moonlight
03.10.2023 20:38

Charlie Chaplin tomaşaçylara bir degişme aýdýar. Hemme kişi gülýär. Charlie şol degişmäni täzeden aýdýar welin bu gezek az adam gülýär. Şol degişmäni 3-nji gezek aýdýar, bu gezek hiç kim gülmeýär. Soñra şu ajaýyp sözleri aýdýar: " Şol bir degişmä dowamly gülüp bileñzok, ýöne näme üçin şol bir zat üçin dowamly aglaýañyz?"

Dünýäde hiç zat ömürlik galmaýar, hiç geçmez diýen dertleriñem..

28
53
moonlight
03.10.2023 11:13

Hemme kişi bagtly güni aglanok,

Adam diýeniñ gülenogam hesretden..


G.Ezizow



Aglama, gyz! Uýajygym, gam çekme,

Bilip bolmaz ykbalyñy öñünden

Bu howlukmaç ýigitlere a:t dakma.

Kim geçenok öz bagtynyñ deñinden..


G.Ezizow



Kämil bolup, aklym ýetdi bir zada:

Mydam köňül arzuwyna ýetme ýok.

Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde,

Ýaşamagam iki gezek berlenok..


G.Ezizow

27
43
moonlight
02.10.2023 19:21

Dyrnak ýaly umyt berseň, ýeterlik,

Onsoň dünýäň bar bagtyna şärik men

Şaýat boldum, hol ullakan bagyňam,

Gögerenne bir kiçijik şänikden.


Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok,

Yhlasyña deň bolýandyr miwesem

Ynamsyzy yrandyrýa bu ýollar,

Yok, ýok "birden aýrylaýsak" diýme sen.


Gülüp ýören kän-ä ýogsam ozalda,

Hemmämizem aglap doglan bäbejik.

Tiz gutarar gaýgy-gama sowursak,

Bize berlen ömür özi nämejik?!


Meni ýatla, gam basanda göwnüňi,

Uran paltaň degeninde da:şa ýa.

Unutmagyn bu dünýäde seň üçin,

Senden başga ýene biri ýaşaýa..


Mätgurban Mätgurbanow

25
54
moonlight
02.10.2023 10:27

Aslynda garaşmak hem gowy, emma dogry duralgada garaşmak..

21
28
moonlight
01.10.2023 19:13

Men seni näme üçin söýýän bilýäñmi?

Özümem tapamok soraga jogap,

Ýöne arzuwlarmyñ barynda sen bar.

Olar şeýle bir köp, sanasañ sogap..

18
42
moonlight
30.09.2023 20:15

Söz bilen adamy agladyp bolýar.

Söz bilen adamy güldürip bolýar.

Söz bilen dikeldip, söz bilen ýykyp,

Söz bilen sagaldyp, öldürip bolýar..



B.Hudaýnazarow

21
43
moonlight
30.09.2023 19:24

Gel ikimiz garşylykly kofe içeli senä kofýañy döken bol, menem içimi..

25
79
moonlight
29.09.2023 18:35

Men seni bireýýäm ýatdan çykardym.


Ýatlap ýörmek peýdasyz-a söýmeseň.


Unutdym, her säher suratyň ogşap,


Her agşamam düýşe girýäň diýmeseň.



Men seni bütinleý ýatdan çykardym,


Söndi çep gursakda lowlan ataşam.


Ýöne senden habar beräýjek ýaly,


Her bir gabatlaşan, her bir sataşan.



Seni mydamalyk ýatdan çykardym,


Seni ýatlamagyň hajaty hem ýok.


Ýöne, bilýärmiň sen, şo-ol otly gözleň


Bu gyzlaryň birindenem tapamok.



Seni hyýalymdan çykardym weli,


Ynanaý, şeýle bir giňedi dünýäm.


... Dünýäm giňese-de giňändir welin,


Men bir hakykata indi düşünýän.



Seni hyýallamdan soguryp zyňyp,


Ganaty gyrylan garlawaç kimin,


Sensiz galanymda düşündim, dünýäm:


ASYL ZYŇAN ZADYM ÖZÜM EKENIM.




Agageldi Italmazow



(halaýan goşgularymdan biri, şu ýerjikde duraýsyn bulam)

29
98
moonlight
29.09.2023 14:56

Durmuş edil welosiped süren ýaly, eger saña agyr düşýän bolsa, onda sen belende çykyp barýansyñ..

24
76
moonlight
28.09.2023 16:54

Bir gezek Geçmiş,Geljek we Häzir bir ýere ýygnanyp adam üçin olaryň haýsysynyň has möhümdigi barada jedel-çekişmä başlapdyrlar. Geçmiş olara garap:

—Men adam üçin iň esasy zat bolýan ! Adamyny şu wagtky,häzirki durkuna getiren men. Adam diňe mende öwrenen zatlaryny edip bilýär. Adam geçmişde özüne ýakyn bolan adamlary söýýär. Adam geçmişini ýatlanda özüni oňat duýýar. Geçmişde bolan zatlar şol durşuna durar,olardan binjalyk bolar ýaly zat ýok, ýöne ine adam Geljekden mydam binjalyk bolýar,alada edýär.

—Ýoklaý,ýalan sözlemesene—diýip Geljek oňa garşy çykypdyr:— Eger adamyň durmuşy geçmişi ýaly bolsa onda onuň durmuşy gyzyksyz bolardy. Adam üçin esasy Geljek möhüm ! Adamyň geçmişde nähili bolany möhüm däl,adam geljekde özüne gerek zatlary öwrenýär. Adamyň bar pikiri geljekde nähili bolmak,oňa onuň geçmişi şeýlebir binjalyk edip duranok. Adama geçmişdäkiden üýtgeşik adamlar bilen gatnaşyk etmek gyzykly. Adamyň esasy pikiri geljekde kim bolmak, geçmişde kim bolanlygy däl.

Ol ikisi köp wagt dawalaşypdyrlar,olar gyzyp tas urşan ekenler ,emma Häzir olaryň aralaryna düşüpdir:

—Siz bir zada üns bermediňiz öýdýän ýoldaşlar. Adamda Geçmişem,Geljegem diňe onuň pikirlerinde ýaşaýar. Geçmiş—sen indi ýok,Geljek—sen bolsa indi bolmaly. Diňe men bar—Häzirki wagt,adam diňe häzirki wagt bilen ýaşaýar.

25
29