Bir baglykda kedr agajy ösýän eken. Ol ýyl-ýyldan boý alyp, has owadanlaşypdyr. Onuň giň şahalary barha ýaýrap beýleki agaçlaryň üstünden saýa salýar. Ýöne kedr näçe ösdügiçe onda ulumsylyk hem artypdyr. Bir gün ol ýokardan aşak göwnüýetmezçilik bilen seredip buýruk beriji äheňde şeýle diýýär:
— Şo ýerdäki ösüp oturan hoz agajyny ýok ediň. Şeýlelikde oňat ösüp oturan hoz agajy düýp köki bilen ýok edilýär.
— Şol ýerdäki injir agajyny hem çapyň, ol meniň daş gözelligimi bozýar — diýip kedr gygyryberipdir. Injiriň ykbaly hem hozuňka meňzäpdir. Özünden göwnühoş bolup ulumsylyk bilen şahalaryny bulaýan agaç şonda-da köşeşmändir:
— Meniň daş töweregimdäki alma, armyt agaçlarynam çapyň, arassalaň. Şeýdip kedr agajy ajaýyp gür baglygy boş meýdana öwrüpdir.
Ine, günlerde bir gün hem güýçli şemal turýar. Daşy çolaran kedr ähli güýjüni jemläp şemala garşy durjak bolýar. Şemal bolsa öňünde hiç hili böwet bolmansoň owadan görnüşli kedr agajyny edil ýeriň ýüzünde bolmadyk ýaly goparyp taşlaýar.