Dyrnak ýaly umyt berseň, ýeterlik,
Onsoň dünýäň bar bagtyna şärik men
Şaýat boldum, hol ullakan bagyňam,
Gögerenne bir kiçijik şänikden.
Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok,
Yhlasyña deň bolýandyr miwesem
Ynamsyzy yrandyrýa bu ýollar,
Yok, ýok "birden aýrylaýsak" diýme sen.
Gülüp ýören kän-ä ýogsam ozalda,
Hemmämizem aglap doglan bäbejik.
Tiz gutarar gaýgy-gama sowursak,
Bize berlen ömür özi nämejik?!
Meni ýatla, gam basanda göwnüňi,
Uran paltaň degeninde da:şa ýa.
Unutmagyn bu dünýäde seň üçin,
Senden başga ýene biri ýaşaýa..
Mätgurban Mätgurbanow