milaya_mm
29.11.2024 12:53
Bu söýgüde kim günäli bilmedim
Söýýärdik biz bir-biregi aşa ýar
Bir armanym sen meniňki bolmadyň
Sen-ä mensiz menem sensiz ýaşaýan


Taýdyk bile goşa gumry ýaly biz
Gidirdikmi elden indi ýarymyz
Belki başdan aýrydyrda ýolumyz
Sen-ä mensiz menem sensiz ýaşaýan


Aýyň şöhlesinden mahrum gije dek
Ýoklugyň derdimi barýar güýjedip
Ähli süýji arzuwlarymyz puç edip
Sen-ä mensiz menem sensiz ýaşaýan


Gitseň-de dünýämden ýüregimi gyýyp
Gezýän bir ýerlerde barlygyň duýup
"sen bolmasaň ýaşap bilmerin" diýip
Sen-ä mensiz menem sensiz ýaşaýan


Ol günleri hyýalyňda bir sakla
Aýralygyň yzasy bar gursakda
Arzuwlarda bile durmuş gursakda
Wah paltamyz uran eken daşa ýa:r
Sen-ä mensiz menem sensiz ýaşaýan




✍🏻:Şanazar Hydyrow📃
6
74
milaya_mm
24.11.2024 12:32
Mazarystana baryp salamym berip,
Göz ýaşymy saklap bilmedim durup.
Dözülmejek ençe ýüze gum garyp,
Ýalançyň hakyky ýüzüni gördüm.


Arzuwyna ýetmedik dädeler ýatyr,
Balasyn zarladyp eneler ýatyr.
Açylmanka solan ýaş juwan ýatyr,
Ajalyň ir wagt gelenini gördüm.


Ýüregimiň öçmejek otlary ýatyr,
Aglan agylarymyň datlary ýatyr.
Hemmesi hakynda etsemde pikir,
Kalbymdan çykmajak zarlary ýatyr.

Ýüregim sanjylap gözlerim ýaşda,
Unudylmajak atlar ýazgyly daşda.
Ajal gaýyp, bir gün bolar her başda,
Ölümiň bi wagt gelenini gördüm.


Gördüm göz ýetirdim ýene köp zada,
Bu dünýäde gerek ýok gury haýbada.
Ömürlik süňňümiz galjak mazarda,
Ömrümiziň myhman bolanyny gördüm.



📃🤷🏻‍♀️✍🏻
10
69
milaya_mm
24.11.2024 01:06
Şu gün kiçijik sorag beresim geldi öwrenmeli agzalaryna men näçe aý bäri giremokdym şu programma we şu gün girdim hiç görenime ynanyp bilemok öňler nähili gyzykly bolýady şuň içi bir girseň çykasyň gelenok inni bolsa tersine bir çyksaň giresiň gelenok ýa-da öňler like has köp alýadyk inni bolsa 10like zordan alýas näme üçün beýle ýa inni agzalar biri-birine şo like'em köp görýälermi bir post goýsaň (❤️,🤍, 🔥)hökman şular goýulardy inni bolsa bir post ýalňyşyp dagyn bilmän bir harpy nä dogry ýazaýsaň şoňam üstünde çekelşýäler ýa surat iň uly problema bolýar agzalaň arasynda post bilen suratyň arasynda bağlanyşyk ýok ýa ýene gör ýene bir zat garaz agzalar üýtgäpdirmi nämemi gepiň tümmegi girer ýaly bolmandyr muň içine häzir men şuny ýazp post edibem goýýanam welin akylam satyp başlaýalar muny herkimem özüne çekip oturmasyn men ýöne pikirimi paýlaşasym geldi sağ boluň...!!!
21
386
milaya_mm
23.11.2024 15:31
Aýaly aldama, etme hyýanat,
Ol seni aldasa weýran bolarsyň.
Ynamyny döwmek uly jenaýat,
Öz etiňi iýip haýwan bolarsyň.


Aýaly aldama, ol seni söýüp,
Ezizleýän çagy kalbyňa uýup.
Lowlaýan ot ertir bilýändir doňup,
Durmuşyň oýnuna haýran bolarsyň.


Aýaly aldama ol ene, ol ýar,
Gursakda päkize ýüregi bolýar.
Şek ýetse owadan güllerem solýar,
Bir uly günäni boýlan bolarsyň.


📃🤷🏻‍♀️✍🏻
9
98
milaya_mm
26.09.2024 00:52
Ýanýar ot içinde armanly dünýäm,
Silde galaýsamam sönmese gerek.
Lowlap ýanýan ol ýangynyň içinde,
Egnin gysyp titräp üşeýär ýürek.



~Arslanowa Nurana
6
61
milaya_mm
25.09.2024 15:13
Günä kimde? seniň ýalan sözüňde,
Ýalbarma sen maňa, sessiz ýiteýin.
Gördüm ahyr biwepalyk gözüňde,
Öz dünýämi men ummana iteýin



~🤷🏻‍♀️
8
67
milaya_mm
24.09.2024 14:45
Ynamdan gaçmasa söýgüli ýaryň,
Şoldur seň gymmatyň, barlardan baryň.
Sen-ä oň zarysyň, olam seň zaryň,
Ýaşaýyş üýtgeşik şeýleräk wagtyň!



~Yhlas Kakabaýew
13
71
milaya_mm
10.09.2024 00:28
Oýandym diri men asmanym ýagty
Gör neneň gowy zat dirilik bagty
Ertir namazynyň okaljak wagty
Ak bagtyň bolmagyny diledim janym


Duşuşyk gün keşbiň öňümde durka
Päk söýgim ymtylyp mähriňe zarka
Öýle namazyna az salym barka
Meň ýarym bolmagyňy diledim janym


Ykbal hasratlara bükmesin biliň
Diňe ýagşyzada sataşsyn synyň
İkindi namaza münende ilim
Gülüp ýaşamagyňy diledim janym


Nurly günüň nury biraz solanda
Guşlar ýatmak isläp bağa gonanda
Agşam namazynyň wagty bolanda
Seniň jan saglygyňy diledim janym


Ýassy namazyna gelende gezek
Diýipdim hiç haçan aglatma pelek
Ýaşyň bolmagyny uzakdan uzak
Baýik biribardan diledim janym




✍🏻🤷🏻‍♀️📃
10
35
milaya_mm
05.09.2024 12:57
Bence her kesin hayatında
acımasız olmayı öğrendiği biryer var
yani bı şeyler oluyor ve
sen bırdaha eski sen olamıyorsun
her kes sana bencil diyecek ama
kimse sana
SENİ BU HALE KİM GETİRDİ DİYE SORMAYACAK...
7
19
milaya_mm
04.09.2024 23:31
Senem inni jaň etme hiç
Menem saňa aýlamaryn
Bolly bary ähli zat puç
Men sen hakda oýlamaryn


Düşde berseňem azary
Özüme berdim karary
Gündiz çekip ahy zary
Men sen hakda oýlamaryn


Ýalan wada aladaňdan
Ejiz galdym ýaralaňdan
Kuwwat diläp ýaradandan
Men sen hakda oýlamaryn


Jandan söýüp aýanymdyň
Her gün süýji sowalymdyň
Bir çykaňsoň hyýalymdan
Men sen hakda oýlamaryn



✍🏻🤷🏻‍♀️📃
7
48