melhem
13.05.2024 01:31
- Bоgunlaryň agyrýan ýeri bоlsa, duzy un we bal garyp ýapgy etmeli.
- Ýagyş gurçugyny gaýnadyp, gaz ýagy bilen garyşdyryp damdyrsaň, gulak agyrysyny köşedýär. Eger ýagyş gurçugyny şerap bilen gaýnadyp içseň, sarygetirmäni bejerýär.
- Yşgyn bagra, aşgazana peýdalydyr, bu оrganlaryň agyrysyny hem köşedýär. Yzygiderli ysytmaly näsaglara hem yşgynyň peýdasy ýetýär.
- Şalgamyň iň güýçli täsir edýän bölegi ilki оnuň tоhumy, sоň gabygy, ýapragy we sоň etidir. Gaýnadylan şalgam has ýokumlydyr. Şalgam içiňi ýellendirýär. Оl göreçleriňe zyýanlydyr, ýöne оnuň şiresini göze damdyrsaň, tegmilleri aýyrýar.
- Eger çynaryň külüni sepsen, hapalanan ýaralary bitirýär, gijilewükli derä melhem bоlýar. Sirkä gaýnadylan köki оt ýanygynda we diş agyrysynda haýyr edýär. Оnuň ýapraklary bоgun agyrysynda, bоgunlaryň çişmesinde peýdalydyr. Çynaryň ýapraklarynyň tоzany öýkene, sesiňe, gözleriňe zyýanly täsir edýär.
- Çöpbоýany sirke gоşup ýapgy etsen, demrewi aýyrýar. Оl bedeniň derisini dürli tegmillerden saplaýar. Miwesi bagry we dalagy arassalaýar, bu оrganlaryň dykylmasyny aýyrýar. Bu çöpbоýanyň aýratyn häsietidir. Çöpbоýa içilende, örän köp mukdarda peşew çykarýar, hatda syrkawyň peşewinden käte gan gelýär. Çöpbоýa içýän näsag her gün hökman hammama girip, suwa düşmelidir.
- Düýäniň tezegi burundan gan akmagyny tоgtadýar. Urоmastiks suwulganynyň tezegi göze ak düşende aýyrýar. Düýäniň tezegi bоgunlaryň agyrysyny köşedýär we çişlerini gaýtarýar. Gоýnuň gоwrulan çörüni sirke garyp, guduz itiň dişlän ýerine çalsaň haýyr edýär.
Arslan SEÝITMYRADOW
21
40
melhem
11.05.2024 02:06
"Men özümi aýamadym..."
Gurbannazar Ezizow
Men ýüregimi dözmedim hiç özüme,
Aýamadym,özgelere berdim men.
Ýama boldy,paralanan ýüregim,
Özgeleriñ agyryly derdinden.
Ýaş halyma goja boldum,büküldim.
Öz iýjegmi berdim,açgöz bolana.
Al bilen el serýänden utuldym,
Özgä peşgeş berdim,öz nesibämi,
Üşän wagty mahmal düşän ýorganym.
Menem öz bolşumça Hatama döndüm
Paýladym,özüme dözmedik zadym.
Ýüregimi dözdüm...
"Aklyndan azaşan"dakyldy adym.
Awtor:Remezan Mämetgurbanow
19
40
melhem
09.05.2024 16:57
Soňky wagtlarda ýolda, awtobusda, ulagda barýarka, naharlanýan wagty, telewizora tomaşa edip otyrka, uludan-kiçi hemmäniň elinde diýen ýaly telefon görmek bolýar. Graýam Bell 150 ýyla golaý ozal mundan öň, telefony oýlap tapanynda, bu enjam arkaly uzak aralykdaky adamlar bilen gepleşmegi maksat edinipdi. Geçen ýyllaryň dowamynda telefonlar has köp işi ýerine ýetirip başlady. Esasan hem, “akylly” telefonlar, ýagny, smartfonlar çykandan soňra has köp maksat bilen ulanylyp başlady. Isle daýhan bolsun, isle-de sürüji howa ýagdaýynyň nirede nähili boljakdygyny telefonyndan görýär. Daşary ýurt dilini öwrenýänler bilmeýän sözüni telefonyndaky sözlükden görýär. Kitap okasy, aýdym diňläsi, kino göresi gelýänem telefona ýapyşýar. Telefon diňe haýsydyr bir gural hökmünde däl, eýsem güýmenje maksady bilen hem ulanylýar. Köpler her gün eden işini, bişiren naharyny, giden ýerini, çagasynyň doglan gününde deň-duşlary, maşgala agzalary bilen bilelikde düşen suratlaryny telefony arkaly jemgyýetçilik torlarynda “onlaýn” ýagdaýda dostlary görer ýaly edip goýýar. Telefony çagalaryň elinde-de hem görmek bolýar. Çagalaryň köpüsi oýun oýnaýan bolsa, kä halatlarda oýun oýnardan has kiçi çagalaryň elinde hem smartfon görmek bolýar. Käbir eneler bolsa bäbeklerini telefondaky aýdymlar bilen ukladýarlar. Munuň sebäbi soralanda, çaganyň telefonsyz uklap bilmeýändigini aýdýar. Bilermenler bolsa, çagalara iki ýaşyna çenli hiç hili ekranly zat görkezilmeli däldigini belleýärler. Smartfonyň bolsa, adamdan näçe uzakda dursa şonça gowudygyny, ulanylmajak wagty oturan, ýatan ýeriňden daşrakda goýulmalydygyny tassyklaýarlar.
Çaga özüni gorap bilmeýär, şol sebäpli ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin goralmaga, ene-atalarynyň, ulularyň mährine zerurlyk duýýar. Geçirilen barlaglara görä, häzirki wagtda dünýäde çagalar bäş ýaşyna ýetýänçä onuň 1 müň 500 suraty jemgyýetçilik toruna, ýagny internete goýulýar. Çaganyň bolsa, mundan habary ýok. Internete düşen islendik maglumaty, şol sanda suratlary hem göçürip almak kyn däl. Şeýle bolansoň, onuň näme maksat bilen ulanyljakdygy hem belli däl.
Häzirki wagtda dünýä ilaty 8 milliardan geçýär. Internet ulanyjylarynyň sany bolsa, 5 milliardan köp. Bütindünýä ykdysady forumy internet bilen bagly düşünjäni ösdürmek maksady bilen Sanly howpsuzlyk üçin Global koalisiýa atly başlangyjy öňe sürdi. Bu başlangyç sanly ulgamyň howpsuzlygy we ulanyjylaryň hukuklaryna hormat goýmagy üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýär. Koalisiýa täze onlaýn howpsuzlyk düzgünleri üçin iň gowy programmalaryň ýaýradylmagyna we sanly mediýa sowatlylygynyň ösdürilmegi bilen bagly maksatnamalar bilen hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hyzmat eder. Şeýlelikde internetdäki zyýanly mazmunlar (content) bilen göreşmekde döwlet bilen hususy eýeçiligiň hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegi maksat edinilýär.
Ünsli paýlaş!
Germaniýanyň “Deutsche Telekom” kompaniýasy geçen ýyl çagalaryň suratlaryny we olar barada maglumatlary has jogapkärli ýaýratmaga ünsi çekmek üçin “ShareWithCare” atly kampaniýany yglan etdi. Bu barada “Sharenting” adalgasy hem peýda boldy. Bu söz iňlis dilinde “sharing” (paýlaşýan, ýaýradýan) hem-de “parenting” (ene-atalyk) sözleriniň birleşdirilmegi bilen döredilip, çagalaryň suratlaryny we wideolaryny sanly ulgam arkaly ýaýradýan ene-ata diýmegi aňladýar. Ene-atalaryň käbiri çagasynyň gündelik durmuşdaky her bir hereketiniň suratyny köpçülige ýaýradanda, onuň nähili netije berjekdigi barada pikirlenmeýär.
“Ellanyň aýtjak zady bar”
Ýokarda agzalan kampaniýanyň çäklerinde 9 ýaşly sanly ulgam gahrymany hem döredildi. Ähli çagalara wekilçilik edýän bu gyzjagaz “deepfake” tehnologiýasy bilen döredilipdir. Ella çagalaryň çem gelen suratyny internete goýanyňda nähili netije berjekdigini görkezmäge synanyşýar. Bu baradaky tanyşdyrylyş filminde bir maşgala kinoteatrda kino görýän wagty birden ekranda öz gyzlary peýda bolýar. “DeepFake” atly tehnologiýa bilen üýtgedilip, uly edilip görkezilýän çaga ene-atasyny günäkärläp, näme üçin çaga wagty öz suratyny internete goýandyklaryny soraýar.
Bilermenler tehnologiýanyň ösýän döwründe onuň hödürleýän ýeňilliklerinden peýdalanylanda, zyýanly taraplarynyň hem bolup biljekdiginiň unutmaly däldigine ünsi çekýärler.
Çeşme:Zaman Türkmenistan
21
51
melhem
07.05.2024 00:35
(Tymsal)
Bahar paslynyň ilkinji günlerinde bir adam öz melleginiň bir künjüne bägül tohumlaryny sepip, oňa ideg edipdir. Günleriň bir güni onuň nazary şu gün erte açylmaly owadan bägül gunçalarynda eglenipdir. Ýöne gülleriň baldagyndaky tikenlere pisindi oturman: «Ýogsa-da nädip, ýiti tikenli ösümliklerden beýle owadan güller açylyp bilýärkä?» diýipdir-de, gunçalap başlan bägüllere idi-yssywat etmesini bes edip, olary suwdan hem kesipdir. Netijede, gunçalap açylmaly bägüller kem-kemden süllermek bilen bolupdyr.
Gynansak-da, käwagt durmuşda-da şuňa meňzeş ýagdaýlar az bolmaýar. Her bir adamda şol bägüller mysaly, ony üýtgeşik edip görkezýän tapawutly häsiýet aýratynlygy bolýar. Ol aýratynlyk biziň ganymyzda, emer-damarymyzda owal başdan ornaşyp, biziň her birimizde bar bolan «tikenleriň» – ýetmezçilikleriň arasynda boý alýarlar. Adatça, biziň köpimiz özgelere seredip, diňe şo «tikenlerdir» kemçilikleri görüp, öz aňymyza görä, baha berýäris.
Özgeleriň «tikenlerine» garaman, olardaky «bägülleri» görüp bilmek ukyby ynsanyýetiň iň naýbaşy aýratynlygydyr. Ynsan köňlüniň çuňlugynda kök uran mynasyp aýratynlyklary nazara alyp, kemçilikleri bolşy ýaly kabul etmek hem adamzada bolan söýginiň bir nyşanydyr. Eger-de biz ynsanlardaky «bägülleri» özlerine görkezmegi başarsak, olar basym özleriniň «tikenlerinden» dynmagyň ugruna çykarlar. Şondan soň olar hemişe «gül açyp pajarlarlar».
24
21
melhem
28.04.2024 14:46
Siziň pikiriňize görä, geljekde haýsy hünärler öňe çykar? Belki-de biziň ählimiz bu soragyň jogabyny tapmaga çalyşýarys. Häzirki döwürde sanly we kosmos tehnologiýalarynyň durmuşymyza edýän täsiri diýseň uly. Bu tehnologiýalaryň ýakyn birnäçe onýyllykda hünärleri nädip üýtgedip biljekdigini göz öňüne getirip bilersiňizmi? Ine, geljegiň iň gyzykly 6 işi:
3D robot işgärleri. Isleseňiz bu robotlary şahsy kömekçi hökmünde hem ulanyp bilersiňiz. Mundan başga-da, öýüňizde döwülen birzatlar bar bolsa, bu robot işçilerini bejermek ýa-da täze göçüp gelen jaýyňyzda zerur işlerde kömek etmek üçin ulanyp bilersiňiz. Jadygöý ýaly işçi robot! 3D printerleriň kömegi bilen robot işgäri elmydama siziň ýanyňyzda bolar.
Zibil arhitektory. Geljekki dünýämizde zibil gaty köp bolar we bu meseläni çözmegiň täze usullaryny gözläp tapmaly bolarys. Bu ugurda meýilleşdirilen düşünjeleriň biri-de suwotularyň we galyndylardan 20.000 töweregi adamyň ýaşap bilýän ýüzýän şäherlerini döretmekdir. Mysal üçin, plastmassadan ýasalan öýjagazlar…
Asteroid magdançylary. Gözleglere görä, asteroidlerde platina we palladim ýaly köp sanly gymmat bahaly metal bar. Bu, şübhesiz, geljekde asteroid gazmagy gaty girdejili hünäre öwürer. Kim bilýär? Belki, çagaňyz geljekde kosmos känlerinde zähmet çeker. Bu pikir siziň pikiriňizçe nähili?
Bilesigeliji tälimçileri. Makaladan makala geçip, maksatsyz webde gezip gören bolmagyňyz mümkin. Hut şu ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolanyňyzda «bilesigeliji tälimçiler» siziň hyzmatyňyzda bolar. Bu tälimçiler, sizi ruhlandyrar we bilesigelijiligiňizi artdyrjak şahsy halypaňyz bolar. Şeýle hem, täze pikirleri nädip tapmalydygyny we size iň peýdaly mowzuklary tapmaga ýardam eder.
Şäher daýhanlary. Ilatyň köpelmegi bilen oba hojalyk ýerleri ilatly ýerlere öwrüler. Şonuň üçin ekerançylygyň täze ýollary öwreniler. Boş meýdanlaryň ählisi oba hojalygynyň ýerine öwrüler. Şonda şäher daýhanlaryna ösümliklere ideg etmek zerur bolar. Hat-da, bu döwürde şäher çopanlarynyň bolmagyna hem zerurlyk duýlar!
«TürkmenGazet»
26
31
melhem
28.04.2024 11:24
Günlerde bir gün bir daýhan däneli ammarda özüniň köneje sagadyny ýitiripdir. Sagat onçakly gymmat däldigine garamazdan, daýhan üçin söýgüli ynsanynyň beren sowgady hökmünde aýratyn ähmiýetli bolupdyr. Şol sebäpdenem, daýhan öz sagadyny tapmak isläpdir.
Ol ammaryň içini akan-dökän edip, birnäçe gezek barlasa-da, netije tapmansoň, oýna güýmenip ýören golaýdaky oglanjyklardan kömek sorapdyr we sagady tapan kişini sylaglajakdygyny aýdypdyr. Çagalar hem näçe jan etseler-de, barybir, sagady tapyp bilmändirler. Haçan-da daýhan sagadyny tapmakdan umydyny üzüp, gözlegini bes etmekçi bolanynda, onuň ýanyna bir oglanjyk gelip, sagady tapmak üçin özüne ýene-de mümkinçilik bermegini haýyş edipdir. Özelenip duransoň, daýhan oglanjygyň sözüni ýykmaga dözmändir. Ol oglanjygy sagady gözlemek üçin ikilenç ammara iberipdir. Az salymdan oglanjyk eli sagatly dolanyp gelende, daýhan haýran galypdyr we oglanjykdan sagady nädip tapandygyny sorapdyr. Oglanjygyň jogaby şeýle bolupdyr:
— Aslynda, men hiç zat etmedim-de, diňe ammaryň içine baryp ümsüm oturdym. Ümsümlikde bolsa sagadyň dilleriniň «jyk-jyk» edýän sesini eşitdim. Şol sesi yzarlamak bilenem, sagadyň ýerleşýän ýerini tapdym.
Durmuşyň dürli-dürli öwrümli ýollarynda hem şeýle ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Biz ýüze çykan käbir meselelere şeýle bir aljyraňňylyk bilen çemeleşýäris welin, goh-galmagaldan ýaňa çykalganyň sesini eşitmän galýarys. Hernäçe kyn ýagdaý ýüze çykanda hem asuda, arkaýyn, dury pikirler bilen has kämil çözgütleri tapmak mümkindir. Günüň dowamynda pikirleriňize birnäçe minut ümsümligi bagyş ediň we arzyly maksadyňyza ýetiň!
25
35
melhem
22.04.2024 20:07
Garry adam dynç alşa çykdy we bir kollejiň töwereginden öý tutundy. Ilkibaşda rahat we asuda ýaşanam bolsa, güýzüň gelmegi bilen okuw ýyly başlandy.
Okuwyň başlan ilkinji gününden, sapaklardan boşan okuwçylar ala-zenzele bilen ýoluň gyrasyndaky zibil bedresini depip geçerdiler. Çagalaryň gohy birnäçe gün dowam edenden soň, garry munuň öňüni almak hakynda pikir etdi.
Ertesi çagalaryň sesi öýüne eşidilip başlanda , garry gapynyň öňüne çykyp, olary saklap, şeýle diýdi:
– Siz örän akylly çagalara meňzeýäňiz, özüňizem şeýle şadyýan. Menem siziň ýaşyňyzdakam edil siziňki ýaly goh etmekden lezzet alardym, siz maňa ýaşlygymy ýatladýaňyz. Eger siz günde şu ýerden şeýle goh edip geçseňiz, men size her gün 1 dollar bererin.
Bu teklibe çagalar begendiler we her gün bu ýagdaýy dowam etdiler. Birnäçe gün geçenden soň garry ýene olaryň öňünden çykyp:
-Çagalar, pulsuzlyk maňada täsirini ýetirip başlady, men size mundan soň 50 sent berip bilerin – diýdi.
Çagalar göwünli-göwünsiz bu teklibe razy boldular we ýene birnäçe gün goh etmeklerini dowam etdiler. Bir gün garry ýene olaryň öňünden çykdy:
-Çagalar, men heniz pensiýamy alamok, şonuň üçin men size 25sent berip bilýän, bolýamy?-diýdi.
Çagalaň biri:
-Bolanok jenap, bir günde 25 sentjik üçin size şu işi edip berer öýdýäňizmi?! Biz işi taşlaýas…
Adamlardan isleýän zadyňyzy almak isleýän bolsaňyz, olara öz islegiňiz boýunça däl, olaryň islegleri bilen çemeleşiň.
28
39
melhem
21.04.2024 09:23
Dynç almak üçin wagt tapyp bilmeýänler iru-giç nähoşluk üçin wagt tapmaga mejbur bolarlar.
Jon Wanameýker.
Diliňize buýurmazdan ozal ýüregiňize buýruň. Çünki sözler ýürekden gelip, dil arkaly çykýar.
Jelaleddin Rumy.
Aňsat gelýän zat uzak dowam etmez. Uzak dowam edýän zat ýeňillik bilen berilmeýär.
Gündogar nakyly.
Durmuş hiç zady mugt bermeýär we ykbalyň berýän zatlarynyň hemmesiniň gizlin bahasy bar.
Stefan Sweýg.
Hakyky ynam duýgusyny diňe erkin adam başyndan geçirip biler.
Den Braun.
Käbir adam belli maksatsyz ýaşaýar, ýöne diňe ýaşamak niýeti bar.
Wissarion Belinskiý.
Durmuşyň manysyny gözlemäň! Diňe söýýän adamlaryňyza ýakyn boluň.
Maksim Lagaçe.
Birek-birege düşünmek üçin umumy bir zat, birek-biregi söýmek üçin bolsa, tapawutlandyrýan bir zat bolmaly.
Pol Žeraldi.
Durmuş özüňi tapmak däl. Durmuş özüňi döretmekdir.
Bernard Şou.
Bagtly durmuşda ýaşamak isleseňiz, ony adamlar ýa-da zatlar bilen däl-de, bir maksat bilen baglanyşdyryň!
Albert Eýnşteýn.
Durmuşyň maksady – ynanmak, umyt etmek we ymtylmak.
Indira Gandi.
Her bir kynçylyk güýçlenmek üçin mümkinçilikdir.
Dýuk Ellington.
Eger adamlary üýtgetmek isleýän bolsaň, ilki özüňden başla. Bu hem peýdaly, hem-de ygtybarly.
Deýl Karnegi.
Üstünlige ýetmek kararyňyz ýeterlik derejede güýçli bolsa, hiç haçan şowsuz bolmaz.
Og Mandino.
Ýüzlerçe şübhe bir ýere jemlense hem delil bolup bilmeýär.
Fýodor Dostoýewskiý
28
39
melhem
20.04.2024 09:50
«Ýönekeý bol, şonda adamlaryň özi saňa mylakatly bolar» diýlip berilýän nesihatlara aňsat gulak gabartmaýarys. Eger şunuň ýaly jümlelere bolan biperwaý häsiýetimizi çete goýup, «ýönekeý» diýilýän adamyň nähilidigi dogrusynda oýlansak nähili bolarka?
Köplenç, ýönekeý bolmak diýilmegi, size düşünmek isleseler-de düşünip bilmeýändigini aňladýar. Bu meselede ilki bilen, siz haýsy adamlar üçin düşünmesi kyn we ýapyk adamdygyňyz hakynda oýlanmaly. Eger siz kimdir birini özüňize mylakatly hasap etseňiz, onda öz «agyr» häsiýetiňiz dogrusynda hem oýlanara zat bardyr.
Kiçigöwünlilik
Özüne aşa baha berýän adam beýlekilere garanyňda «ýönekeýräk bol» diýen ýaly maslahatlary köp eşidýändir. Bu hili adamlar beýlekilere päsgel bermek bilenem özlerini beýgeltmäge synanyşýarlar we käwagt özlerine aýratyn çemeleşilmegini talap edýärler. Eger tanyş-bilişleri, eden işleri we beýleki «üstünlikleri» bilen öwünmegi halaýanlardan bolsaňyz, beýle biderek ulumsylykdan dynmaga synanyşyň.
Ilki bilen, adatça adamlaryň öz ynamsyzlyklaryny ulumsylyk bilen ýapýandyklaryna düşünmelidiris. «Beýik» wezipäňize garamazdan, üstünlik gazanyp boljak hünär, güýmenje ýa-da iş tapmak zerurdyr.
Beýleki adamlara näçe gezek öwgüli sözleri aýdýandygyňyz, dostlaryňyzyň üstünliklerine begenjiňiz barada pikirlenmeli? Ýagşy amallar, beýleki adamlara kömek we üns ruhy ýönekeýligi tapmaga kömek edýär. Özüňizi daş-töweregiňizdäkileriň ýerine goýup görmegi hiç ýatdan çykarmaň.
Dili salamly bolmak, köpçülikde dil tapmagy başarmak
Ýapyk adamyň özüni alyp barşy köplenç halatda ulumsylyk hökmünde kabul edilýär. Bular ýaly adamlarda özüne bolan ynam hem-de aragatnaşyk endikleri bolmaýar.
Tiz netije çykaryp bilmezlik häsiýeti bilen göreşýän bolsa, adam öz ýalňyşlyklaryndan gorkmagy bes etmeli, beýlekileriň sen hakda näme pikir etjekdigi baradaky çuňňur oýlara batmaly däl. Şunuň ýaly ýagdaýda kadaly, başyňy dynç edýän ýagdaýdan çykmaga synanyşyň:
durmuşdaky üýtgeşmelerden gorkmaň, täze bir zady synag etdigiňiz bolar. Üýtgeşmeleri global derejedäki müşgillige ýetirmäň. Mysal üçin, beýle ýagdaýda ekzotik tagamy taýýarlap bilersiňiz, döredijilik meşgullanypň bilersiňiz we ş.m;
üstünlik gazansaňyz ony bellemegi ýatdan çykarmaň, bähbitli bir iş eden bolsaňyz az-kem «öwüniň»;
jemgyýetçilik gatnaşyklary dogrusynda azda-kände oýlanyp ýaşaň. Şeýlelikde, ýakyn wagtda boljak waka dogrusynda mümkin bolan ssenariýalary oýlap bilersiňiz.
Bilimiňi baýlaşdyrmak
Adamlar söz alşyp boljak, düşünjesi bolan, ýakymly hem-de gepleşmesi ýeňil bolan adamlar bilen gyzyklanýarlar. Munda dürli mowzuklarda pikir alyşmak we gepleşikleri dowam etdirmek ukyby ösdürilip bilner. Kitap okamak, muzeýlere we konsertlere gitmek, güýmenmek we dünýä düşünmegiň beýleki usullary intellektual we ruhy ösüşe uly ýardam edýär.
Diplomatik häsiýetli bolmak
Başgalaryň pikirine hormat goýmak garyndaşlaryň ýa-da kärdeşleriň bilen kadaly gatnaşyk gurmaga ýardam edýär. Öz nukdaýnazaryň bilen biriniň pikirini bölmek, kimdir birine täzeden düşündirmek ýa-da täzeden öwretmek synanyşyklary düşünişmezlige sebäp bolýar. Göz öňüne tutmak, düşünmek we beýleki pikirleri kabul etmek adamlaryň arasyndaky sazlaşykly gatnaşygy dowam etdirmek üçin esasdyr.
Şu aýdylanlardan netije çykaryp, ýönekeý, sadagöwünli häsiýet bilen adamlara garamak, olar bilen ýönekeý çemeleşmek gatnaşyga zyýan getirmez. Ýöne näme diýilse-de boýun almaly, bize ýönekeý häsiýetli, mylakatly bolmak aňsat düşenok.
Peýdalanylan çeşmeler: gurutest.ru; motivation-life.ru; vc.ru
29
35
melhem
20.04.2024 00:28
Bir gün şäheriň iň gelim-gidimli ýerleriniň birinde bir ýaş ýigit orta çykyp, uly ili bilen «Meniň ýüregim arassa» diýip gygyrýarmyş. Ýoldan geçip barýanlar hem geň galyp, ýigidiň ýüregini açyp görýärmişler welin, hakykatdanam, allaname, kir-kimirsiz bir enaýy ýürekmişin. Onsoň, adamlar «Dogrudanam, ýüregi arassa eken» diýip ötägidýärmişler. Ýigit hem muňa öz ýanyndan monça bolýarmyş. Şol pursatda köpçüligiň arasyndan bir goja peýda bolanmyşyn. Goja özüniň ýüreginiň ýigidiňkiden has arassadygyny aýdyp, uly iliň öňünde ýüregini açyp görkezipdir. Adamlar görseler, eýlesi-beýlesi ýa gopan, ýa bolmasa-da gopan ýerleri aňry-bäri zatlar bilen ýamalan ýürekmiş diýýär. Muny gören ýigit:
– Seniň arassa diýýän ýüregiň hem şumy? – diýip-de, gülüp goýberipdir. Onsoň, beýleki adamlar hem gojanyň üstünden gülüp başlapdyrlar. Ine, şonda goja ýigide ýüzlenip, şeýle diýipdir:
– Seniň ýüregiň, hakykatdanam, kem ýeri ýok. Ýöne men şonda-da öz ýüregimi seniňki bilen çalşyp biljek däl. Dogry, ýüregimiň gopan ýerleri az däl, sebäbi men adamlara söýgimi berdim. Olara ýüregimiň bir bölegini goparyp berdim. Adamlar hem şonuň ýerine maňa öz ýüreklerinden bir bölek goparyp berdiler. Berlen bölekler berenlerimiň ýerine laýyk gabat gelmeýändigi üçin, ýüregim büdür-südür bolup dur. Ýüregimde oýlup duran ýerleriň barlygynyň sebäbi bolsa, hiç zada garaşman beren söýgim zerarlydyr. Käte birine söýgiňi bermek üçin, töwekgellik etmeli bolýar. Ýüregimde oýlup duran şol ýerler käte şeýle bir syzlap agyrýar, şonda özgäniň kalbyndaky maňa bolan söýginiň ýylysyny duýup, azda-kände ynjalýaryn. Bir gün şol oýuklaryň hem hökman ýapyljagyna ynanýaryn. Ine, ýigit, indi sen hakyky söýginiň nämedigine düşünen bolsaň gerek?!
Ýigit gözlerinden boýur-boýur ýaş akdyryp, ýüreginiň bir bölegini goparaga-da goja uzadypdyr. Goja özüne berlen bölegi alyp, ýüreginiň üstüne goýupdyr. Şeýle hem ýigide-de özüniň ýama-ýama ýüreginden bir bölejik alyp uzadypdyr. Ýigidem şony ýüreginiň üstüne goýup:
– Berlen bölek berenimiň ýerine laýyk gabat gelmeýän hem bolsa, ýüregim öňküden has gözelleşdi – diýipdir-de, goja bilen tirkeşip gidiberipdir.
21
37