milasxka
10.08.2023 07:43

Gelin toýy türkmen toýlarynyň iň naýbaşysy hasap edilýär. Ata-baba dowam edip gelýän bu uly we arzyly toý adamyň durmuşynda ýatdan çykmajak dabaralaryň biri. Türkmen arzuw-niýetlere beslenip, ogul öýermäge, gyz çykarmaga çagalarynyň ýaş wagtyndan taýýarlyk görüp başlaýar. Gyzyň sepini düzetmegiň, oglana halat toplamagyň aladasy bilen bolýar. Ýöne “Oguldyr döwletiň başy…” diýlişi ýaly, ogul perzende aýratyn nazar bilen garalýar. Ogul öýermegiň özboluşly lezzeti bar. Öýüň dolýar, täze bir maşgala emele gelýär. Dowamatyň dowam bolmagyna ýol açylýar. Türkmen ir döwürlerden bäri toýuny uludan tutmagy halapdyr, oňa kän myhman çagyrylýar, özi-de birnäçe günläp dowam edýär. Gadymda türkmen toýlarynyň üç günden başlap, ýedi güne çenli dowam etdirilýändigini söýgüli şadessanlarymyzyň üsti bilen bilýäris. Türkmen toýlarynda onuň eýesi toýuň has dabaraly, şatlykly, ýatda galar ýaly bolmagy üçin elinde baryny orta goýýar. Özge hiç bir halkyňka meňzemeýän ol toýlarda türkmeniň ynsanperwerligini, myhmansöýerligini, elaçyklygyny, ruhy rüstemligini äşgär edýän ajaýyp sypatlar ýüze çykýar. Türkmen toý üçin hiç zadyny gaýgyrmaýan, oňa tutumly taýýarlyk görýän milletdir. Ol özüniň gerimi, dabarasy bilen göreni haýran edýär. Ogul öýermek ýaly uly toýlarda at çapdyryp, göreş tutulýar, ýaglyga towsulyp, “ýüzük bukdy” oýnalýar. Bagşy aýtdyrylyp, deprek kakylyp, tüýdük we gyjak çalynýar. Ogul öýermek (gelin toýy) toýy adatça üç günläp dowam edýär. Oňa “ýalan çelpek”, “çyn çelpek”, “gelnalyjy” günleri girýär. Toýuň ilki güni ýapylan çelpege ýalan çelpek diýilýär. Ol gün goňşy-golamlar, dogan-garyndaşlar üýşüp, gudalara äkidilmeli saçak üçin iki gap çelpek ýapylýar. Onuň daşyndan toýa gelenlere we myhmanlara jübütden epläp, çelpek paýlaýarlar. “Çyn çelpek” güni ýapylan çelpek bolsa, toý güni gelen-gideniň öňüne äbermek, toýa getirilen saçaga salmak üçin ýapylýar. Türkmen maşgalasynda toý tutup, ogul öýerilensoň, täze dörän maşgala özbaşyna öý dikip bermek onuň ata-enesiniň ýerine ýetirmeli borjy bolupdyr. Gelin alnyp berlen ýigide özbaşdak öý tutulypdyr. Bu ýerde öýlenmek- öý gurmak diýen düşünjäni berýär. Ir zamanlarda öýlenmekçi bolýan ýigide sähra tarapa ýaýy atdyrypdyrlar, onuň peýkamynyň düşen ýerinde ýurt tutulyp, toý toýlanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen toý däpleri döwre görä baýlaşyp, onuň üsti ýetirilip gelinýär. Däp-dessura baý türkmen halkynyň gelin toýlary her etrapda öz aýratynlygy we üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar. Gelin toýy süýjülik bilen açylýan gudaçylykdan başlanýar. Türkmenlerde bu meselä juda inçe çemeleşilýär. Halk arasynda “Gudaçylyk-müň ýylçylyk”, “Gudamyň gudasy-çorbamyň goýusy” diýen pähim bar. Durmuş toýunyň manysy, ähmiýeti örän uly. Ol gyzyň hem ýigidiň geljekki ykbaly barada çynlakaý oýlanylyp, ölçerilip-dökülip çözülýär. Durmuş toýunyň tutulmagy bilen täze bir maşgala döräp, ol iki tarapyň ömürlik garyndaşlyk gatnaşygyna ýol açýar. Şonuň üçin bu meselede “Ýedi ölçäp, bir kes” diýen pähimden hem ugur alynýar. Guda bolunjak maşgalanyň asly, il içindäki at-abraýy, gelinligiň el işleriniň çeperligi, başarnygy we gylyk-häsiýetleri öwrenilýär.


Adatça, ogluny öýermek isleýän maşglanyň zenany (onuň ejesi, gelinejesi …) Çarşenbe güni gyzyň masşgalasyna söz aýtmaga (gudaçylyga) gidýär. Çarşenbe güni haýyrly gün hasap edilýär, çarşenbede çar tarapyň açyk hem diýilýär. Soň iki tarap bir-biregi sorag-ideg edýär, ara biraz maý salynanyndan soň gyzyň maşgalasy jogabyny gaýtarýar, iki tarap ylalaşandan soň toýa taýýarlyk görlüp başlanýar. Oglanyň maşgalasy gelinlikleri üçin galyň geçirýär, gyz bolsa gerekli zatlaryny, bukjasyny taýýarlaýar.


Soň toý sähedi belli edilýär. Türkmen toýy 2-3 günläp dowam edýär. Toý edilýän ýerde daň bilen gazanyň gulagy gyzmaga başlaýar.


Türkmen gelininiň toýda geýýän milli egin-eşikleri we dakynýan şaý-sepleriniň milli özboluşlylygy bar we şol millilik türkmen toýlarynda henize çenli, ýitirilmän berjaý edilýär. Geliniň toý lybasynyň agramy, takmynan, 40kg-a golaýdyr. Geliniň lybasynda gyrmyzy reňk esasy orny eýeleýär.


Gelin alynjak öýde toý başlan güni öýi hem şatlyk hem-de gaýgy gurşap alýar, sebäbi ol öýde hem-ä toý tutulýar hem-de gyz öz dogduk mekanyndan aýra düşýär. Gelinalyjy tarap uly dabara bilen gelip, öz gelinliklerini alyp gidýärler. Gelin gaýyn öýüne barnynda ony uly şowhun bilen garşy alýarlar. Gelin garşylananda üzärlik oty ýakylýar (göz-dilden goralmagy üçin), soňra däp-dessura görä gelin sag aýagy bilen öýüň işiginden ilkinji ädimini ätleýär, soňra geliniň eli una, ýaga batyrylýar, ýagny un ýaly arassa we päk gelin, ýag ýaly maşgalasyna goşuluşyp gitsin diýen niýet bilen. Soňra bolsa guşak çözdi bolýar. Şeýdip toý tamamlanýar.

21
167
king_tm
10 Awgust 2023
@milasxka, mmm🙂👍
king_tm
10 Awgust 2023
Nesip bolsa@milasxka,
king_tm
10 Awgust 2023
@dilka, oýun etýänle
king_tm
10 Awgust 2023
🙂😊 sps menem öýlenjek, basym🤗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.