milasxka
19.08.2023 07:36

Söýüñ gyzlar, söýüñ ýigitlermizi.

Söýülen ýigitler şahyr bolýandyr.

Dünýe dek gadymy, müdimi söýgi

. Olaryñ başyna oýun salýandyr.

20
106
milasxka
18.08.2023 14:42

asmandaky gyzsyn sen,

ýüreklere gansyň sen,

owadanlykda ýazsyn sen,

gül-gunçaly bagsyň sen!


sen durşuňa altynsyn,

kemakyla akylsyn!

zar men seň akylyňa

jogap ber sen, ashyga!




Gyzlaryn ahlisin goyup bir yana

Saylap sechip seni soysem soyermin?

Gul gorkune ashyk bolup gaybana

Dine gul ozuni soysem soyermin???




A-gyz men saňa duşanymdan soň söyginiň nämedigine düşündim.öň men kalbymdaky söygim şeyle ulydyr öytyädim .emma saňa duşanymdan soň onuň uçypsyzdygyny bildim.çünki maňa seni näçe söysemde saňa bolan söygim az görünyär.




yuregimi eretdin,

soyga many doretdin

23
217
milasxka
17.08.2023 10:33

Sadalyk, yagsylyk we dogrulyk bolmayan yerde BEYIKLIK yokdur

19
67
milasxka
13.08.2023 23:14

Kabir adamlar seyle bir suyji edip yalan gurleyaler, hatda olary dinlap cayy sekersiz hem icsen bolyar.

24
172
milasxka
12.08.2023 07:47
men durmuşumda şeyle bir adamlar ba aglasam aglayan gülsem gülyân. Şeyle bir joralam ba joradanam öte. Şeyle bir doslam ba men doganlam yaly. Durmuşuma gireniniz uçin sagbolun!
21
360
milasxka
11.08.2023 21:48

Duýduryp biljekmi bu tasin yşky,

Ine ýazdym saña 1 bentjik goşgy,

Iñ soñky bendini öziñi goýýan

Özüñ çöz barybir Men Seni ........!

23
113
milasxka
10.08.2023 07:43

Gelin toýy türkmen toýlarynyň iň naýbaşysy hasap edilýär. Ata-baba dowam edip gelýän bu uly we arzyly toý adamyň durmuşynda ýatdan çykmajak dabaralaryň biri. Türkmen arzuw-niýetlere beslenip, ogul öýermäge, gyz çykarmaga çagalarynyň ýaş wagtyndan taýýarlyk görüp başlaýar. Gyzyň sepini düzetmegiň, oglana halat toplamagyň aladasy bilen bolýar. Ýöne “Oguldyr döwletiň başy…” diýlişi ýaly, ogul perzende aýratyn nazar bilen garalýar. Ogul öýermegiň özboluşly lezzeti bar. Öýüň dolýar, täze bir maşgala emele gelýär. Dowamatyň dowam bolmagyna ýol açylýar. Türkmen ir döwürlerden bäri toýuny uludan tutmagy halapdyr, oňa kän myhman çagyrylýar, özi-de birnäçe günläp dowam edýär. Gadymda türkmen toýlarynyň üç günden başlap, ýedi güne çenli dowam etdirilýändigini söýgüli şadessanlarymyzyň üsti bilen bilýäris. Türkmen toýlarynda onuň eýesi toýuň has dabaraly, şatlykly, ýatda galar ýaly bolmagy üçin elinde baryny orta goýýar. Özge hiç bir halkyňka meňzemeýän ol toýlarda türkmeniň ynsanperwerligini, myhmansöýerligini, elaçyklygyny, ruhy rüstemligini äşgär edýän ajaýyp sypatlar ýüze çykýar. Türkmen toý üçin hiç zadyny gaýgyrmaýan, oňa tutumly taýýarlyk görýän milletdir. Ol özüniň gerimi, dabarasy bilen göreni haýran edýär. Ogul öýermek ýaly uly toýlarda at çapdyryp, göreş tutulýar, ýaglyga towsulyp, “ýüzük bukdy” oýnalýar. Bagşy aýtdyrylyp, deprek kakylyp, tüýdük we gyjak çalynýar. Ogul öýermek (gelin toýy) toýy adatça üç günläp dowam edýär. Oňa “ýalan çelpek”, “çyn çelpek”, “gelnalyjy” günleri girýär. Toýuň ilki güni ýapylan çelpege ýalan çelpek diýilýär. Ol gün goňşy-golamlar, dogan-garyndaşlar üýşüp, gudalara äkidilmeli saçak üçin iki gap çelpek ýapylýar. Onuň daşyndan toýa gelenlere we myhmanlara jübütden epläp, çelpek paýlaýarlar. “Çyn çelpek” güni ýapylan çelpek bolsa, toý güni gelen-gideniň öňüne äbermek, toýa getirilen saçaga salmak üçin ýapylýar. Türkmen maşgalasynda toý tutup, ogul öýerilensoň, täze dörän maşgala özbaşyna öý dikip bermek onuň ata-enesiniň ýerine ýetirmeli borjy bolupdyr. Gelin alnyp berlen ýigide özbaşdak öý tutulypdyr. Bu ýerde öýlenmek- öý gurmak diýen düşünjäni berýär. Ir zamanlarda öýlenmekçi bolýan ýigide sähra tarapa ýaýy atdyrypdyrlar, onuň peýkamynyň düşen ýerinde ýurt tutulyp, toý toýlanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen toý däpleri döwre görä baýlaşyp, onuň üsti ýetirilip gelinýär. Däp-dessura baý türkmen halkynyň gelin toýlary her etrapda öz aýratynlygy we üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar. Gelin toýy süýjülik bilen açylýan gudaçylykdan başlanýar. Türkmenlerde bu meselä juda inçe çemeleşilýär. Halk arasynda “Gudaçylyk-müň ýylçylyk”, “Gudamyň gudasy-çorbamyň goýusy” diýen pähim bar. Durmuş toýunyň manysy, ähmiýeti örän uly. Ol gyzyň hem ýigidiň geljekki ykbaly barada çynlakaý oýlanylyp, ölçerilip-dökülip çözülýär. Durmuş toýunyň tutulmagy bilen täze bir maşgala döräp, ol iki tarapyň ömürlik garyndaşlyk gatnaşygyna ýol açýar. Şonuň üçin bu meselede “Ýedi ölçäp, bir kes” diýen pähimden hem ugur alynýar. Guda bolunjak maşgalanyň asly, il içindäki at-abraýy, gelinligiň el işleriniň çeperligi, başarnygy we gylyk-häsiýetleri öwrenilýär.


Adatça, ogluny öýermek isleýän maşglanyň zenany (onuň ejesi, gelinejesi …) Çarşenbe güni gyzyň masşgalasyna söz aýtmaga (gudaçylyga) gidýär. Çarşenbe güni haýyrly gün hasap edilýär, çarşenbede çar tarapyň açyk hem diýilýär. Soň iki tarap bir-biregi sorag-ideg edýär, ara biraz maý salynanyndan soň gyzyň maşgalasy jogabyny gaýtarýar, iki tarap ylalaşandan soň toýa taýýarlyk görlüp başlanýar. Oglanyň maşgalasy gelinlikleri üçin galyň geçirýär, gyz bolsa gerekli zatlaryny, bukjasyny taýýarlaýar.


Soň toý sähedi belli edilýär. Türkmen toýy 2-3 günläp dowam edýär. Toý edilýän ýerde daň bilen gazanyň gulagy gyzmaga başlaýar.


Türkmen gelininiň toýda geýýän milli egin-eşikleri we dakynýan şaý-sepleriniň milli özboluşlylygy bar we şol millilik türkmen toýlarynda henize çenli, ýitirilmän berjaý edilýär. Geliniň toý lybasynyň agramy, takmynan, 40kg-a golaýdyr. Geliniň lybasynda gyrmyzy reňk esasy orny eýeleýär.


Gelin alynjak öýde toý başlan güni öýi hem şatlyk hem-de gaýgy gurşap alýar, sebäbi ol öýde hem-ä toý tutulýar hem-de gyz öz dogduk mekanyndan aýra düşýär. Gelinalyjy tarap uly dabara bilen gelip, öz gelinliklerini alyp gidýärler. Gelin gaýyn öýüne barnynda ony uly şowhun bilen garşy alýarlar. Gelin garşylananda üzärlik oty ýakylýar (göz-dilden goralmagy üçin), soňra däp-dessura görä gelin sag aýagy bilen öýüň işiginden ilkinji ädimini ätleýär, soňra geliniň eli una, ýaga batyrylýar, ýagny un ýaly arassa we päk gelin, ýag ýaly maşgalasyna goşuluşyp gitsin diýen niýet bilen. Soňra bolsa guşak çözdi bolýar. Şeýdip toý tamamlanýar.

21
167
milasxka
09.08.2023 15:04

Gar ýaly yagyp ýeriň üstüni ýapsaňam, günüň barlygy bilen ýitip gidersiň ...

23
85
milasxka
08.08.2023 12:19

Şeýle bir söýýärdim,söýýärdim seni

Seň bilen durmuşym örän hezildi

Sen gitdiň ýalňyzlyk aglatdy meni

Joşan göwnim gam kölinde ezildi


Şeýle bir söýýärdim ,söýýärdim seni

Kalbymyň törinde diňe sen bardyň

Sen dünýäme dogdyň şapak mysaly

Ömir ýollaryma saçýan bir nurdyň


Şanyňa ençeme goşgy ýazardym

Galam ,kagyz meniň hemram bolardy

Elmydama seni ýatlap gezerdim

Seň suratyň meniň gümram bolardy


Ýadymda henizem şol geçen günler

Şol gün bir mysalyň jogabyn gözläp

Sanardyk biz goşup barmaklarmyzy

Şonda-da jogaby bilmedik çözläp


Soňra biz öýmizden daşary çykyp

Şol mysaly berdik agam Tirkişe

Agam pikirlenmän jogabyn aýtdy

Beýle zehin berilmeýär her kişä


* *

Ýadymda henizem şol geçen günler

Remezan aýynyň ikinji güni

Size oýnamana men ejem bilen

Barypdym,ýenede göripdim seni


Şol gün seniň bilen goňşy golama

Ýarmezan aýdyp aýlanardyk biz

Bolsakda biz bäş-on sany bir topar

Başga çagalardan saýlanardyk biz


Şol gün sen owadan gaty ses bilen

Ýarmezan goşgysyn aýdyp bererdiň

Men bolsa utanyp uýalyp şonda

Hiç zat aýtman ýere bakyp durardym


Şonda-da olar meň başym sypalap

Süýji-kökelerden paýym bererdi

Soň ilkinji söýgim elimden tutup

Meni başga gapa alyp barardy

* *

Ýadymda henizem şol geçen günler

Agamyň toýunda göripdim seni

Gözel jemalyňy uzakdan synlap

Bagtyňa bendiwan edipdiň meni


Şol gün elme alyp seň telefonňy

Görenimde seniň suratlaryňy

Içgin-içgin bakyp seredip çykyp

Dörenimde seniň suratlaryňy


Gözim düşdi bir nätanyş oglana

Köşge şol suraty görmesedim hiç

Şol gün çyn söýgimi aýtjakdym saňa Indi bary giç


Klasdaşlaň bilen uçurym güni

Durdyň sen bir ýigdiň elinden tutup

Ýüregimde gaýnap joşan bu söýgim

Indi ýüregimde galypdy ýatyp

Bilýärin bu ýerde seniň günäň ýok

Müň dürli syr bardy gara göziňde

Bilýärin bu ýerde seniň günäň ýok Günä özimde

Men saňa söýgimi aýdyp bilmedim

Seni söýüp guwanardym daşyňdan

Goý meniňki ýaly jogapsyz söýgi

Geçmäwersin hiç adamyň başyndan

27
189
milasxka
07.08.2023 17:39

Şol bir wagt, şol bir gün, şol bir zat hakynda pikir edýärin: Sen ýadyma düşýärsiň. Seni ýatlap ýa-da ýatlaman ejir çekemok. Barybir, bu maňa ýeňil düşenok. Takdyryma şeýle paý berlipdir: diňe seni ýatlaýaryn…

25
147