moonlight
14.11.2023 15:53

Seretsem-de görüp bilern däldirn

Meger, şol günleriñ owadanlygyn.

Hut şonuñ üçindir, eşidilse-de,

Diñlenmän galmagy oñat oglunyñ.


...Düşdüm düşünmesiz zatlara çenli

Saplanyp kalpdaky bulagaýlykdan.

Nädip aradaşlyk ýasap bildik biz,

Bu golaýlykdan?!


Unutsam-da köp zat, unutsa köp zat

Men seni.. barybir unutmaýaryn.

Çünki saña aýtmaly bir zadym bar,

İsle unut, isle unutma, ýarym.


Düşünmän utulyş, utuşlygyna,

Men söýgä öwruldim tutuşlugyma..


Süleýman Haýdar

19
40
moonlight
13.11.2023 16:45
Men senden aýrylyp gideýin nirä
Sensiz miwesiz bor söýgümiñ bagy
Gussa aladalam dursa-da diräp
Ynan,
meñ şatlygym bir saña bagly.

Seniñ bilen bagtly duýýan özümi
Ornaşypsyñ jigerime, janyma
Belki şonuñ üçin, azaşyp däl-de
Ýörüteläp barandyryn ýanyña...

Sende görýän manysyny ömrümiñ
Bagty başga zatdan gözleýär il-ä....
Eýesikäñ nerme näzik göwnümiñ
Men senden aýrylyp gideýin nirä?!

Biz şahyryñ jemlenmedik şygrynyñ
Bogunlary deñ getirlen sözleri.
Tazygyp surnugan hyýallarymyñ
Sende tamam boldy ähli gözlegi!

Süýjäp barýar senli geçýän günlerim
Meñzäp giç ýetişen tagamly miwä
Özüñ gidäýmeseñ alyp gülberiñ
Men senden aýrylyp gideýin nirä?

Awtor:Nurekowa Gülnäz
21
71
moonlight
11.11.2023 19:53
Söýgi bu-giden bir dünýädir. Onda paýhaslylyk, ynam, ynanç, bir-birege düşünmeklik, bagt, owadanlyk ýaşaýar..
16
49
moonlight
10.11.2023 15:17
Satmañ arzuwñyzy, geçmäñ siz ondan,
Siz olary umyt bilen suwaryñ,
Her pursatda sabryñyza ýapyşyp,
Şükürñize guwanyñ!.

Ömür geçmez kynçylyksyz, ajysyz,
Süýji günler az bolýar-a bolmanam,
Bu durmuşda gyt zatlaryñ gadry kän,
Bolýa-la...

Düşünýärmiñ?,
Düşünje kän pikir köp,
Han-ha seret ýyldyzlardan mysal al,
Içiñden geçse-de gussañ peýkamy,
Bildirmesin mysalañ.

Ýüregiñi aýa, hassalanmasyn,
Garalyk ýokmasyn, güman sygmasyn,
Boljak zatlar bolup dur-a şonsuzam,
Öñden syzmasyn.

Bir maksada dañyl, ýaşaber gülde,
Daşyñdan geleni içiñe atma,
Söwdasyn ediber söwdaly zatlañ,
Arzuwñy satma!...

Baýram BEJIDOW
22
32
moonlight
08.11.2023 20:37
Pyşyrdanyñ şygyr, sözläniñ aýdym
Zemin heýjan tapar tutulsa adyñ.
Dünýämde şemim sen, köñülde şadym,
Ömrüm bir sen bagtly edäýjek ýaly..
24
78
moonlight
05.11.2023 20:56
Iňrik gözýetimi gizländir bu çak,
Wadaly ýerlere bagryn berip Aý.
Aýralygy bulut deýin parçalap,
Indi bize sataşma ýok, ynanaý!

Azaşyldy dünýäň gündizliginde,
Degme, syrlam şemim bilen tütesin.
Gözläp senli günlem sensizligimden,
Gidenleň yzyndan gelýär gidesim.

Ýyllar kem-kem unutdyrýar keşbiňi,
Neçün göge ýetişmedi dilegim?!
Dyzyn sypjyrdanda büdrän yşkymyz,
Nirede döküldi erän ýüregim?!

Ynanmaz ynamym, menem seňki däl,
Gelmek hakda arzuw etdiň, gelmediň.
Nirde galdy sygyndygmyz ýagşy päl,
Çat açan menzili sepläp bilmedim.

Indem arzuwlaryn çar ýan dagadyp,
Bu oturan men däl, boşan ýalňyzlyk.
Söýmänmidik?!
Onda neçün agladyk?!
Sebäp, bizden rüstem geldi aýralyk.


Aknur ROZYÝEWA
22
71
moonlight
03.11.2023 13:56
Güýzän ýüregime bolup teselli,
Tüýs wagtynda geldiň — gijem däl, irem.
Göwnümi uçuryp goýberdiň arşa,
Iglän arzuwlarna bolduň-da direg.

Ýok, uzaklyk ürküzmedi söýgini,
Ýollar ak geljegiň buşlugy ýaly.
Geçip barýan günler garrylyga däl,
Äkidip barýan deý ýaşlyga sary.

Gözleň göl döredip göwün öýümde,
Kalbyma keşde deý çekildi adyň.
Ýürege yp-yssy rahatlyk berýär
Tanşym, tanyş dälim, ýakynym, ýadym.

Bilýän, bu pursatlar “Ykbal” kitabma
Tämiz sahap bolup, müdimi girer.
Sebäp, duýgularma berip teselli,
Tüýs wagtynda geldiň — gijem däl, irem.


Sapa HOMMADOW
30
71
moonlight
03.11.2023 12:01
Salma meni kapasa.
Dar dünýä salma meni...
Ykbalymy çözjek bolup,
Ganatlarmy döwjek bolup,
Gowy bolmaz maňa-saňa,
Kapasa ýasama maňa.


Meniň göwnüm ho-ol asmanda,
Işim ýok ýöremek bilen.
Senem menden yşk tapmarsyň,
Kapasaňda görmek bilen.


«Ekdi bolmaz gurt çagasy»,
Gola sygmaz däli deňiz.
...Ýa-da sal meni kapasa,
Baran ýerim meňki meniň.
Kapasaňa ýaz getirip,
güller ekip görkezeýin!

Aygül Garaýewa
27
39
moonlight
02.11.2023 19:06
Ýene-de duýgylaryma söz geçirip bilmän "Seni" ýazmaga başladym bügün. Ýazanlaryma seretseň ählisi seniň bilen başlap, seniň bilen gutarýanyny duýarsyň. Esasan hem sen meniň ýanymda ýok wagtyň ýazasym gelýär, iň gözel jümleleri birleşdirip gaýta gaýta senli günleri ýatlasym gelýär. Bilýäňmi, gün gelip ýene-de öňki günlermiziň geljegine meni ynandyrsaň, aramyzdaky bitmez uzaklyklara sözlerim bilen birleşdirip köprüler gurardym. Belki öňde-soňda "biz" hakda has gowy jümleleri gurmagy başararyn, ýöne hiç kim meni we duýgylarymy düşünmez. Sebäbi men seni oýlamok, men sende ýaşaýan. Ýazanlarymy başgalar makala, hekaýa ýa-da oýlanma diýip okamagy mümkin. Aslynda ýazanlarym "belki-de Allahym doga diýip hasaplap, hasyl eder" niýeti bilen ýazylandyr. Aslynda ýazanlarym "bir gün öňki günler geler, belkide duşuşarys" umydynyň ähtimalnamasy. Ýazanlaryma sensizlikde geçiren günlerimde özüme beren sözlerimi gizledim, okamagyň üçin däl sensiz geçen pursatlarymy seni ýazyp, seniň adyň bilen doldurmak üçin.
Belki-de durmuşyň çarhy tersine aýlanar we biz duşuşarys. Belki soňsyz "baky" älemde bagtymyz bizi duşurmak üçin garaşýandyr. Belki-de...Eh hormatlym käşge bilsediň bu "Belkileriň" sanynyň sözlükerimde barha artýanyny, mensiz ýörän köçeleriňden ýöräp seniň ysyňy gözleýänimi, belki-de düýşümde görerin umydy bilen uklaýanymy. Käşgä bilsediň obaň daýzalaryndan "söýeniňe ýet!" dilegini eştmek üçin (şol kiçijik ýöne çyn ýürekden aýdylan sözi eşitmek üçin) edýän tagallalarmy. Käşgä bilsediň, "halaýan ýazyjym" diýip ýazyjylary topara bölmegimiň sebäbi, olaryň maňa iň gowy şekilde seni ýatladýanlygyna baglydygyny. Käşgä bilsediň köpçülikden ybarat ýalňyz galmalarymda "maňa ol bolsa ýeterlikdi" diýip ýerime ýadyrgaýanymy. Käşgä bilsediň men senden näçe uzaklaşsam uzaklaşaýyn, yzyma dolananymda okajak ilkinji sözüm seniň adyň bolýanyny. Käşgä bilsediň men entegäm saňa garaşýanymy....

© Abat AŞYRGELDIÝEWA
26
84
moonlight
02.11.2023 12:51
Bir baglykda kedr agajy ösýän eken. Ol ýyl-ýyldan boý alyp, has owadanlaşypdyr. Onuň giň şahalary barha ýaýrap beýleki agaçlaryň üstünden saýa salýar. Ýöne kedr näçe ösdügiçe onda ulumsylyk hem artypdyr. Bir gün ol ýokardan aşak göwnüýetmezçilik bilen seredip buýruk beriji äheňde şeýle diýýär:

— Şo ýerdäki ösüp oturan hoz agajyny ýok ediň. Şeýlelikde oňat ösüp oturan hoz agajy düýp köki bilen ýok edilýär.

— Şol ýerdäki injir agajyny hem çapyň, ol meniň daş gözelligimi bozýar — diýip kedr gygyryberipdir. Injiriň ykbaly hem hozuňka meňzäpdir. Özünden göwnühoş bolup ulumsylyk bilen şahalaryny bulaýan agaç şonda-da köşeşmändir:

— Meniň daş töweregimdäki alma, armyt agaçlarynam çapyň, arassalaň. Şeýdip kedr agajy ajaýyp gür baglygy boş meýdana öwrüpdir.

Ine, günlerde bir gün hem güýçli şemal turýar. Daşy çolaran kedr ähli güýjüni jemläp şemala garşy durjak bolýar. Şemal bolsa öňünde hiç hili böwet bolmansoň owadan görnüşli kedr agajyny edil ýeriň ýüzünde bolmadyk ýaly goparyp taşlaýar.
23
19