolýar.



Gyz yrmak bilim bolsa şu oglan Enşteýn bolardy

- Seniñ doglan roddomyñy gurmak üçin gije gündiz kerpiç daşan gruzawik sürýän ýaşulyñ tutany altyn bolsun, Allajan.

38
268
moonlight
25.09.2023 16:34

Meni söýýäniñe ynanýan kemsiz

Ýöne munuñ üçin söýemok seni.

Söýülýänim üçin söýmeli bolsam,

Öñem az bolmady söýýänler meni.

Men seni söýemok söýýäniñ üçin,

Men seni söýýärin söýýänim üçin..

21
50
moonlight
25.09.2023 09:53

Ýyly eşikleriňiziñ jübisinden 50-lik, 100-lik tapmagyñyzy arzuw etýän)


Oglan: 2 sekunt giç jogap berýär.

Söýgülisi: Meýit meni aldaýar öýtýän.


Hemme telefony ulanyp iñ soñunda prastoýa geçen tanşyñ:

-İñ gowusy şu, jañ gelýä jañ gitýä. Boldy. İmo simo ýok.


"Degme muny täze ýylda iýýäs" sezonama ýetip gelýä))

39
294
moonlight
24.09.2023 16:58

Dünýädäki iň äpet kitap “Çagajyklaryň dünýädäki iň uly kitaby” diýlip atlandyrylýar. Kitabyň uzynlygy 6 metr, ini 3 metr. 492 kilograma deň bolan bu kitap 4 sahypdan ybaratdyr.


*****


Anton Pawlowiç Çehowyň “Hameleon” kitaby dünýädäki iň kiçi kitap hasaplanýar. Bu kitap 2002-nji ýylda dünýäniň iň kiçi kitaby hökmünde rekordlar kitabyna girdi.


*****


Angliýanyň Uestberi-sab-Mendibi şäherçesinde ýerleşýän gyzyl telefon “öýjagazynyň” içinde ýerleşýän kitaphana dünýäniň iň kiçi kitaphanasy hasaplanýar. Geň ýeri, bu kiçi kitaphanadan 100-e golaý kitap neşirlerini tapmak bolýar.


*****


Basma harplar bilen ýazylan iň galyň kitap “WIKIPEDIAL” diýlip atlandyrylyp, onuň 5000 sahypasy bar. Bu kitap Rob Metýusa degişlidir.


*****


Dünýädäki iň gymmat satylan kitap “Lesteriň kodeksi” diýlip atlandyrylýar. Italýan hudožnigi Leonardo da Winçiniň sungat eserleri hem-de olaryň syrlary hakynda ýazylan bu kitaby Bill Geýts 30,8 million dollara satyn alypdyr.


*****


“Britaniýanyň parlament dokumenti” diýlip atlandyrylýan kitap dünýäniň iň köp dilde çap edilen kitaby hasaplanýar. 6 ýyllap gije-gündiz neşir edilen resminama hasaplanýan kitap 1112 tomdan ybarat we onuň agramy 3300 kilograma deňdir.

37
132
moonlight
24.09.2023 09:29

*Dűnyädäki iñ uly merjeniñ agramy 6 kg deñdir.



*Meduzalaryň beýnisi we gan damarlary bolmaýar.



*Ỳertudana garanda, limonda şekeri kӧp bolýar.



*Ỳewropadaky iñ uly bina Moskwada ýerleşýär.



*Adam bilen Žirafanyň boýun oñurgalygynyñ sany deñdir.



*Hytaý dili dűnýӓde iñ bir tanymal dilleriñ biri bolup durýar.



*Pişikler ӧmrüniñ kӧp bӧlegini ýatyp geçirýӓrler.



*Adamyñ çep tarapdaky ӧýkenine garanda, sag tarap ӧykenine howa kӧp düşýӓr.



*Ỳupiterde yzygiderli gӧwherli ýagyşlar ýagýar.



*Gӧwher gaşlar ýanyp bilýӓr.



*Ỳewropada iñ uly kӧl Ladojskiy kӧlüdir.



*Dünýӓde iñ kӧp gürlenýӓn dil, hytaý dili hasaplanýar. Ikinji

ýerde ispan dili. Ǘçünji ýerde iñlis dilidir.




*Ak läheňiň yüreginiñ ӧlçegi bir maşynyñ ӧlçegine deñdir.

24
87
moonlight
23.09.2023 16:36

İndi gaýdyp ýollar bizi duşurmaz

Delalat däl gözleriñ ýaş dökeni.

Owal başda nesibäñde bolmasa,

Sähel zadam aýra saljak ekeni..

27
47