Ýeke özüň öýüňde,
Telefon dymyp otyr.
Nämeler bar küýüňde?
Öňüňde galam ýatyr.
Köne žurnal okýarsyň,
Köne endigňe görä.
Telefona bakýarsyň,
Soň bakýarsyň penjirä.
Garaşmakdan döreýän
Iňňän ruhy boşlukdan
Sypmak üçin gözleýäň
Bir jadyly hoş lukman.
Ne jady bar, ne lukman,
Ne kakylýar penjire…
Gül suwarýaň howlukman,
Bägülleň penje-penje.
Ýürek gysyp, darygýaň,
Bogýar boşlugyň sesi.
“Iň bolmanda — Gygyrýaň —
Duşmanym bir gelsedi!”
Duşmanyňam gelmeýär,
Garaşýarsyň birentek.
…Birden göwnüň giňeýär,
Güýzüň ýalňyzlygy dek.
Şonda has çuň düşünýäň,
Öz-özüňe, baglara,
Gaty akar bu dünýä,
Geçen, geljek çaglara.
Dymsa dymsyn telefon,
Kakylmasyn penjire.
Ýöne güýzi keýpihon
Edersiň sen terjime.
Ýürek barha joş alýar
Galam batly ýöreýär.
Bizde käte goşgular
Ýalňyzlykdan döreýär.
G.Ezizow