Bu söýgüde kim günäli bilmedim
Söýýärdik biz bir-biregi aşa ýar
Bir armanym sen meniňki bolmadyň
Sen-ä mensiz menem sensiz ýaşaýan
Taýdyk bile goşa gumry ýaly biz
Gidirdikmi elden indi ýarymyz
Belki başdan aýrydyrda ýolumyz
Sen-ä mensiz menem sensiz ýaşaýan
Aýyň şöhlesinden mahrum gije dek
Ýoklugyň derdimi barýar güýjedip
Ähli süýji arzuwlarymyz puç edip
Sen-ä mensiz menem sensiz ýaşaýan
Gitseň-de dünýämden ýüregimi gyýyp
Gezýän bir ýerlerde barlygyň duýup
"sen bolmasaň ýaşap bilmerin" diýip
Sen-ä mensiz menem sensiz ýaşaýan
Ol günleri hyýalyňda bir sakla
Aýralygyň yzasy bar gursakda
Arzuwlarda bile durmuş gursakda
Wah paltamyz uran eken daşa ýa:r
Sen-ä mensiz menem sensiz ýaşaýan
✍🏻:Şanazar Hydyrow📃