melhem
28.04.2024 11:24
Günlerde bir gün bir daýhan däneli ammarda özüniň köneje sagadyny ýitiripdir. Sagat onçakly gymmat däldigine garamazdan, daýhan üçin söýgüli ynsanynyň beren sowgady hökmünde aýratyn ähmiýetli bolupdyr. Şol sebäpdenem, daýhan öz sagadyny tapmak isläpdir.

Ol ammaryň içini akan-dökän edip, birnäçe gezek barlasa-da, netije tapmansoň, oýna güýmenip ýören golaýdaky oglanjyklardan kömek sorapdyr we sagady tapan kişini sylaglajakdygyny aýdypdyr. Çagalar hem näçe jan etseler-de, barybir, sagady tapyp bilmändirler. Haçan-da daýhan sagadyny tapmakdan umydyny üzüp, gözlegini bes etmekçi bolanynda, onuň ýanyna bir oglanjyk gelip, sagady tapmak üçin özüne ýene-de mümkinçilik bermegini haýyş edipdir. Özelenip duransoň, daýhan oglanjygyň sözüni ýykmaga dözmändir. Ol oglanjygy sagady gözlemek üçin ikilenç ammara iberipdir. Az salymdan oglanjyk eli sagatly dolanyp gelende, daýhan haýran galypdyr we oglanjykdan sagady nädip tapandygyny sorapdyr. Oglanjygyň jogaby şeýle bolupdyr:

— Aslynda, men hiç zat etmedim-de, diňe ammaryň içine baryp ümsüm oturdym. Ümsümlikde bolsa sagadyň dilleriniň «jyk-jyk» edýän sesini eşitdim. Şol sesi yzarlamak bilenem, sagadyň ýerleşýän ýerini tapdym.

Durmuşyň dürli-dürli öwrümli ýollarynda hem şeýle ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Biz ýüze çykan käbir meselelere şeýle bir aljyraňňylyk bilen çemeleşýäris welin, goh-galmagaldan ýaňa çykalganyň sesini eşitmän galýarys. Hernäçe kyn ýagdaý ýüze çykanda hem asuda, arkaýyn, dury pikirler bilen has kämil çözgütleri tapmak mümkindir. Günüň dowamynda pikirleriňize birnäçe minut ümsümligi bagyş ediň we arzyly maksadyňyza ýetiň!
25
35
melhem
28 Aprel 2024
melhem
28 Aprel 2024
@smiling_, 🤍
ideallider
28 Aprel 2024
Menä ammary ýakar öýütdim. Sagat demir, galar, saman bolsa ýanar😀👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.